Rus gallasyny Türkmenbaşy portunyň üsti bilen daşamak üçin täze mümkinçilikler döredilýär
Türkmenbaşynyň halkara deňiz porty nyrh ulgamyny täzeläp, Russiýanyň galla önümlerini üstaşyr geçirmek üçin täze mümkinçilikleri döredýär.
Portuň metbugat gullugynyň habar bermegine görä, häzirki wagtda Türkmenbaşynyň halkara deňiz portunyň ýük terminalynda bugdaý, arpa we mekgejöwen ýaly dürli galla önümlerini saklamak üçin umumy kuwwaty 35...
Buenos-Aýresde harasat şäheriň esasy nyşanyna şikes ýetirdi
Argentinanyň paýtagty Buenos-Aýrese düşen harasat şäheriň esasy nyşanlarynyň birini – «Floralis Genérica» mehaniki gülüni döwdi diýip, TASS habar berdi.
Arhitektor Eduardo Katalano tarapyndan poslamaýan polatdan we alýuminden ýasalyp, şähere sowgat berlen «Floralis Genérica» 2002-nji ýylda bina edildi. Beýikligi 20 metr, agramy 18 tonna bola...
Pakistanda ilkinji gezek emeli ýagyş ulanyldy
Pakistanda ilkinji gezek emeli ýagyş ýagdyryldy diýip, «24KZ» habar berýär. Munuň üçin ýörite enjamlaşdyrylan uçarlar adatça dünýäde iň hapa howaly şäher diýlip atlandyrylýan Lahoryň etraplarynyň 10-synyň üstünden uçup geçdiler. Bu enjamlary Pakistanyň Birleşen Arap Emirliklerinden alandygy habar berilýär. Indi hünärmenler emeli ýagynyň täsirliligi...
Gyrgyzystanda döwlet baýdagy üýtgedildi
Gyrgyzystanyň Prezidenti Sadyr Žaparow döwlet baýdagynyň üýtgedilýändigi barada Kanuna gol çekdi diýip, döwlet Baştutanynyň metbugat gullugy habar berdi. Bu hakynda «Interfax.ru» ýazýar.
Täze Kanun bilen ýurduň baýdagyndaky Gün şöhleleriniň tolkun şekilli görnüşi göni şekilde üýtgedildi.
Kanuna görä, döwlet baýdagynyň şekili ýerleşdir...
Mirziýoýew ähli ýurtlar bilen hyzmatdaşlygy ösdürmäge çagyrdy
Özbegistanyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew ýurduň medeniýet we sungat işgärleri bilen duşuşdy. Onda döwlet Baştutany ähli ýurtlar bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürmäge çagyrdy diýip, «MIR 24» ýazýar.
«Biz öň öz maksatlaryny we bähbitlerini diplomatiýanyň hem-de syýasatyň üsti bilen goran dünýäniň güýçli merkezleriniň indi açyk basyş, g...
Hytaýly arheologlar ýaşy 7 müň ýyldan geçýän çüýşe tapdylar
Hytaýly arheologlar ýurduň Henan ülkesiniň Sinçžen şäherindäki Peýligan duralgasynda geçirilen gazuw-agtaryşlar wagtynda gadymy çüýşe tapdylar. Onuň azyndan 7700 ýyl ýaşy bar diýip, alymlar hasaplaýarlar. Bu barada «Sinhua» habarlar gullugyna salgylanýan «MIR 24» ýazýar.
Gabyň inçejik boýny we gitdigiçe çürelýän düýbi bar, ol bu görnüşdäki t...
«PetroChina» 2024-nji ýylda Türkmenistan—Hytaý gaz geçirijisiniň D şahasynyň gurluşygyna başlap biler
«PetroChina» 2024-nji ýylda Türkmenistan—Hytaý gaz geçirijisiniň D şahasynyň gurluşygyna başlamagy meýilleşdirýär. Bu barada 2023-nji ýylyň 21-nji dekabrynda «S&P Global» agentligi analitik Sindi Liang tarapyndan ýazylan makalada habar berdi.
Türkmenistan bilen Hytaýyň arasyndaky gepleşikleriň işjeň basgançakdadygy we iki tarapyň hem özara b...
Alymlar 2023-nji ýylda täze janly görnüşleriň 150-den gowragyny tapdylar
Kaliforniýanyň Ylymlar akademiýasynyň alymlary 2023-nji ýylda öň ylma belli bolmadyk janly-jandarlaryň 153-sini tapandyklaryny habar berdiler, olaryň hatarynda 66 möý, 20 deňiz slizenleri (mollýusklar toparyndan bolan oňurgasyz jandar), 18 ösümlik, 13 deňiz ýyldyzy, 12 hažžyk, 10 tomzak, bäş balyk, gurçuklaryň dört görnüşi, iki ary, bir deňiz ulitk...
Laplandiýada jahankeşdeler artýar
Laplandiýada jahankeşdelik möwsümi gyzyşýar diýip, «24KZ» ýazýar. Bu ýyl olaryň sany pandemiýadan öňki döwürdäkiden hem artar diýlip, garaşylýar. Laplandiýanyň medeni paýtagty Rowaniýemi şäheriniň howa menzili çakdanaşa köp adamly, sebäbi jahankeşdeleriň on müňlerçesi Täze ýyly Santa-Klausyň mekanynda garşylamak isleýärler.
Laplandiýada myhm...
«Piýa» harasaty Daniýanyň kenarlaryna müňlerçe aýakgap getirdi
Daniýanyň demirgazygyndaky suwa düşülýän ýerlerde müňlerçe aýakgap çaşyp ýatyr, olar Daniýanyň kompaniýasynyň gämisi «Piýa» harasady wagty harytly 46 sany konteýneri ýitireninden soňra peýda boldy diýip, «MIR 24» ýazýar.
Gämi Germaniýanyň Bremerhafen şäherinden Polşanyň Gdansk şäherine barýardy, 22-nji dekabrda gämi Demirgazyk deňizde ýükli...
«Türkmennebit» döwlet konserni tarapyndan ýanwar — noýabr aýlarynda 3 million tonnadan gowrak nebit gazylyp alyndy
«Türkmennebit» döwlet konserni tarapyndan 2023-nji ýylyň 11 aýynda 3 million tonnadan gowrak nebit gazylyp alyndy we bu babatdaky meýilnama 111 göterim ýerine ýetirildi. Bu barada «Türkmenistan: Altyn asyr» elektron neşiri habar berdi.
Şeýle ýokary üstünliklere «Türkmennebit» döwlet konserniniň Balkan welaýatyndaky «Gumdagnebit», «Keýmir», «...
2024-nji ýyl Azerbaýjanda Ýaşyl dünýäniň hatyrasyna raýdaşlyk ýyly diýlip yglan edildi
Azerbaýjanyň Prezidenti Ilham Aliýew ýetip gelýän 2024-nji ýyly ýurtda Ýaşyl dünýäniň hatyrasyna raýdaşlyk ýyly diýlip yglan etmek barada karara gol çekdi. Çözgüt howanyň üýtgemegine garşy göreşi güýçlendirmek maksady bilen kabul edildi.
Resminama laýyklykda, Prezidentiň edarasy bir aýyň dowamynda çäreleriň meýilnamasy barada teklipleri taýý...
Türkmenistanyň Pensiýa gaznasy telekeçilere gatançlary tölemegiň möhletleri barada ýatladýar
Türkmenistanyň Pensiýa gaznasy pensiýa gatançlarynyň tölenilmelidigini ýatladýar. Degişli bildiriş Türkmenistanyň Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministrliginiň resmi saýtynda ýerleşdirildi. Onda şeýle diýilýär:
«Hormatly telekeçiler! Türkmenistanyň Pensiýa gaznasy «Döwlet pensiýa ätiýaçlandyrmasy hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň 23-n...
Dunaý kenaryndan agyp, Budapeşti gark etdi
Dunaý derýasy kenaryndan agdy hem-de Budapeşt şäherini basdy. Sil joşmasyna geçen hepdede Wengriýa düşen çabga ýagynlary sebäp boldy diýip, «МИР 24» teleýaýlymy habar berýär.
Suw ýanýodalardan 35 santimetr ýokary galdy we 6,8 metre ýetdi.
Bilermenler ýagdaýyň has-da ýaramazlaşjakdygyny çaklaýarlar.
«Disney» «Keseki» horror filminiň esasynda çagalaryň elipbiýini döreder
2024-nji ýylyň iýulynda «Golden Books» neşirýaty «Disney» kompaniýasynyň ýardam bermeginde çagalar üçin «A Is for Alien: An ABC Book» atly elipbiýi neşir eder. Elipbiý kitaby Ridli Skottuň nusgawy «Keseki» horror filmine bagyşlanyp, ol filmiň gahrymany Ellen Ripliniň we onuň pişiginiň başdangeçirmeleri barada gürrüň berer diýip, Film.ru habar berýä...
BMG-de 2024-nji ýylyň baş wezipelerini yglan etdiler
2024-nji ýyl birek-birege ynamyň we umydyň gaýdyp geljek ýyly bolmalydyr diýip, Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretary Antoniu Guterriş özüniň Täze ýyl ýüzlenmesinde aýtdy. Onuň sözlerine görä, adamzat gapma-garşylyklarydyr agzalalyklary ýeňmek üçin tagallalaryny birleşdirmelidir.
«2023-nji ýyl ägirt uly ejirleriň, zorlugyň hem-de howa...
Porhanlar Täze ýyla ak pata berdiler
Peruwly porhanlar baýramçylyk däbini guradylar, olar ýetip gelen Täze ýyly mübärekläp, oňa ak ýol arzuw etdiler diýip, «MIR 24» ýazýar.
Ýagny jadygöýler körpeçe ýazyp, üstünde gylyçlarydyr ösümlikleri goýdular. Soňra onuň daşyndan aýlanyp, doga okadylar. Bu syrly däp jahankeşdeleri özüne çekýär. Bu gezek San-Kristobal baýrynyň üstünde geçen...
Dünýäniň ilaty 2023-nji ýylda 75 million adam köpeldi
Dünýäniň ilaty tamamlanyp barýan 2023-nji ýylda 75 million adam köpeldi, bu barada Ilat ýazuwy edarasyna salgylanýan «ABC News» habar berdi diýip, «MIR 24» ýazýar.
Täze ýylyň ilkinji gününde dünýä ilatynyň sany 8 milliard adamdan köp bolar, şeýle hem dünýäde her sekuntda 4,3 çaga dogumy we iki ölüm hasaba alnar.
BMG-niň bahalandyrmasy...
Daniýanyň Şa aýaly tiz wagtda tagtdan ýüz öwürmekçidigini yglan etdi
Daniýanyň Şa aýaly Margrete II özüniň Täze ýyl ýüzlenmesinde 2024-nji ýylyň 14-nji ýanwarynda, 52 ýyl ýurdy dolandyrandan soňra, tagtdan ýüz öwürmekçidigini yglan etdi. Ýüzlenmäniň teksti Patyşa köşgüniň saýtynda çap edildi. Şa aýalyň pikiriçe, jogapkärçiligi geljek nesle geçirmegiň wagty geldi. Bu barada «News.ru» ýazýar.
«2023-nji ýylyň fe...
Döwletliler köşgünde terbiýelenýän çagalara Täze ýyl sowgatlary gowşuryldy
Şu gün — 1-nji ýanwarda Döwletliler köşgünde Täze ýyl dabarasy geçirildi. Dabaranyň barşynda bu ýerde terbiýelenýän çagalara Prezident Serdar Berdimuhamedowyň hem-de türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyndan baýramçylyk sowgatlary gowşuryldy. Munuň özi bagtyýar çagalaryň baýramçylyk...