Nury Halmämmedowa bagyşlanjak festiwalyň senesi belli edildi
Şu ýylyň 18 — 21-nji iýuny aralygynda Aşgabat şäherinde «Nury Halmämmedowyň sazy — döwürleriň öçmejek mukamy» atly festiwal geçiriler. Bu festiwal görnükli türkmen kompozitorynyň 80 ýyllyk ýubileýine bagyşlanar.
Umuman, Nury Halmämmedowyň ýubileýi mynasybetli dabaralar halkara derejesinde geçirilýär. Ýakynda kompozitoryň bilim ojagy bolan Ru...
Çagalar-baldan süýji balalar
Garaşsyz, hemişelik Bitarap ýurdumyzyň bagtyýar nesilleri. Bular biziň ýaşaýşa dowamat berýän perzentlerimizdir. Ýaş nesiller gözlerimiziň guwanjy, başymyzyň täji-ata Watanymyzyň geljegidir. Türkmen halkynyň çaga bolan söýgüsi örän çuňdandyr, mähir-muhabbete ýugrulan, duýgy bilen eýlenendir. Ata-babalarymyz özleriniň geljeginiň häzirki ýaşlara, ind...
Türkmen halysy – gözelligiň nusgasydyr
Türkmen halky özüniň milli gymmatlyklaryny başynyň täji saýýar. Şolaryň hatarynda ene-mamalarymyzyň yhlas paýhasyndan, mähir-muhabbetinden dörän haly önümçiligi asyrlar dowamynda nesilden-nesle geçip her eýýamda öz döwründen gürrüň berýän nagyşlar bilen baýlaşyp, deňi-taýy bolmadyk ajaýyp sungata öwrülip barýar. Ol özüniň ajaýyplygy hem-de inçe sen...
Galla oragyna batly gadamlar
“Supradaky nan-aýdym hem mukam” diýip, mukaddes çörege egsilmez söýgi bilen garaýan halkymyzyň duz-tagama bolan hormatyny galla bolçulygyny döredýän zähmetkeş babadaýhanlara goýýan hormatyndan, mukaddes çörege bolan çäksiz sarpasyndan gaýdýan gözbaşdyr.
Altyn güýzde “Bir dänäm müňlesin” diýip ak sakgal gojalarymyzyň “Bissimillasy” bi...
TÜRKMEN ÝAŞLARY - HALKARA OLIMPIADANYŇ ÝEŇIJILERI
2018-nji ýylyň maý aýynyň 21-27-si aralygynda Hindistan Respublikasynyň Deli şäherinde biologiýa, himiýa, fizika, matematika dersleri boýunça 7-nji Halkara Amity olimpiadasy geçirildi. Bu bäsleşige jemi 13 döwletden: Hindistan Respublikasy, Owganystan Yslam Respublikasy, Gazagystan Respublikasy, Täjigistan Respublikasy, Gyrgyzystan Respublikasy...
Wsem priwet!!!!!
Wsem priwet kak delishki barmay sizem yitdinizlay baryn???? Kim kim name name aydyp otyryn bakaly.
Türkmen halysynyň we dokma senagatynyň işgärleriniň gününiň hormatyna dabaralar
Ýurdumyzda şanly sene — Türkmen halysynyň we dokma senagatynyň işgärleriniň güni giňden hem-de dabaraly bellenilýär. Halkymyzyň özboluşly däplerinden başlanýan haly we dokma işiniň ussatlaryny sylaglamak dabaralary pudagyň işgärlerine çuňňur hormat-sarpanyň nyşanyna öwrüldi, çünki olaryň zehini hem-de joşguny bilen ata-babalarymyzyň özboluşly meden...
Kitaptm.com
kitaptm.com saýtynda "Ýaşyl Ýaprak" toparynyň ýygyndy kitaplary hem-de hyzmatlary hödürlenýär.
Biziň "Ýaşyl Ýaprak" toparymyz tarapyndan, resmi telekeçilik işimiziň görnüşine laýyklykda şu aşakdaky hyzmatlary Size hödürleýäris:
1. Biznes Planlary, ýagny iş meýilnamalary, önümçilik taslamalary, önümiň özüne düşýän gymma...
Bagtyýar geljege ýagty ýol
Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwrüniň ýaş nesilleriniň soňky jaň dabarasy her ýylyň maý aýynyň 25-inde ajaýyp şäherimiz Aşgabat şäheriniň güni bilen bile bellenilýär. “Türkmenistan-Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi” diýlip yglan edilen ýylda şu mynasyp at bilen geçiriljek soňky jaň dabarasy uly baýramçylyk hökmünde ähli bilim ojaklarynda dabaralanýar.<...
Dürler hazynasy
Türkmen halkynyň gözbaşyny örän gadymy döwürlerden alyp gaýdýan, baý edebi milli mirasy bar. Ata-babalarymyz milletiň edep kadalaryny, terbiýe ýörelgelerini işläp düzüp, olary parasatly, ganatly sözlere, nakyllara we atalar sözlerine, şygyr setirlerine siňdiripdirler. Olar tutuşlygyna diýen ýaly edep-terbiýä ýugrulan. “Çaga eziz, edebi ondan he...
Aziýanyň merjen şäheri
Aşgabat – türkmen döwletiniň ýüregi, ýüzüniň tuwagy! Türkmen halkynyň guwanjy, mertebesi hem buýsanjy! Aşgabat - Aziýanyň merjen şäheri!
Aşgabat gaýtalanmajak gözelligi, özboluşly hem täsin desgalary bilen göreni haýrana goýýar. Paýtagtymyzyň keşbi, ösüşi bütin ýurdumyzyň keşbi, ösüşi bolup durýar. Aşgabadyň gözelliginden, abadançylygyndan,...
GALAMDAŞ line akkaundynyň web saýty açyldy
Salawmaleýkim talyplaryň ulanyjylary. Sizi line-däki galamdaş akkaundynyň web saýtyna çagyrýarys. Artykmaç zatlary ýazyp oturman, saýtyň linkini beräýeýin:
http://galamdas.ml
Lebap welaýatynyň administratiw merkezinde gök-miwe önümleri saklanylýan iri sowadyjy toplum guruldy
Türkmenabat şäheriniň günortasynda birbada 3 müň tonna gök-miwe önümleri saklanylýan sowadyjy toplum işe girizilmäge taýýarlanylýar. “Lebapmiwe” welaýat obasenagat birleşiginde habar berlişine görä, täze desganyň gurluşyk-oturtma we işe goýberiş- sazlaýyş işleri umuman tamamlandy, eýýäm iýun aýynda gök-miwe, bakja önümleriniň, üzümiň täze hasyly am...
Türkmenistan ählumumy maglumatlar ulgamyna goşulýar
Ýakynda «Russia Today» halkara teleýaýlymynyň topary Türkmenistanda boldy. Munuň özi türkmen kärdeşleri bilen maglumat alyşmagyň mümkinçiliklerini, hyzmatdaşlyk hakyndaky resminamanyň taslamasyny işläp taýýarlamak bilen baglanyşykly sapara öwrüldi. Russiýaly žurnalistleriň pikirine görä, häzirki döwürde bu ugruň uly geljegi bardyr.
S...
Agyr atletika çempionaty boýunça öňde duran wezipeler IWF bilen birlikde amala aşyrylýar
22-nji maýda geçirilen Hökümetiň ýörite mejlisinde sport we ýaşlar syýasaty ministri D.Gulgeldiýew hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa şu ýylyň güýzünde Aşgabatda Agyr atletika boýunça dünýä çempionatyny geçirmäge görülýän taýýarlyk barada hasabat berdi.
Bellenilişi ýaly, Türkmenistanyň Prezidentiniň “2018-nji ýylda Aşgabat şäh...
Bank ulgamyndaky ösüşler
Milli puluň hümmetini durnukly derejede saklamak, töleg ulgamyny dünýäniň ösen döwletleriniň derejesinde guramak, ilatyň erkin pul serişdelerini bank ulgamyna möhletli we möhletsiz goýum görnüşinde çekmek babatynda anyk çäreler durmuşa geçirilýär. Türkmenistanyň Merkezi banky Türkmenistanyň bank ulgamy üçin zerur hukuk şertlerini we kepilliklerini...
Astrahan oblastynda Türkmenistanyň Prezidentiniň sowgady bolan Magtymguly Pyragy adyndaky mekdep açyldy
18-nji maýda ýurdumyzda Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň gününiň bellenýän wagty bu şanly senä bagyşlanan dabaraly çäreler daşary ýurtlarda hem geçirildi. Şeýle wakalaryň biri Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň güýji bilen Russiýa Federasiýasynyň Astrahan oblastynyň Priwolžsk raýonynyň Funto...
Türkmenistanyň Prezidentiniň adyndan Döwletliler köşgündäki çagalara sowgatlar gowşuryldy
18-nji maýda Döwletliler köşgünde baýramçylyk çäresi geçirildi. Onda bu ýerde terbiýelenýän çagalar hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyndan hurmadan taýýarlanan nygmatlary sowgat aldylar.
Çärä gatnaşanlaryň belleýşi ýaly, hut döwlet Baştutanymyzyň üstünlikli ýöredýän durmuş ugurly syýasaty Türkmenistanyň bütin dünýäde aba...
Türkmenistanyň Prezidenti agzaçar sadakasyny berdi
18-nji maýda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow paýtagtymyzyň “Halk hakydasy” ýadygärlikler toplumynda ýörite taýýarlanan ýerde mukaddes Oraza aýynyň başlanmagy mynasybetli agzaçar sadakasyny berdi.
Döwlet Baştutanymyz bu ýere ýygnananlar bilen salamlaşyp, sadaka gatnaşyjylary we ähli mähriban halkymyzy bu ajaýyp baý...
Garold Neýmark öz 80 ýaş toýuny we skripkaçylar toparynyň 40 ýyllygyny sungat muşdaklarynyň arasynda garşylady
Magtymguly adyndaky Sazly-drama teatrynda Türkmenistanyň halk artisti Garold Neýmarkyň 80 ýaşynyň dolmagy we “Mukam” skripkaçylar toparynyň döredilmeginiň 40 ýyllygy mynasybetli konsert boldy.
Konsertden öň bolan söhbetdeşligimizde Garold Isaakowiç 60 ýyl mundan ozal 20 ýaşly gür buýra saçly ýigit wagty Odessanyň ýörüte orta sazçylyk...