Iki sany derman serişdesi syçanlaryň ömrüni 30% uzaltdy. Indiki synag adamlarda

Maks Plank Jemgyýetiniň Garramagyň biologiýasy institutynda (Germaniýa) syçanlarda birnäçe synag geçirip gördüler. Barlagçylar rapamisin bilen trametinibiň birleşmeginiň haýwanlaryň ömrüni takmynan 30% uzaldýandygyny anykladylar. Bu barada Nature Aging žurnalynda çap bolan makala salgylanýan EurekAlert ýazýar.
Dermanlaryň her biriniň aýratyn...

Dowamy »

119 0
Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 5 months ago

Porsche gyssagly ýagdaýda we düşündiriş bermezden Beýik Britaniýada Taycan modelini satuwdan aýyrdy

Porsche Beýik Britaniýada 2019-2023-nji ýyllarda çykan Taycan-yň ähli ulanylan modelleriniň satuwyny togtatdy. Dilerler öndürijiniň ulagyň haýal etmän satuwdan aýrylmagy barada gyssagly buýruk berendigini aýtdy. Sebäp resmi taýdan aýan edilmedi.
Çak edilişine görä, munuň howpsuzlyk bilen bagly bolmagy mümkin.
Çeşmeleriň berýän magluma...

Dowamy »

211 0
Tehnologiýa, Ata Watan tarapyndan 5 months ago

Ýapon alymlary islendik adama dogry geljek emeli gany synagdan geçirýärler

Ýaponiýada emeli ganyň kliniki synaglaryna başlamaga taýynlanýarlar. Professor Hiromi Sakainiň ýolbaşçylygyndaky Nara lukmançylyk uniwersitetiniň hünärmenler toparynyň işläp taýýarlamasy, esasanam, adatdan daşary ýagdaýlarda we uzak sebitlerde donor ganynyň ýetmezçiliginiň meselesini çözüp biler.
Emeli gan gorag gabygyna ýerleşdirilen möhlet...

Dowamy »

125 0
Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 5 months ago

Volkswagen-iň ulagdan hem has geçginli önümi bar - ol şöhlat

Volkswagen-iň iň geçginli önümi awtoulag däl-de, karriwurst, ýagny 1973-nji ýylda zawodyň işgärleri üçin iýmit hökmünde peýda bolan etden edilen şöhlatdyr.
Häzirki wagtda bu ýörgünli önümdir: 2024-nji ýylda kompaniýa şeýle şöhladyň 8,6 millionyny, awtoulagyň bolsa 5,2 millionyny satdy.
Şeýle isleglidigine esaslanyp, kompaniýa 2025-nji...

Dowamy »

111 0
Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 5 months ago

"Men begenjimden aglaýan" diýýän Teýlor Swift ilkinji albomlaryna hukugy satyn aldy

Amerikaly aýdymçy Teýlor Swift özüniň ilkinji alty albomynyň master-ses ýazgylaryny (soň albomlaryň nusgalary alynýan asyl ses ýazgylary) satyn aldy. Ol muny resmi web sahypasyndaky hatynda mälim etdi.
Aýdymçy "Munuň hakykata öwrülendigini bilenim bäri, wagtal-wagtal begenjimden aglaýardym. Men munuň bolup biljek zatdygy barada pikir etmekde...

Dowamy »

114 0
Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 5 months ago

Tagtabitler şäherleriň peýda bolmagy bilen 8000 ýyl ozal ýaýrapdyr

Düşek tagtabitleri 100 million ýyl mundan ozal, adamlar peýda bolmanka ýüze çykypdyr. Olar dinozawrlary ýok eden betbagtçylykdan aman galypdyrlar we uzak wagtlap näbelli haýwanlaryň gany bilen iýmitlenipdirler. Soňra ýarganatlaryň we irki adamlaryň bedeninde parazitlik edip başlapdyrlar.
Halkara entomologlar we biologlar topary bu görnüşiň ö...

Dowamy »

108 0
Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 5 months ago

Samsung smartfonlary öz güýji bilen çykarýan ýeke-täk öndüriji bolup galdy

Sony kompaniýasy özbaşdak smartfon önümçiliginden gutarnykly ýüz öwrüp, bu işi beýleki kompaniýalara tabşyrdy. Ozal ol arzan we orta modelleri autsorsinge beripdi, indi bolsa gymmat flagmanlar, mysal üçin, Sony Xperia I VII hem Sony-nyň zawodlarynda ýygnalmaz. Ýöne, çeşmeleriň maglumatlaryna görä, bu çözgütden smartfonlaryň hili zyýan çekmedi.

Dowamy »

131 0
Tehnologiýa, Ata Watan tarapyndan 5 months ago

SpaceX kompaniýasy 2025-nji ýylda öz uçuş rekordyny täzelär

ABŞ-nyň SpaceX kosmos kompaniýasy 2025-nji ýylda rekord mukdarda orbital uçuş ýerine ýetirmegi meýilleşdirýär. Bu barada ABŞ-nyň Kosmos güýçleriniň milli howpsuzlyk maksatlary («NSSL») üçin uçuşlar maksatnamasynda kompaniýanyň gatnaşygyny utgaşdyrýan SpaceX bölüminiň ýolbaşçysy Enn Meýson habar berdi.
«Ýylyň ahyryna çenli 170 uçuş amala aşyr...

Dowamy »

120 0
Tehnologiýa, Ata Watan tarapyndan 5 months ago

«28 ýyl soň» filmi bir wagtda 20 sany iPhone-da surata düşürildi

Britaniýaly režissýor Denni Boýl «28 ýyl soň» («28 Years Later») horror filmini surata düşürmek üçin düýpgöter täze usuldan peýdalanypdyr. Filmiň käbir esasy sahnalary dürli ýerlere ýerleşdirilen şol bir wagtda 20-ä çenli iPhone smartfonynyň kömegi bilen surata düşürilipdir. Bu barada «IGN» habar berýär.
Filmiň döredijileri toparlaýyn düşüri...

Dowamy »

233 0
Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 5 months ago

Aşgabatda geçirilen «Parahatçylyk we ynanyşmak marafonyna» 517 adam gatnaşdy

31-nji maýda Türkmenistanyň paýtagtynda üstünlikli geçen «Parahatçylyk we ynanyşmak marafony» Ýewropa Bileleşiginiň Türkmenistandaky wekilhanasy, Türkmenistanyň Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komiteti hem-de Aşgabat şäheriniň häkimligi tarapyndan 2025-nji ýylyň Ýewropa güni mynasybetli guraldy. Köpçülikleýin sport çäresine 517 adam gatnaşdy....

Dowamy »

117 0
Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 5 months ago

Finlýandiýada gadymy rus galasy 1 ýewro satyldy

Finlýandiýanyň Kotka şäherinde ýerli hökümet Senaatti-kiinteistöt döwlet kompaniýasyndan gadymy Kýuminlinna (Kýumenegorod) galasyny satyn aldy. Şertnamanyň bahasy simwoliki 1 ýewro boldy. Öňki eýesi çykdajysynyň aşa köpdügi sebäpli emlägi saklamakdan ýüz öwürdi diýip, RBK ýazýar.
Gala 1792–1793-nji ýyllarda rus serkerdesi Aleksandr Suworowyň...

Dowamy »

121 0
Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 5 months ago

Kia täze EV3 elektroulagynyň hatyrasyna XCeed krossowerini önümçilikden aýrar

Kia kompaniýasy ykjam XCeed krossowerini ýygnamagy bes etmek kararyna geldi. Bu model üstümizdäki ýylda önümçilikden aýrylar. Munuň sebäbi, elektrik ulaglary segmentinde markanyň strategiýasynyň möhüm bölegine öwrüljek täze Kia EV3 elektrik ulagyny satuwa çykarmak ugrundaky taýýarlyklar bilen baglanyşykly.
XCeed 2019-njy ýyldan bäri goýberil...

Dowamy »

194 0
Tehnologiýa, Ata Watan tarapyndan 5 months ago

Alymlar derini, süňkleri we beýleki dokumalary 3D bio çap etmek üçin täze materiallary döretdiler

N.I.Lobaçewskiý adyndaky Milli barlag Nižegorod döwlet uniwersitetiniň himikleri (UNN) derini, süňkleri, gan damarlaryny we beýleki dokumalary 3D bio çap etmek üçin material döretdiler. Bu barada uniwersitetiň metbugat gullugy habar berdi.
Täze material tebigy polimer hitozana we polikaprolakton termoplastigine esaslanýar. Ol bio oňşukly, tä...

Dowamy »

179 0
Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 5 months ago

Ronaldinýo «Rematch» futbol simulýatorynyň ilçisi boldy

Meşhur braziliýaly futbolçy Ronaldinýo täze «Rematch» futbol simulýatorynyň ilçisi boldy. Ol oýny döreden studiýanyň edarasyna baryp, simulýatory hut özi synap gördi.
Taslamanyň topary Ronaldinýonyň saparyndan wideo paýlaşdy. Wideoda ol oýun baradaky täsirlerini gürrüň berýär.
Oýnuň döredijileri meşhur futbolçynyň saparynyň tutuş stud...

Dowamy »

188 0
Sport, Ata Watan tarapyndan 5 months ago

Ştrausyň «Mawy Dunaý» walsy kosmosa iberiler

Ýewropa kosmos agentligi (ESA) esaslandyrylmagynyň 50 ýyllygyny kompozitor Iogann Ştrausyň doglan gününiň 200 ýyllygy bilen bilelikde bellemäge karar berdi. Bu iki möhüm senäniň hormatyna, meşhur kompozitoryň «Ajaýyp mawy Dunaýda» atly walsy radiosignal görnüşinde kosmosa iberiler diýip, «Phys.org» habar berýär.
2025-nji ýylyň 31-nji maýynda...

Dowamy »

192 0
Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 5 months ago

Apple iPhone-laryň dizaýnyny indi her ýyl täzelär: iPhone 17, 18 we 19 nähili bolar?

Apple indi iPhone-laryň daşky görnüşini ownuk üýtgeşmeler bilen däl-de, her ýyl has uly özgertmeler bilen täzeläp başlar. Bu barada komponent üpjünçilik zynjyryndaky çeşmelere salgylanyp, Digital Chat Station insaýderi habar berdi.
Täzelenmeler öňümizdäki güýzde çykmagyna garaşylýan iPhone 17 bilen başlar. Aýratyn üýtgeşmeler Pro modellerind...

Dowamy »

129 0
Tehnologiýa, Ata Watan tarapyndan 5 months ago

Uill Smit aýdym-saz syýahatyna çykar we bile düşen suraty üçin janköýerlerinden 550 dollar alar

Aktýor we sazanda Uill Smit özüniň Based on a True Story atly täze albomyny goldamak üçin aýdym-saz syýahatyna çykýandygyny habar berdi. Daily Mail-iň habar bermegine görä, artist Beýik Britaniýanyň şäherlerinde, şol sanda Londonda, Skarboroda we Wulwerhemptonda çykyş eder.
Konsertiň petekleriniň bahasy 82 dollardan başlaýar. Şeýle-de, jankö...

Dowamy »

192 0
Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 5 months ago

Ispaniýada adam barmagynyň iň gadymy yzy tapyldy

Ispan arheologlary San-Lasaro gowagynda (Ispaniýa) adamyň ýüzüni ýada salýan uzyn daş tapdylar. Daşyň edil ortasynda, ähtimal, burny aňladýan gyzyl nokat bar. Geçirilen seljermeler bu nokadyň ohra (gyzylymtyl tebigy mineral boýag) batyrylan barmak bilen goýlandygyny görkezdi. Bu bolsa ony häzirki wagta çenli adam barmagynyň bize mälim bolan iň gady...

Dowamy »

115 0
Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 5 months ago

Aşgabatda 300 çaga Çagalary goramagyň halkara güni mynasybetli küştdepdi tansyny ýerine ýetirdi

1-nji iýunda – Çagalary goramagyň halkara güni mynasybetli Aşgabatda "Älem" medeni-dynç alyş merkeziniň öňündäki meýdançada 300 çaga däp bolan küştdepdi tansyny ýerine ýetirdi.
Bu çäre ÝUNISEF-iň Türkmenistandaky wekilhanasy tarapyndan Medeniýet ministrligi, Bilim ministrligi, Adalatçynyň diwany we Türkmenistanyň telewideniýe, teleradiogeple...

Dowamy »

187 0
Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 5 months ago

Çaganyň tomus dynç alşyny nädip peýdaly geçirmeli? Aşgabatdaky Kikboks zaly türgenleşiklerine çagyrýar

Çaganyň tomusky dynç alyş möwsümini nädip hem peýdaly, hem gyzykly geçirmeli? Sport ýerine düşen çözgüt bolup biler.
Aşgabatda Olimpiýa şäherçesinde ýerleşýän Kikboks zaly 6 ýaşdan 18 ýaşa çenli çagalary we ýetginjekleri sportuň bu görnüşi boýunça türgenleşiklere ýazylmaga çagyrýar.
Kikboks türgenleşikleri:
Fiziki işjeňligi, ti...

Dowamy »

113 0
Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 5 months ago