1-nji iýunda – Çagalary goramagyň halkara güni mynasybetli Aşgabatda "Älem" medeni-dynç alyş merkeziniň öňündäki meýdançada 300 çaga däp bolan küştdepdi tansyny ýerine ýetirdi. Bu çäre ÝUNISEF-iň Türkmenistandaky wekilhanasy tarapyndan Medeniýet ministrligi, Bilim ministrligi, Adalatçynyň diwany we Türkmenistanyň telewideniýe, teleradiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komiteti bilen hyzmatdaşlykda geçirildi. "Küştdepdi – bu diňe tans däl. Bu – agzybirligiň, bagtyýarlygyň we umumy şatlygyň gurşawy. Biz çagalar üçin şeýle parahat we bagtly dünýä döretmegi arzuw edýäris. Bu möhüm günde biz her bir çaganyň hukuklaryny – ösüşe, arzuw etmäge, gülläp ösmäge we eşidilmäge bolan hukugyny belleýäris" diýip ÝUNISEF-niň Türkmenistandaky wekiliň orunbasary Aleksandr Nartea çykyşynda nygtady. ÝUNISEF-niň metbugat beýanatyna laýyklykda, bu çykyş 1-nji iýunda “Ýaşlyk” teleýaýlymy arkaly görkeziler we guramanyň Türkmenistandaky sanly platformalarynda ýerleşdiriler. Şeýle-de, baýramçylykdan öň ÝUNISEF Adalatçynyň diwany bilen bilelikde Çaganyň hukuklary we Çaganyň hukuklary baradaky Konwensiýa hakynda maglumat beriji kampaniýa geçirdi. Bu çäreleriň çäklerinde 170-den gowrak okuwçy döredijilik sapaklaryna we interaktiw sessiýalara gatnaşdy. Olar tanslaryň, oýunlaryň we pikir alyşmalaryň üsti bilen öz hukuklary bilen tanyşdylar.