Apple güýzde M5 çipli MacBook Pro noutbugyny hödürlär
Apple kompaniýasy şu ýylyň güýzünde täze nesil Apple M5 çibi bilen MacBook Pro noutbugyny hödürlär, 2026-njy ýylyň birinji ýarymynda bolsa bu prosessor täzelenen iPad Pro planşetlerinde peýda bolar diýip, Bloomberg-iň žurnalisti Mark Gurman habar berýär.
Ýatlap geçsek, Apple ilkinji gezek özüniň Apple M4 çibini 2024-nji ýylyň maý aýynda täze...
Xiaomi öz smartfonlaryna DeepSeek neýroulgamyny goşar
Xiaomi kompaniýasy Hytaýyň DeepSeek çat-botuny öz smartfonlaryna goşmagy meýilleşdirýär. Häzirki wagtda öndüriji Xiao AI ses kömekçisiniň DeepSeek-R1 neýroulgam modeli bilen laýyklygyny barlaýar diýip, XiaomiTime portaly habar berýär.
Dil modeli ulanyjylara ses buýruklarynyň kömegi bilen EA funksiýalaryny ulanmaga mümkinçilik berýän HyperOS...
Taryhda ilkinji gezek Mişlen ýyldyzyny wegan restorany aldy
Plates London restorany Mişlen baýragynyň taryhynda ýyldyz alan ilkinji wegan restorany (haýwan etini iýmit hökmünde ulanmazlyk) boldy. Ýyldyz Mişlen gollanmasynyň 125 ýyllygy mynasybetli Glazgoda geçirilen dabarada gowşuryldy diýip, The Independent neşiri habar berýär.
Bu dabarada 22 sany täze restoran özüniň ilkinji Mişlen ýyldyzyny aldy:...
Kia kompaniýasy Tasman modeli bilen pikap bazaryna girýär
Kia kompaniýasy «IDEX 2025» sergisinde ilkinji pikap ulagy bolan Tasman-y resmi taýdan tanyşdyrdy. Mundan öň sedanlary we krossowerleri bilen tanalýan brend indi model hataryny giňeldýär diýip, «32Cars.ru» habar berýär.
Kia Mohave ulagyndan ylham alnyp işlenip düzülen Tasman, kyn şertlerde sürmek üçin niýetlenendir. Ol hem işde ulanmaga, hem...
Google Chrome ulanyjylaryň ygtybarsyz saýtlardan we wiruslardan goragyny güýçlendirdi
Google Chrome-yň işläp düzüjiler topary brauzere Enhanced Protection emeli aň funksiýasyny goşdy. Bu funksiýa ulanyjylaryň howply saýtlardan, ýüklemelerden we giňeltmelerden goragyny üpjün edýär. Safe Browsing ulgamynyň bir bölegi bolan bu funskiýa Canary kanalynda üç aý synag edilenden soň ähli platformalarda elýeterli boldy. Ýöne ol işjeň ulanyla...
Hytaýyň awtoulag kompaniýalary 2024-nji ýylda satuwy ep-esli artdyrdy
Geçen ýylyň jemi boýunça dünýäniň iň uly awtoöndürijileriniň arasynda hytaý kompaniýalary öz satuwyny ep-esli artdyrmagy başardy. Uly ösüşi, esasan, BYD Auto we Geely Holding konsernleri görkezdi diýip, açyk maglumatlara salgylanyp, RIA Nowosti habar berýär.
Geçen ýyl bu iki kompaniýa satuw boýunça öz rekordlaryny goýdy. BYD Auto 4,52 millio...
Vivo V50 flagmany tanyşdyryldy: öz synpynyň iň ýuka smartfony
Vivo täze flagman V50 smartfonyny hödürledi. Täze model diýseň ýuka korpusy, uly batareýasy we ýokary derejeli aýratynlyklary bilen tapawutlanýar.
Smartfon tehniki aýratynlyklary boýunça öňküsinden kän bir tapawutlanmaýar. Şeýle-de bolsa täze modeliň has täsirli we özüne çekiji dizaýny bar: korpusynyň galyňlygy bary-ýogy 7,39 mm, ekranynyň g...
Serdar Berdimuhamedow welaýatlarda oba hojalyk işleriniň barşy bilen gyzyklandy
17-nji fewralda Prezident Serdar Berdimuhamedow wise-premýer T.Atahallyýewiň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzyň oba hojalyk toplumynda hem-de welaýatlarynda alnyp barylýan işler bilen baglanyşykly meselelere garaldy. Bu barada "Watan" habarlar gepleşiginde habar berilýär.
Maslahatyň dowamyn...
Serdar Berdimuhamedow diplomatlary hünär baýramçylygy bilen gutlady
Şu gün, 18-nji fewralda ýurdumyzda Türkmenistanyň diplomatik işgärleriniň güni bellenilip geçilýär. Baýramçylyk mynasybetli Türkmenistanyň diplomatik gullugynyň işgärlerini Prezident Serdar Berdimuhamedow gutlady. Gutlag haty metbugatça çap edildi.
Döwlet Baştutanynyň belleýşi ýaly, Türkmenistanyň milli bähbitlerini goramak, ýurdumyzyň dünýä...
Russiýa Starlink-e bäsdeş bolmakçy: 2027-nji ýyla çenli hemralaýyn internet ulgamy işe giriziler
Russiýa 2027-nji ýyla çenli öz hemralaýyn internet ulgamyny işe girizmegi meýilleşdirýär. Bu barada žurnalistlere wise-premýer – RF-iň hökümet diwanynyň ýolbaşçysy Dmitriý Grigorenko habar berdi diýip, TASS belleýär.
“Häzirki günde şeýle tehnologiýalar bilen meşgullanýan birnäçe ýurt bar. Taslama durmuşa geçirmek tapgyrynda, 2030-njy ýyla çe...
Blue Origin "New Glenn" raketasynyň meselesini düzedip, ikinji uçuşa taýýarlanýar
Blue Origin ýanwar aýynda birinji basgançagynyň gonuşy bilen bagly şowsuzlykdan soň, New Glenn raketasyny ikinji gezek uçurmaga taýýarlyk görýär. Kompaniýa näsazlygy düzetdi we ýazyň ahyrynda gaýtadan uçurmagy göz öňünde tutýar diýip, baş direktor Deýw Limp täjirçilik kosmos konferensiýasynda aýtdy. Bu barada Spacenews ýazýar.
Limpiň sözleri...
295 mln oýunçy: Epic Games Store geçen ýylky netijeleri we şu ýyl üçin meýilnamalary bilen paýlaşdy
2024-nji ýylda Epic Games Store (EGS) ulanyjylarynyň sany 295 milliona ýetdi. Sanly dükanyň administrasiýasynyň fewral aýyndaky hasabatyna görä, bu görkeziji 2023-nji ýylda 270 milliondy.
Epic-iň köp platformaly hasaplarynyň jemi sany 898 milliona (geçen ýyl 804 mln) ýetdi. Gündelik iň ýokary onlaýn oýunçy sany 37,2 million (36,1 mln), aýlyk...
YouTube dizaýnyndaky gyzyl reňki üýtgetdi: ol TW ekranynyň “ýanmagyna” getirýärdi
YouTube dizaýnyndaky gyzyl reňki üýtgetdi. Munuň sebäbi 2017-nji ýyldan bäri ulanylýan öňki reňk bilen baglanyşykly birnäçe meseleler boldy – ol has ýiti bolup, telewizorlaryň ekranlaryny zaýalaýardy. Täze dizaýny YouTube wekilleri resmi taýdan tassyklady.
Wideohosting dizaýny geçen ýylyň ahyrynda täzeledi, ýöne munuň sebäpleri diňe häzir be...
GTA 6-nyň kompýuterde çykjak senesi mälim edildi
Corsair kompaniýasynyň baş direktory we esaslandyryjysy Endrýu Pol geýmerleriň köp garaşan Grand Theft Auto 6 oýnunyň 2025-nji ýylyň güýzünde PlayStation 5 we Xbox Series X / S konsollarynda çykyp biljekdigini, birnäçe aýdan soň bolsa kompýuterde peýda boljakdygyny çaklady. Emma bu çaklama içerki maglumatlara esaslanýarmy ýa-da diňe çaklamamy, anyk...
Günde güýçli alawlama hasaba alyndy
Duşenbe güni, 17-nji fewralda Günde M derejeli güýçli alawlama bolup geçdi. Bu barada Amaly geofizika institutyna salgylanyp, TASS habar berýär.
16 minut dowam eden M1.1 alawlamasy Aşgabat wagty bilen 20:13-de 3992 tegmiller toparynda (S05W75) hasaba alyndy.
Gün alawlamalary rentgen şöhlelenmesiniň güýjüne esaslanyp bäş synpa bölünýär...
Curiosity roweri Marsda adaty bolmadyk hadysany - köp reňkli mezosfera bulutlaryny surata aldy
Curiosity mars roweri Marsda seýrek atmosfera hadysasyny, ýagny doňan kömürturşy gazynyň kümüşsöw bulutlaryny surata aldy. 2025-nji ýylyň 17-nji ýanwarynda NASA-nyň Geýla kraterinde ýerleşýän apparaty Mastcam kamerasyny ulanyp, Gün ýaşandan soň, asmany yzygider surata aldy.
Mars roweri Gün ýaşandan soň 16 minutyň dowamynda asmanyň şekillerin...
Uber taksi hyzmaty Tesla robotaksi ulgamynda hyzmatdaş bolmagy teklip edýär
Uber-iň baş direktory Dara Hosrowşahi Tesla robotaksi ulgamynda hyzmatdaşlyk etmegi teklip edýär. Ol Ilon Maskyň kompaniýasynyň girdejisini artdyryp biljekdigine ynanýar, sebäbi Uber platformasyny ulanmak has köp müşderi jemlemäge mümkinçilik berer diýip, Business Insider habar berýär.
"Stratechery" portaly bilen geçirilen söhbetdeşlikde Hos...
Türkmenistanda hepdelik howa maglumaty: hepdäniň başynda we ahyrynda gar gatyşykly ýagyş ýagar şu gün 08:24
Türkmenistanyň Gidrometeorologiýa baradaky gullugy ýurdumyzda şu hepdäniň dowamynda boljak howanyň ýagdaýy barada maglumat berdi.
Aşgabatda üýtgäp durýan bulutly howa bolup, hepdäniň başynda we ahyrynda gar gatyşykly ýagyş ýagar. Günorta-gündogardan demirgazyk-günbatara ugruny üýtgedýän, tizligi sekuntda 10 — 13 metrden 14 — 16 metre ýetýän...
Apple 15 aýlyk arakesmeden soň X sosial torunda mahabat ýerleşdirip başlady
Apple kompaniýasy iki ýyldan gowrak wagtdan soň ilkinji gezek X sosial torunda mahabat ýerleşdirip başlady. Kompaniýa 2023-nji ýylyň noýabr aýynda platformadaky marketing işlerini togtadypdy diýip, «MacRumors» portaly ýazýar.
«MacRumors» portalynyň bellemegine görä, X sosial torunda Safari brauzeriniň gizlinlik aýratynlyklary barada Apple-yň...
Taryhda ilkinji gezek kosmodrom şäher bolmaga dalaş edýär: gürrüň SpaceX-iň Starbase-i barada gidýär
Ilon Maskyň SpaceX kompaniýasyna degişli bolan Starbase kosmodromy Tehasda şäher adyny alyp biler. Kemeron okrugynyň kazysy degişli çözgüt kabul etmek üçin kompaniýanyň işgärleri tarapyndan berlen saýlaw geçirmek baradaky haýyşy tassyklady.
Eger teklip edilýän şäher zolagyndaky saýlawçylar 3-nji maýdaky saýlawlarda bu pikiri goldasalar, kosm...