Londonyň “Çelsisi” 2025-nji ýylyň Klublaýyn dünýä çempionaty ýaryşynyň ilkinji finalçysy boldy. Ol ýarym finalda Braziliýanyň “Fluminense” toparyny 2:0 hasabynda utdy. Oýun Ist-Raterforddaky (ABŞ) “Metlaýf” stadionynda geçirildi. Gollaryň ikisini-de “Çelsiniň” braziliýaly täze oýunçysy Žoao Pedro (18-nji we 56-njy minutlar) geçirdi. Onuň üçin bu “Çelsiniň” düzüminde ilkinji oýun boldy. Bellemeli ýeri, Pedro “Fluminenseniň” ýetişdiren oýunçysy bolandygy üçin, ol öz klubuna hormat goýmagyň nyşany hökmünde gollaryny baýram etmedi. “Çelsi” üçin bu taryhda Klublaýyn dünýä çempionatynyň üçünji finaly boldy. 2012-nji ýylda topar aýgytly oýunda Braziliýanyň “Korintians” toparyndan utuldy (0:1), 2021-nji ýylda bolsa “Palmeýrasdan” üstün çykdy (2:1). “Çelsiniň” finalda garşydaşy 9-njy iýulda Madridiň “Realy” bilen “Pari Sen-Žermeniň” arasynda kesgitlener. Ýaryşyň finaly 13-nji iýulda Ist-Raterfordda geçiriler.

Sport, Ata Watan tarapyndan 2 days ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir