Türkmenistanyň Prezidenti Kataryň ilçisinden ynanç hatyny kabul etdi

Serdar Berdimuhamedow Katar Döwletiniň Türkmenistanda täze bellenilen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Hamad bin Raşid bin Hamad Al- Azbini kabul etdi.
Ilçi wagt tapyp kabul edendigi üçin hoşallyk bildirip, Türkmenistanyň Prezidentine ynanç hatyny gowşurdy we Katar Döwletiniň Emiriniň mähirli salamyny ýetirdi.
Duşuşygyň barşynd...

Dowamy »

227 0
Täzelikler, 1 year ago


FIFA ilkinji gezek Saud Arabystanyndan zenany halkara emin belledi

Halkara Futbol Federasiýasy (FIFA) ilkinji gezek Saud Arabystanyndan zenany halkara emin bellemek kararyna geldi. Bu barada “Arabian Daily” neşirine salgylanyp, gazeta.ru habar berýär.
Bu statusa Anud Al-Asmari eýe boldy. Ol özünden başga-da Saud Arabystanyndan ýene ýedi erkek emini öz içine alýan halkara derejesindäki eminleriň hataryna goş...

Dowamy »

210 0
Sport, 1 year ago


Hytaý kompaniýasy Owganystanda nebit çykarar

Owganystan Amyderýa basseýninden nebit çykarmak barada hytaý kompaniýasy bilen şertnama baglaşdy. Bu şertnama, «Taliban» hereketi 2021-nji ýylda Owganystanda häkimiýeti eýeläninden bäri, daşary ýurt maýadarlary bilen baglaşylan ilkinji uly şertnamadyr.
Ylalaşyga laýyklykda hytaý şereketi demirgazykdaky Sari-Pul, Jauzjan we Farýab welaýatlary...

Dowamy »

207 0
Täzelikler, 1 year ago


Habib Nurmagomedow MMA-dan gitdi

Absolýut söweş çempionatynyň (UFC) ýeňil agramda öňki çempiony Habib Nurmagomedow garyşyk başa-baş söweş sungaty (MMA) pudagyndan gitdi. Bu barada Nurmagomedowa ýakyn üç çeşme TASS habarlar agentligine habar berdi.
“Habib MMA pudagyny terk etdi. Ol indi türgenleşik geçmez, topary bilen ýygnanyşyklarda bolmaz. Bu maşgalasy bilen köp wagt geçi...

Dowamy »

208 0
Sport, 1 year ago


Microsoft Windows 8.1-den doly el çekdi

Windows 8.1 10-njy ýanwarda iň soňky täzelenmesini alar. Şondan soň, Microsoft bu operasion ulgamyny «dynç alşa» ugradar diýip, Ghacks habar berýär.
Windows 8.1-iň ulanyjylary ony ulanmagy dowam etdirip bilerler, emma ulgamyň howpsuzlyk meselelerini Microsoft hem, ýa başga biri hem çözmez. Brauzerlere we beýleki programmalara täzelenmeler b...

Dowamy »

194 0
Tehnologiýa, 1 year ago


Türkmenistan Aziýanyň parlament assambleýasynyň Antalýadaky mejlisine gatnaşýar

Dünýäniň 27 ýurdundan, şol sanda Türkmenistandan parlament wekiliýetleriniň gatnaşmagynda 8-10-njy ýanwar aralygynda Antalýada Aziýanyň parlament assambleýasynyň (APA) XIII plenar sessiýasy geçirilýär diýip, ORIENT agentligi habar berýär.
Sessiýanyň mowzugy — «Üýtgeýän halkara dinamikasynda köptaraplaýynlygy öňe sürmek».
Ara alyp masl...

Dowamy »

189 0
Täzelikler, 1 year ago


Naomi Osaka Australian Open-den çykdy

Awstraliýanyň Tennis boýunça açyk çempionatynyň (Australian Open) iki gezek ýeňijisi ýaponiýaly türgen Naomi Osaka 2023-nji ýylyň turnirinde çykyş etmez. Bu barada ýekşenbe güni ýaryşyň metbugat gullugy habar berdi.
"Naomi Osaka Australian Open-den çykdy. Biz ony küýsäris" – diýip, habarda aýdylýar.
Osaka 25 ýaşynda, ol Zenanlaryň ten...

Dowamy »

197 0
Täzelikler, 1 year ago


Tailand ýurda girişde COVID-19-a garşy sanjym resminamasyny ýene talap eder

Tailand serhetden geçilende koronawirusa garşy doly sanjym alnandygy baradaky resminamanyň berilmegini ýene talap eder. Bu barada ýurduň Raýat awiasiýasy edarasy habar berýär diýip, interfax.ru belleýär.
Şeýle talaplar ýerli wagt bilen 9-njy ýanwar, duşenbe güni gije sagat 1:00-dan başlap gatnawlar bilen gelýän ýolagçylara degişlidir. Bu çär...

Dowamy »

243 0
Täzelikler, 1 year ago


Zidan Braziliýanyň, Portugaliýanyň we ABŞ-nyň milli ýygyndylaryna ýolbaşçylyk etmek tekliplerinden ýüz öwürdi

Madridiň «Realynyň» öňki baş tälimçisi Zinedin Zidan Braziliýanyň we Portugaliýanyň milli ýygyndylaryna tälimçi bolmak tekliplerinden ýüz öwürdi diýip, Fransiýanyň HBS-i habar berýär. Muny sovsport.ru ýetirýär.
Çeşmäniň maglumatlaryna görä, Zidan milli assosiasiýalardan gelen iki teklibi-de ret etdi. Şeýle-de, Zidan Ýewropanyň islendik bir k...

Dowamy »

201 0
Sport, 1 year ago


Samsung Galaxy S23 flagmanyny tanyşdyrjak senesini resmi mälim etdi

Deslapky maglumatlara görä, täze Samsung Galaxy S23 flagmanynyň ilkinji görkezilişini 1-nji fewralda geçirmek meýilleşdirilipdi, indi bolsa kompaniýa bu senäni tassyklady: Kolumbiýanyň Samsung saýtynda degişli banner peýda boldy.
Suratda üç modully kamera görkezilýär – şeýle kamera Galaxy S23-de we Galaxy S23 Plus-de bolar, Galaxy S23 Ultra...

Dowamy »

198 0
Täzelikler, 1 year ago


Hytaý ýurda girýän adamlar üçin karantini ýatyrdy

«Bloombergiň» habaryna görä, Hytaý 8-nji ýanwardan başlap koronawirusa garşy göreşiň çäginde girizilen ýurda girmek bilen bagly esasy çäklendirmeleri ýatyrdy.
Daşary ýurtdan gelýän adamlar gaýtmazyndan 48 sagat öň COVID-19 testini tabşyrmaly bolarlar, ýöne indi Hytaýa gelensoň olardan karantinde bolmak talap edilmez.
Hytaý 22-nji ýanw...

Dowamy »

213 0
Täzelikler, 1 year ago


Türkmenistanyň Prezidenti welaýat häkimleri bilen iş maslahatyny geçirdi

9-njy ýanwarda Prezident Serdar Berdimuhamedow obasenagat toplumyna gözegçilik edýän wise-premýer A.Ýazmyradowyň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzyň sebitlerinde alnyp barylýan möwsümleýin oba hojalyk işleri bilen baglanyşykly meselelere garaldy.
Maslahatyň barşynda welaýa...

Dowamy »

200 0
Täzelikler, 1 year ago


Raşid Meredow Eýranyň DIM-niň ýolbaşçysy bilen telefon söhbetdeşligini geçirdi

Türkmenistanyň daşary işler minsitri Raşid Meredow ýekşenbe güni eýranly kärdeşi Hoseýn Amir Abdollahiýan bilen geçiren telefon arkaly söhbetdeşliginde iki ýurduň arasynda «özara gyzyklanma bildirilýän meseleleri» ara alyp maslahatlaşdy diýip, Eýranyň DIM-niň saýtynda habar berilýär.
Iki ýurduň diplomatlary ähli ugurlarda Türkmenistan bilen...

Dowamy »

201 0
Täzelikler, 1 year ago


Moskwa-Türkmenbaşy ugry boýunça S7 awiakompaniýasynyň petekleri 50% arzanlady

S7 Airlines rus awiakompaniýasy Moskwa — Türkmenbaşy ugry boýunça petekleriniň bahasyny 50% arzanlatdy. Täze nyrhlar 2023-nji ýylyň ýanwar-fewral aýlarynda hereket eder.
Awiagatnadyjy Moskwa-Türkmenbaşy ugry boýunça petekleri 3 tarif boýunça — «Ekonom binýatlyk», «Ekonom Standart» we «Ekonom plýus» tarifleri boýunça hödürleýär. Moskwa-Türkme...

Dowamy »

200 0
Täzelikler, 1 year ago


Bellingem – dünýäniň iň gymmat oýunçysy, Mbappe – üçünji, Holand – bäşinji

CIES Football Observatory dünýäniň iň gymmat futbolçylarynyň reýtingini hödürledi. Gözleg topary dünýäniň 75 ligasynda 30 müňden gowrak oýunça baha berdi. Şeýlelikde, dünýäniň iň gymmat futbolçysy Angliýanyň milli ýygyndysynyň we Dortmundyň “Borussiýasynyň” ýarym goragçysy Jud Bellingem boldy. Onuň transfer bahasy 208,2 mln ýewro bilen bahalandyryl...

Dowamy »

222 0
Sport, 1 year ago


Forbes 2022-nji ýylda iň uly ýitgi çeken 5 milliarderi belli etdi

“Forbes”amerikan žurnalynyň habar bermegine görä, 2022-nji ýylda bäş milliarder – Tesla-nyň ýolbaşçysy we SpaceX kompaniýasynyň baş inženeri Ilon Mask, Amazon internet kompaniýasyny esaslandyryjy Jeff Bezos, Meta kompaniýasynyň egindeş esaslandyryjysy Mark Sukerberg, Google Alphabet kompaniýasynyň baş ýerine ýetiriji müdiri Larri Peýj we Google-yň...

Dowamy »

220 0
Täzelikler, 1 year ago


Sony we Honda täze Afeela awtomobil markasyny döretdiler

ABŞ-da geçirilen CES 2023 elektronika we tehnologiýa sergisinde Sony we Honda bilelikde döredilen Afeela markasynyň awtomobiliniň ilkinji prototipini görkezdiler. Bu barada Reuters agentligine salgylanyp, gazeta.ru habar berýär.
Bilelikdäki kompaniýanyň ýolbaşçylarynyň aýtmagyna görä, “Afeela” sözi iňlis dilindäki “feel” – “duýmak” sözünden...

Dowamy »

219 0
Täzelikler, 1 year ago


Acer ofis stoly bilen welotrenažýory birleşdirdi

Taýwan kompaniýasynyň inženerleri indi olaryň täze önümini müşderiler akyl işini pedaly aýlamak bilen utgaşdyryp ulanyp biljekdiklerini aýdýarlar.
Acer ABŞ-da geçýän CES elektronika sergisinde kompýuteriň başynda uzak wagtlap oturmaga mejbur bolýan ofis işgärleri üçin “sagaldyş” gurluşyny hödürledi.
EKinekt BD 3 kofe gabyny goýmak üçi...

Dowamy »

221 0
Tehnologiýa, 1 year ago


L'Équipe: Lionel Messi 2022-nji ýylyň «çempionlarynyň çempiony»

«PSŽ-niň» we Argentinanyň milli toparynyň hüjümçi Lionel Messi abraýly neşiriň wersiýasy boýunça 2022-nji ýylyň «çempionlarynyň çempiony» diýip ykrar edildi.
L'Équipe toparynyň redaksiýasynyň işgärleriniň habar bermegine görä, «Çempionlaryň çempiony» kubogy ýylyň jemi boýunça iň görnükli türgene berilýär. Reýting 4-nji dekabrda tamamlanan gi...

Dowamy »

227 0
Sport, 1 year ago


Menni Pakýao 2023-nji ýylda karýerasyny dikeldip biler

Boks boýunça sekiz agram kategoriýasynda öňki dünýä çempiony Menni Pakýao 2023-nji ýylda karýerasyny gaýtadan dikeldip biler. Bu barada boksçynyň wekili TASS habarlar agentligine habar berdi.
“Menni boksa gaýdyp gelmek mümkinçiligi barada köp gürrüň edýär. Ol özüni formada saklaýar, türgenleşýär. Oňa diňe, hakykatdanam, uly waka bolmagy üçin...

Dowamy »

224 0
Sport, 1 year ago


2022-nji ýylyň iň gowy derwezebanlarynyň reýtingi hödürlendi

Ýakynda Futbolyň taryhy we statistikasy halkara federasiýasynyň (IFFHS) resmi saýtynda geçen 2022-nji ýylyň iň gowy derwezebanlarynyň sanawy neşir edildi. Bu barada c-sport.info habar berýär.
Şeýlelikde, ýylyň derwezebany eýýäm ikinji gezek “Real” futbol klubunda çykyş edýän belgiýaly Tibo Kurtua boldy. Ol 125 utuk gazanmagy başardy. Onuň yz...

Dowamy »

234 0
Sport, 1 year ago


Nowak Jokowiç abraýly ýaryşlary sypdyryp biler

ABŞ-nyň ýurda gelýänleriň sanjym kepilnamasynyň bolmagyny talap edýän düzgünleriň hereket ediş möhletini uzaldandygy sebäpli tennisçi Nowak Jokowiç iki sany möhüm amerikan ýaryşyny – “Indian-Uells” we “Maýami open” ýaryşlaryny sypdyrmaly bolar. Bu barada ru.publika.md saýtynda habar berilýär.
Indi ABŞ-a girilende koronawirusa garşy sanjym ke...

Dowamy »

220 0
Sport, 1 year ago


Samsung-yň operasion girdejisi dördünji çärýekde 69% peseldi

Günorta Koreýanyň Samsung Electronics korporasiýasy 2022-nji ýylyň dördünji çärýeginde operasion girdejisiniň çiplere we smartfonlara islegiň pes bolmagy sebäpli 2021-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 69% peselendigini habar berdi. Degişli deslapky maglumatlar kompaniýanyň saýtynda ýerleşdirildi diýip, TASS habar berýär.
Oktýabr –...

Dowamy »

217 0
Tehnologiýa, 1 year ago


Türkmenistanyň ýygyndysy dzýudo boýunça dünýä reýtinginde 66-njy boldy

Türkmenistanyň ýygyndysy dzýudo boýunça milli ýygyndylaryň dünýä reýtinginde 66-njy orny eýeledi. Reýting Halkara dzýudo federasiýasynyň saýtynda neşir edildi.
Türkmen ýygyndysynda erkekleriň arasynda iň ýokary görkeziji Hakberdi Jumaýewe (60 kg degişli) degişli. 471 utuk toplap, ol iň gowy dzýudoçylaryň dünýä sanawynda 74-nji orunda ýerleşd...

Dowamy »

223 0
Sport, 1 year ago


Türkmenistanyň futbol boýunça ýygyndysyna täze baş tälimçi bellenildi

«Ahal» futbol klubunyň tälimçisi Mergen Orazow futbol boýunça Türkmenistanyň milli ýygyndysyna baş tälimçi bellenildi. Şeýle karar Türkmenistanyň futbol federasiýasynyň Ýerine ýetiriji geňeşiniň nobatdaky mejlisinde kabul edildi.
Mergen Orazow Türkmenistanda 2022 möwsüminiň iň gowy tälimçisi diýlip yglan edildi. Onuň ýolbaşçylygynda «Ahal» t...

Dowamy »

232 0
Sport, 1 year ago