Ýewropa çempionaty – 2028 Irlandiýada we Beýik Britaniýada geçiriler

UEFA 2028-nji ýylyň futbol boýunça Ýewropa çempionatynyň hojaýynlaryny tassyklady. Olar Beýik Britaniýa we Irlandiýa boldy. Bu barada championat.com habar berýär.
Ýewro – 2028-iň oýunlarynyň Belfast, Birmingem, Kardiff, Dublin, Glazgo, Liwerpul, London, Mançester we Nýukasl şäherlerinde geçirilmegine garaşylýar. Ýewropa çempionaty UEFA-nyň d...

Dowamy »

149 0
Täzelikler, 11 months ago


Dünýädäki iň arzan awtomobiller belli boldy

HotCars awtomobil portalynyň hünärmenleri dürli ýurtlaryň bazarlarynda satyn almak üçin elýeterli bolan iň amatly awtoulaglaryň reýtingini düzdüler. Onuň netijesinde Changli Nemica dünýädäki iň arzan awtomobil boldy. Onuň görkezilýän ownuk satuw bahasy 1249 dollardan başlaýar, öň ony 975 dollara-da satyn alyp bolýardy diýip, avtonovostidnya.ru bell...

Dowamy »

133 0
Täzelikler, 11 months ago


Apple ahyrsoňy iPhone 15 Pro-da ekranyň garaňkyramagy barada teswirini berdi

Apple iPhone 15 Pro-nyň we iPhone 15 Pro Max-yň käbir ulanyjylarynyň ekranyň garaňkyramagy bilen baglanyşykly bildirýän nägileliklerine resmi düşündiriş berdi.
Şeýle näsazlyk ýüze çykan smartfon eýeleriniň barlatmak üçin resmi hyzmat merkezine ýüz tutup biljekdiklerini aýtdy. Barlag wagtynda munuň enjam bilen baglydygy anyklansa, smartfon ça...

Dowamy »

174 0
Tehnologiýa, 11 months ago


1.8 sekunt: Formula 1-da iň çalt duralga hyzmaty boýunça rekordy täzelendi

Katarda geçirilen Formula 1-iň çempionatynda McLaren toparynyň mehanikleri iň çalt duralga hyzmatyny etmekde rekord goýdular. Topar ulaga 1, 8 sekuntda hyzmat etdi diýip, DHL_Motorsports habar berýär.
Mehanikler toparynyň rekord derejedäki çalt işi sürüjisi Lando Norrisiň üçünji orny eýelemegine mümkinçilik berdi.
Çempionatyň soňky bä...

Dowamy »

183 0
Tehnologiýa, 11 months ago


Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň başlyklygy Azerbaýjandan Eýrana geçdi

Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň başlyklygy Azerbaýjandan Eýrana geçdi.
Trendiň sişenbe güni habar bermegine görä, bu karar YHG-a agza ýurtlaryň ministrler geňeşiniň 10-njy oktýabrda Şuşada geçirilen 27-nji mejlisinde kabul edildi.
Azerbaýjan Respublikasynyň Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasyna başlyklyk etmeginiň çäginde 10-njy oktýabrd...

Dowamy »

133 0
Täzelikler, 11 months ago


Kosmonawtlar Kononenko we Çub 25-nji oktýabrda açyk kosmosa çykarlar

Ý.A. Gagarin adyndaky kosmonawtlary taýýarlaýyş mekrkeziniň başlygynyň orunbasary, kosmonawtlar toparynyň serkerdesi, şonuň ýaly-da TASS-yň HKS-daky ýörite habarçysy Oleg Kononenko we kosmonawt Nikolaý Çub 25-nji oktýabrda açyk kosmosa çykar. Bu barada Roskosmosdan TASS-a habar berildi.
“Halkara kosmos stansiýasyndan rus maksatnamasy boýunça...

Dowamy »

199 0
Tehnologiýa, 11 months ago


Nike ABŞ-da ýetginjekler üçin iň islegli eşik brendi bolmagynda galýar

Piper Sandler tarapyndan ýylda iki gezek geçirilýän pikir soraşmanyň netijelerine görä, ABŞ-ly ýetginjekler şahsy çykdajylaryny ýylda 1% we 2023-nji ýylyň ýazy bilen deňeşdirilende 4% azaltdy.

Ýetginjekleriň ýyllyk çykdajylary adam başyna ortaça 2316 dollar. Şol bir wagtyň özünde, ýetginjek oglanlar çykdajylaryny 11%, gyzlar - 8% a...

Dowamy »

135 0
Täzelikler, 11 months ago


Google ulanyjylary parollary aýyrmaga çagyrýar

Google kompaniýasy ulanyjylary adaty ýagdaýda «parolsyz parol döretmäge» işjeň höweslendirip başlady. Gürrüň hasabyňyza «has çalt we has ygtybarly girişi» üpjün etmäge niýetlenen giriş açarlary hakda gidýär.
2023-nji ýylyň 10-njy oktýabryndan başlap Google öz hasap ulanyjylaryna hasaby üçin deslapky açary döretmegi teklip edýär.
Googl...

Dowamy »

134 0
Täzelikler, 11 months ago


Xiaomi kompaniýasy MIUI-dan ýüz öwrer – operasion sistema MiOS bilen çalşyrylar

Hytaýyň Xiaomi kompaniýasy MIUI brendini 2010-njy ýyldan bäri Android ykjam operasion sistemasynyň ulanyjy interfeýsi üçin ulanýar. Indi resmi däl çeşmelerden öndürijiniň bu atdan ýüz öwürjekdigi we ýakyn wagtda ony MiOS bilen çalyşjakdygy belli boldy diýip, 3dnews.ru habar berýär.
MIUI operasion sistemasynyň hereket eden ýyllary kompaniýa t...

Dowamy »

183 0
Tehnologiýa, 11 months ago


IPhone 16 smartfonynyň önümçilige goýberiljek senesi belli boldy

Apple amerikan korporasiýasy iPhone 16-nyň irki prototipini taýýarlap, nusgany eýýäm synagdan geçirdi. Bu barada Tengri Life neşiri habar berýär.
Çeşmelere görä, kompaniýa Hytaýyň Çendu şäherinde önümçilik hataryny ýola goýdy. Dekabr aýynyň başynda ol ýerde beýleki smartfon prototipleri dörediler.
Insaýderler 2024-nji ýylyň başyndan A...

Dowamy »

131 0
Täzelikler, 11 months ago


«Döwranly Ýörelge» çaphanasy reklama önümleriniň dürli görnüşleri öndürmek boýunça hyzmatlaryny hödürleýär

«Döwranly Ýörelge» çaphanasy etiketkalary, gaplamalary, reklama önümlerini, kagyz stakanlaryny öndürmek boýunça amatly bahadan ýokary hilli hyzmatlaryny hödürleýär.
Çaphananyň işine ussat hünärmenleri müşderiniň sargyt esasynda taýýarlanylan önümiň müşderiniň islegi bilen 100% laýyk gelmegi üçin poligrafiýa işleriniň tutuş toplumyny ýerine ý...

Dowamy »

133 0
Täzelikler, 11 months ago


Aşgabatda Türkiýäniň daşary işler ministri Hakan Fidan bilen duşuşyk geçirildi

11-nji oktýabrda Aşgabada resmi sapar bilen gelen Türkiýe Respublikasynyň Daşary işler ministri Hakan Fidan Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow bilen gepleşikleri geçirdi. Bu barada türkmen daşary syýasat edarasynyň Metbugat gullugy habar berýär.
Duşuşygyň dowamynda taraplar döwletara gatnaşyklaryň ýokary derejesini hem-de ola...

Dowamy »

127 0
Täzelikler, 11 months ago


Türkmenistanyň we Türkiýäniň Daşary işler ministrlikleri hyzmatdaşlyk etmegiň Maksatnamasyna gol çekdiler

11-nji oktýabrda Aşgabatda geçirilen gepleşikleriň netijeleri boýunça Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi bilen Türkiýe Respublikasynyň Daşary işler ministrliginiň arasynda 2024-2025-nji ýyllarda hyzmatdaşlyk etmegiň Maksatnamasyna gol çekildi. Bu barada Türkmenistanyň DIM-i habar berdi.
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň binasyn...

Dowamy »

145 0
Täzelikler, 11 months ago


«Türkmennebit» döwlet konserniniň başlygy Buharestde işewür duşuşyk geçirdi

10-njy oktýabrda «Türkmennebit» döwlet konserniniň başlygy G.Agajanowyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet Buharestde Rumyniýanyň energetika ministrliginiň binasynda geçirilen nobatdaky Energetika babatda hyzmatdaşlyk etmek boýunça türkmen-rumyn iş toparynyň duşuşygyna gatnaşdy. Bu barada ýurdumyzyň daşary syýasat edarasynyň saýty habar berýär.
Mej...

Dowamy »

128 0
Täzelikler, 11 months ago


Türkmenistanyň ugradan ynsanperwer ýüki Owganystana bardy

Şu gün, 11-nji oktýabrda Türkmenistanyň Prezidentiniň Buýrugyna laýyklykda, ugradylan ynsanperwer ýüki Owganystana bardy. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Metbugat gullugy habar berdi.
Ynsanperwer ýüküň düzüminde derman we saglygy goraýyş maksatly serişdeler, dokma we azyk önümleri bar.
Ynsanperwer ýük Gurbanguly B...

Dowamy »

130 0
Täzelikler, 11 months ago


«Göwher» kosmetika dükany 13-nji oktýabra çenli ähli harytlaryna arzanladyş yglan etdi

Dürli brendleriň ýörgünli kosmetika önümlerini amatly bahadan hödürleýän «Göwher» kosmetika dükany arzanladyş yglan etdi.
Diňe 11-12-13-nji oktýabr günlerinde dükandan harytlary 10-15% ARZANLADYŞ bilen satyn alyp bilersiňiz.
Ýakynlaryňyza ýakymly sowgat etmek üçin amatly pursaty elden bermäň!
Dükanda Dior, Chanel, Estee Lauder,...

Dowamy »

133 0
Täzelikler, 11 months ago


Penşenbe güni Türkmenistanda howanyň sowap, güýçli ýagyş ýagmagyna garaşylýar

12-nji oktýabrda Türkmenistanda howanyň birden sowamagyna, köp şäherlerde bolsa, güýçli ýagşyň ýagmagyna garaşylýar diýip, Gismeteo meteorologiýa gullugy habar berýär.
Aşgabatda howanyň iň ýokary çägi +20 gradusdan geçmez. Gündizine 15,3 mm-e çenli ygal düşer. Hepdäniň ahyryna çenli howanyň gündelik ortaça temperaturasy +16 ... +13 gradus ar...

Dowamy »

128 0
Täzelikler, 11 months ago


Arkadag şäherinde ilkinji gezek Wena baly geçirildi

11-nji oktýabrda Arkadag şäherinde bäşinji Wena baly geçirildi. Ilkinji gezek 2011-nji ýylda geçirilen Wena baly bu gün ilkinji gezek «akylly» şäherde geçirildi.
Bu ýylky Wena baly Arkadag şäheriniň gözel künjekleriniň biri bolan «Arkadag binasynyň» töweregini gurşap oturan giň meýdançada türkmen-awstriýa jemgyýeti tarapyndan ýola goýuldy....

Dowamy »

133 0
Täzelikler, 11 months ago


«Dr. Aýbolit» weterinar dermanhanasy 3 ýyllygy mynasybetli 50%-e çenli arzanlaşyk yglan etdi

Aşgabatda Ankara köçesiniň (Ýubileýny) ugrunda ýerleşýän «Dr. Aýbolit» weterinar dermanhanasy açylyşynyň 3 ýyllygy mynasybetli dürli görnüşli arzanlaşyklary we aksiýalary yglan etdi.
15-nji oktýabrda weterinar dermanhananyň işläp başlanyna 3 ýyl dolýar. Şu mynasybetli «Dr. Aýbolit» dermanhanasynda 12-15-nji oktýabr aralygynda şu aksiýalar he...

Dowamy »

125 0
Täzelikler, 11 months ago


Serdar Berdimuhamedow Hakan Fidan bilen duşuşygynda Türkiýä boljak saparyny maslahatlaşdy

11-nji oktýabrda Prezident Serdar Berdimuhamedow Türkiýe Respublikasynyň daşary işler ministri Hakan Fidany kabul etdi. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi.
Döwlet Baştutany Türkiýäniň DIM-niň ýolbaşçysyny we doganlyk türk halkyny ýakynda belleniljek şanly sene—Türkiýe Respublikasynyň döredilmeginiň 100 ýyllygy bilen gutlad...

Dowamy »

123 0
Täzelikler, 11 months ago


Xiaomi 14 smartfonynyň çykjak senesi mälim edildi

«Xiaomi Group China» kompaniýasynyň prezidenti we «Redmi-niň» baş direktory Lu Weýbing «Weibo» sosial ulgamyndaky sahypasynda oktýabr aýynda kompaniýanyň flagmanlarynyň tanyşdyrylyş dabarasynyň boljakdygyna yşarat etdi. Bu barada MyDrivers portaly habar berýär.
Weýbing: «Oktýabr örän gyzykly bolar» diýen ýazgyny paýlaşdy. Sosial ulgamy ulany...

Dowamy »

179 0
Tehnologiýa, 11 months ago


«Santýago Bernabeu» dünýäniň iň gowy stadiony diýlip saýlandy

«FourFourTwo» britan žurnaly estetiki özüne çekijilik, tribunadaky atmosfera we taryh ýaly kriteriýalara esaslanyp, iň gow 32 stadionyň sanawyny düzdi. Sanawda «Real Madridiň» «Santýago Bernabeu» stadiony birinji orny eýeledi.
Ikinji orna bolsa “Flamengo”, “Fluminense”, “Vasco da Gama” ýaly toparlara eýelik edýän meşhur «Marakana» stadiony l...

Dowamy »

123 0
Täzelikler, 11 months ago


Toyota Corolla dünýäde iň köp satylýan awtomobil adyny Tesla Mode Y geçirdi

2023-nji ýylyň awgust aýynyň jemi boýunça global awtoulag bazarynda soňky ýyl 76,7% ösüş görkezen (758 645 birlik) Tesla Model Y öňdebaryjy boldy. Ol birinji orundan 711 780 awtoulag (-3,4%) netijesi bolan Toyota Corolla-ny gysyp çykardy, Toyota Hilux bolsa ýylyň ilkinji sekiz aýynda iň ýaramaz netijäni berdi.
focus2move neşiri ýerli häkimiý...

Dowamy »

118 0
Täzelikler, 11 months ago


UFC-niň söweşijisi Oliweýra Mahaçew bilen söweşden ýüz öwürdi

UFC 294 ýaryşynyň esasy wakasynda braziliýaly Çarlz Oliweýranyň deregine russiýaly Islam Mahaçew bilen awstraliýaly Aleksandr Wolkanowski rewanş geçirer. Bu barada UFC-niň metbugat gullugyna salgylanyp, gazeta.ru habar berýär.
Bellenilişi ýaly, Oliweýranyň ýüz öwürmegi sebäpli onuň ornuny çalyşmaly boldy. Ol şikes aldy. Ýaryş 21-nji oktýabrd...

Dowamy »

122 0
Täzelikler, 11 months ago


Sentýabr aýynda çykan iň kuwwatly arzan smartfonlaryň sanawy düzüldi

«AnTuTu» bençmarkyny döredijiler arzan «Android» smartfonlarynyň sentýabr aýyndaky sanawyny çap etdiler.
«Realme GT Neo5 SE» 1,14 million ball bilen birinji ýeri eýeledi. Enjamyň işleýşine «Snapdragon 7+ Gen 2» çipseti jogapkärdir. Şeýle çipli arzan «Redmi Note 12 Turbo» (1,14 million) ikinji ýerde ýerleşdi. Ilkinji üçlügi «MediaTek Dimensit...

Dowamy »

120 0
Täzelikler, 11 months ago