Haçjaj patyşa wagty emeldarlary bilen atly bir ýerik gidip barýarka bir mellegiň gabadyna baranda mellekden daşyna akan suwa aty taýyp ýykylyp patyşanyň hem aýagy döwlüpdir. Ol gaharjaň zalym patyşa bolansoň ol mellegiň eýýesini çagyrdyp oňa :
—Sen ekin ýeriňe seretmänsiň,suwy bisarpa tutupsyň,ana suwuň ýola akyp şeýle iş boldy seniň jezaň ölümdir—diýýär. Ol ýeriň eýýesi patyşa garap:
—Rehim et patyşahymyz ýaş çagalarym hem bar—diýýär. Patyşa oňa garap:
—Ýok,sen arkaýyn bol çagalaryňa döwlet tarapdan serediler—diýýär. Onda ol adam patyşa garap :
—Men hoja,Pygamberimiziň saw haky-hormatyna rehim et diýýär. Patyşa oňa:
—Beýle bolsa günäňi ötdüm—diýýär. Günlerde bir gün patyşanyň bir wežiri ölüpdir welin ýaňky adamyny patyşa oňa derek wezir belläpdir. Patyşa zalym bolsada eli açyk ekeni,garyp-gasarlara hemaýat edýän ekeni. Bir gün patyşanyň ýanyna bir gedaý dilegçilige gelýär welin patyşa iýip oturan halwasynyň içine öz barmagyndan bir gymmat baha ýüzügini çykaryp halwaň içine şalýarda ýaňky wezirine :
—Me,şuny alda şol dilegçi gedaýa eltip ber —diýýär. Wezir ony alyp gedaýyň ýanyna baryp:
—Ine seret ,patyşamyz saňa bir gezek iýer ýaly halwa ugratdy,eger isleseň men muňa derek saňa uzakly günüňe iýmäge ýeter ýaly pulam berip biljek—diýýär,sebäbi ol halwaň içindäki gymmat baha ýüzugi patyşa salanda görüpdi,gedaý bilenokdy ,şondan gedaý derrew onuň teklibini kabul edip halwa derek biraz pul alýar.
Soň birnäçe günden ýene şol gedaý gelipdir,patyşa ýene-de oňa halwa ýüzük salyp berýär welin,wezir ýene öňkisi ýaly edip ony çalşypdyr.
Birnäçe günden gedaý ýene dilegçilige gelipdir. Bu gezek patyşa ony görüp öz ýanyna çagyrdypdyr-da oňa:
—Ohow bendäň çagasy,beýlede bir ýoknasyzlyk bolarmy,men seniň ömrüňe ýeter ýaly zat berdimä how,hi utanç-haýa,ynsap diýen ýaly zaylar sende ýokmy—diýipdir.
Gedaý ony diňläp ör-gökden gelipdir,patyşa ýüzlenip:
—Waý patyşahym olar ýaly näme berdiňaý maňa ?—diýip sorapdyr. Patyşa oňa :
—Her gezek geleniňde halwaň içine salyp gymmat bahaly göwher ýüzük berdimä saňa—diýýär. Gedaý kellesini tutup:
—Wi,patyşamyz ony weziriň bir gezek iýerlik walwa derek,saňa uzak günüňe iýmäge ýeter ýaly pul bereýin diýip ikisinem biraz pula çalyşdy—diýýär. Patyşa muny eşdip der-gazap bolup:
—Ana,ýagşylyk etseň munuň edýänini diýsene,derrew bu weziriň kellesini alyň —diýip bedinebis weziri jezalandyrypdyr.

Adam bedinebisligi sebäpli we özüne tabşyrlan işi ak ýürek bilen etmän özüni heläkçilige ýa-da kyn ýagdaýa eltip biler.

Çeşme :Halk içinden eşiden gürrüňleri esasynda ýazga geçiren Chary

Edebiýat, Barbary tarapyndan 5 days ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir