Buharada hijri-kamary ýyl hasaby boýunça1100-nji ýylda din gowşapdyr.9 ýyllap adamlar öňkilerine görä dinden daşlaşyp,bozuk bidgat işler köpelip başlapdyr. Bir gün Ristan bazarynda Habibulla diýen gawun-garpyz satýan ýaş oglan Allahdan dileg edipdir,Allahym maňa ylym berse adamlary dogry ýola çagyrsam diýip. Bir gün agşam ol öňki ýaşap geçen güýçli öwülýä-pirlerden bolan Hoja Bahawetdiniň mazarynyň ýanyna baryp ,Allaha ýalbaryp aglap ýatyp galypdyr. Düýşinde onuň ýanyna Hoja Bahawetdin gelin oňa "Aý oglum,sen Samarkanda git, sygyr çopan bardyr meniň müridim (okuwçym) bolmaly,ady Ennerjan şol saňa sapak berer"-diýýär. Habibulla onsaň ertesi irden turup Samarkanda gidýär. Baryp sorag-ideg bilen şol Ennerjan halypany tapypdyr we oňa müridlige (talyplyga) durýar. Ol ýerde bir näçe wagt okansoň bir gün Ennerjan halypa müridlerinden soraýar " Haýsyňyz Buhara gidip ol ýerdäkileri hak ýola saljak,ol ýerde soňky wagtlar din gowşady "-diýýär. Hiç mürid sesini çykarmansoň pir Habibulla garap "Sen git "-diýýär. Habibulla şol wagt 20 ýaşlaryndaky ýaş ýigit ekeni,ol aýdýar pirine :
—Pirim seniň buýrugyňy etmesegä dürs däl,etsegem özüňiz arada aýtdyňyz ,wagyz edip dine çagyrmak üçin 4 zat gerek,ýagny hal (ylymy pirlik),kal(dini ylym),sal(ýaşyň uly bolmagy),mal(baýlyk,ýagny başga mätäç bolmaz ýaly) mende entek şolaryň hijisem ýok —diýipdir.
Onsaň piri ,oturyp pir-welilere berilen ylmy bilen,haka berilip öňüne göz aýlandan soň Habibulla garap aýdypdyr :
—Sen oglum,arkaýyn gidiber .Inşallah sen Buhara barmankaň Allah seni bu aýdan ýagdaýlaryňa gowşurar ... —diýýär.
Onsaň Habibulla Allaha bil baglap piriniň goldawyny umyt edinip ýola düşýär we Buhara ýakyn baranda Allah tarapyn oňa 40 ýaşlyň sypady,dünýewi dini we batyl ylym berilýär. Ol bir dukanda ýerleşip şol ýerdäkilere dinden sapak berip başlaýar. Gün geçdigiçe onuň talyplary köpelipdir, abraýy artyp,meşhur bolup başlapdyr...
Bir gün ýerli mollalar,dini ruhanylar Buharaň patyşasynyň gurnan çakylygynda patyşa garap Habibullanyň üstünden şikaýat edýärler :
—Patyşamyz,täzelikde bir ýerden biri gelen bolup töweregine adam üýşüren bolup sapak beren bolup ýörmüşin. Sen bir gün ony we bizi çagyrsaňyz, biz şonuň ylym-bilimini synap görsek,eger bilýän zady ýok bolsa ony şäherden yzyna it salyp kowsaňyz—diýýärler. Sebäbi olar Habibullaň abraýynyň artmagyny halamandyrlar. Onsaň patyşa ýene bir gün çakylyk edip dini adamlary we Habibullany çagyrýar. Habibullaň bir gara eşegi bar ekeni,şony münüp barýar çakylyga. Çakylykda mollalaň içinden bir molla Habibulla garap aýdýar:
—Hany sen bize aýdyp ber, Hudaýy näçe sypat bilen tanaýaň ?
Habibulla oňa garap aýdýar:
—Eger sen şony bilmeýän bolsaň aýdaýyn,ýa bilibem bilgeşlinden soraýan bolsaň onda sen mynapyksyň—diýipdir welin,ol mollada beýlekilerem seslerini çykaryp bilmän oturypdyrlar.Soň Habibulla olara garap aýdypdyr:
—Men Kurandan Suraýy Ýusuby tapmaýan— diýipdir. Oturanlardan bir molla "Men ýaňy şondan sapak berip geldim ,hazir tapyp görkezeýin"—diýip Kurany Kerimi eline alyp,sahypalaryny şunça agtarsada tapmandyr. Onsaň başga bir molla alyp suraýy Ýusuby gözläpdir olam tapmandyr. Garaz ol mollalar tapmansoň Kurany Kerimi Habibullaň özi eline alyp " Bismilläh"—diýip açandan, açan ýeri Suraýy Ýusuf bolupdyr. Muňa bar adam haýran galydyr. Onsaň çakylykdan Habibulla gidensoň Patyşa ol öňki mollalara garap :
—Siz ony ýamanlaýaňyz welin ol alym adam ýalyla,ana siziň bilmedik zadyňyzam ol bildi —diýýär.
Günlerde bir gün patyşa ýene çakylyk edipdir. Bar din molla-ahunlar bilen birlikde Habibullany hem çakylygyna çagyrypdyr. Olam ýene gara eşegini münüp çakylyga barypdyr. Patyşa olara hezzet-hormat edip ,her dürli tagam hödürläpdir. Olara garap patyşa :
—Alyň tagamdan iýip oturyň diýýär. Gelen molla-ahunlaryň bary iýýä welin Habibulla tagam iýmän oturypdyr,patyşa ondan soraýar :
—Sen näme üçin iýeňok,seret bularyň bary iýip otyra—diýýär.
Habibulla aýdýar:
—Seniň bu tagamyň haram,bu mollalar pasyklar bolansoň bulaň kalbyndan ýagşylyk gidipdir -diýýär.
Oturan mollalaň biri:
—Biz tagamyň daşyndan baha berdik,göräýmäge haram zat ýok-diýýär. Mollalar hyşy-wyşy edip hersi Habibulla bir zat diýip,olara galsa Habibullany urup süýndirjekler ekeni. Habibulla olara garap :
—Siz biraz sabyr ediň,patyşamyzyň suw alýan guýusyna 3 gün mundan öň bir gyrnak towuk öldürip atypdyr(ýa-da tötänlikde gaçyrypdyr) patyşamyza aýtmagada gorkupdyr. Eger siz synag üçin şol guýudan suw äkelip meniň eşegime beriň eşegim içmez ,emma başga guýydan suw berseňiz içer,sebäbi eşegim şu wagt suwsap dur—diýýär.
Onuň aýdyşy ýaly patyşaň guýusyndan suw äkelip eşege berseler,eşek ysgap içmändir ,gaýtyn depip suwy hem döküpdir ,soň başga guýydan suw äkelseler baryny içip ýene-de doýmandyr. Habibulla patyşa garap aýdýar:
—Görýäňmi,bu mollalardan meniň eşegim hem alymyrakdyr-diýýär.
Soň guýyny gowy edip barylasalar öli towuk çykypdyr. Gyrnagy çagyryp sorasalar olam boýun alypdyr. Bar adam bu ýagdaýa haýran galypdyrlar we onuň ýöne adam däldigini ykrar edipdirler . Soň ilki patyşa oňa mürid bolýar,soňra beýleki alymlar hem Habibulla mürid bolýarlar. Şeýdip Buharada ýene dini yslam dogry ýola düşüp erbet işler kesilipdir.
Ýokardaky Habibulla pir yslam dünýäsinde meşhur bolup dini mekdeplerde kitaplary okadylan Sopy Allaýaryň halypasydyr.

Edebiýat, Barbary tarapyndan 4 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir