Ýaş nesil döwlet derejesinde aýratyn üns-alada bilen gurşalyp, olaryň ruhy hem beden taýdan sagdyn bolup ýetişmekleri üçin ähli mümkinçilikler döredilýär. Muňa bilim ulgamynda öňe sürülýän täzeçillikleriň mysalynda aýdyň göz ýetirmek bolýar.
«Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynyň 1-nji sentýabrynda hormatly Prezidentimiziň Bilimler we talyp ýaşlar güni hem-de täze okuw ýylynyň başlanmagy mynasybetli okuwçylaryň we talyplaryň gatnaşmagynda umumy okuw sapagyny geçmegi ýaş nesil, galyberse-de, ähli halkymyz üçin görelde mekdebi boldy. Şol okuw sapagynyň barşynda Gahryman Arkadagymyz: «Ýüregi «Mähriban halkym, eziz Watanym, jan Türkmenistanym!» diýip urýan, ilimiziň baky bagtyýarlygy, ýurdumyzyň beýik geljegi üçin okaýan, zähmet çekýän ýaşlar biziň buýsanjymyzdyr. Halk hem Watan baradaky mukaddes düşünjeler ýigitlerimiziň we gyzlarymyzyň köňülleriniň owazy, dilleriniň senasy bolmalydyr. Ýaşlarymyz ähli güýçlerini, bilimlerini hem-de başarnyklaryny Watanymyzyň ösüşlerine, dünýädäki abraý-mertebesiniň mundan-da belende galmagyna bagyş etmelidir» diýen parasatly jümleleri belläp geçdi.
Ulyny sylamak, kiçini söýmek pähimli pederlerimizden galan ýagşy edim-gylymlaryň biridir. Halal gazanmak, haramdan daşda durmak barada ata-babalarymyz ýaşlara elmydama öwüt-ündew edipdirler. Il arasynda «Akylyň bolsa akyla eýer, akylyň bolmasa nakyla» diýen pähimiň döremegi hem ýöne ýere däldir. Nesilden-nesle geçip, şu günlere ýeten baý mirasymyzyň dür sandygynda adamkärçilik bilen bagly atalar sözleri juda kändir. Halk arasynda «Alym bolmak aňsat, adam bolmak kyn» diýen atalar sözi hem ýöne ýere döremändir. Onuň özeninde ile-güne haýyrly adam bolmagyň alym bolmakdan hem juda çetinligi aýratyn nygtalýar.
«Çaga — eziz, edebi ondanam eziz» diýip, ata-babalarymyz örän jaýdar belläpdirler. Halkymyz çaga edebinde päk ahlaklylyk ýörelgelerine, milli terbiýe mekdebine daýanýar.
Pähim-paýhasly sözleri ýörelge, edýän işi görelde bolýan hormatly Prezidentimiziň jany sag, ömri uzak bolsun, tutýan tutumly işleri elmydama rowaç alsyn!
26.11.2021

Nuraly Nepesow
Türkmen döwlet binagärlik gurluşyk institutynyň mugallymy

Bilim, Perhat Sabirovv tarapyndan 1 week ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir