Men Hudaýa ynanýan:
Men togalak ýere ynanýan:

Sebäbi,çagalygymdan din,dowzah,jennet baradaky gürrüňlerden gulagym gowy gandy.

Sebäbi,çagalygymdan mugallymlar "ýer togalak" diýip gulagyma guýdular.Bütün dünýäde şeýle diýýär.

Eger-de,men Hytaýda butparazlaryň ýaşaýan jemgyýetinde dogulan bolanymda,şu wagt iki elimi gowşurup buda sežde edip oturan bolardym.

Eger-de,men Afrikada adamhor taýpalaryň ýaşaýan jemgyýetinde dogulan bolanymda,özüme duşman başga bir taýpa adamynyň oda bişen etini symyşlap oturan bolardym.

Eger-de,men Amerikada dogulan bolanymda gamburger bilen piwo içip,söýgülim bilen keýp çekip oturan bolardym.

Men bolsa türkmen jemgyýetinde doguldym we häzir şu mowzugy ýazyp otyryn.

Adamyň bir jemgyýetde dogulmagy onuň ýaşaýşyna-da gaty uly täsirini bildirýän eken.

Türkmen jemgyýetinde uzyn ýakaly köýnek geýýän gyz Amerikan jemgyýetinde dogulan bolanda keltejik köýnekler geýerdi.

Bu ýerde adam beden tarapyndan onçakly bir-birinden tapawudy ýok.Amerikan,hytaýly,türkmen...Boý-syrat tarapdan,güýç tarapdan hiç hili tapawudy ýok.Bary bir adam.Ýöne,bu ýerde jemgyýetçilik pikirlenşiniň arasynda dag bilen deňiz ýaly tapawut bar.

Täzelikler, Dowsypat00 tarapyndan 2 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir