Я помню чудное мгновение...
А.С. Пушкин

Şol ajaýyp pursat ýadyma düşýär,
Al ýaňaga, ak maňlaýa yz salan.
Duýgyma her näçe bolsam-da hüşgär,
Sen hak söýgi ýüregime köz salan.
Süýji düýş mysaly hyýala meňzeş,
Ykbalyma şugla saçdyň az salym.

Şol ajaýyp pursat ýadyma düşýär,
Gözleriňde uçgun, gözümde jady.
Myhman däl, kysmatda müdimi düşlän,
Kalbyma jahanyň iň eziz zady,
Seniň bilen galdym ýeke armansyz,
Sensizlik - ýekeje armanym bardy.

Şol ajaýyp pursat ýadyma düşýär,
Ataş bilen bäs edipdi bedenim.
Duýgym hem haýamdan alaja işýän,
Eý, sen meniň menden eziz edebim.
Bir pursatda geda döndi, ömrüne
Hiç bir zada boýun synmaz gedemiň.

Şol ajaýyp pursat ýadyma düşýär,
Aý dogýar, Gün ýaşýar, tüm bolýar älem.
Gün dogar, Aý ýaşar gaýtalap däbin,
Ýöne ýyllar bilen arasyn açýan
Bu süýji pursatlar, jady pursatlar,
Gaýtalanmaz asla, ine şu mälim!

Ala gözler alasarmyk oý bilen,
Ot alypdy sataşanda söý bilen.
Kirpikleriň ok deý ötdi bagrymdan,
Bilmän hakykat däl, hyýal däl, düýş däl,
Bagtym çenäp gara gaşyň ýaý bilen,
Şol ajaýyp pursat ýadyma düşýär...




Gülşirin HANOWA

Edebiýat, Jeksparro tarapyndan 3 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir