Aýdyp bilsem-dä!


Sensiz geçen günlerim,
Asyr ýaly görünýär.
Söýgi näme bilemmok
Ýöne sensiz çydammok.

Seniň gara gözleriň,
Bakan wagty ýüzüme,
Uçýan guş dek mysaly,
Bulutlaryň üstünde.

Seni näçe söýsem-de,
Gabanmakdan ölsemde,
Içimdäki söýgüni
Saňa aýdyp bilsem-dä!

Edebiýat, Wrestling tarapyndan 1 week ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir