Saňa aýdasym gelýä…
Şelpesin ýel öpen tuduň astynda.
Aýly gijelerde ýalňyz galýanym.
Näme hakda oýlanýanym aslynda.

Saňa aýdasym gelýä…
Syrly gijelerde uky bermedik
Duýgularmyň terdigini, päkdigin
Biýaradan jyklap ýatan terne deý.

Gözbaşyny görejinden getirýän
Yşk şemaly ýüregimi ýelpeýä.
Özge gyza rowa görmedik sözüm
Saňa aýdasym gelýä…

*  *  *

Ýalňyzlykda arasynda agaçlaň,
Bagtyňa ýokmasyn reňki saçlaň,
Bir saňa, bir saňa syrymy açsam,
Bagyşla!

Söýeýin ýyllaryň dört pasly bilen.
Söýenmi ýyllaryň dört pasly biler.
Ynamyňy ödäp bilmesem eger,
Bagyşla!

Güneş bulutly gün gijigip dogar.
Ýa seň sähra meňzeş ýaglygyň ezen
Ýaz ýagmyry bolup bilmesem eger,
Bagyşla!

Seniň sadalygňa, ýönekeýligňe,
Eşrediň serhedi elwan köýnegňe,
Ýakaňdaky bir enaýy nagşyňa,
Ýaglygyňy geňsi edip daňşyňa
Aşyk bolanymy bagyşla!

*  *  *

Söýgi – gala, girmesi kyn, gireňsoň,
Çykmasy asyl-ha mümkin bolmadyk.
Söýgini gören ýok ýeriň ýüzünde
Hem ýok oň elinde misgin bolmadyk.

Söýgi baradaky janly düşünje –
Gözleň mawy güýzüň gijesi kibi.
Gül ýalak,
gülälek gyrmyzy lebiň
Ýatladýar ýaşaýşyň süýjüdigini.

Şol lebiňde bal däl, dirilik suwy,
Çeşmäniň tolkuny – saçlaryň towy,
Saçlaň gije, ýöne ýyldyzlary ýok.
Saçlaň uzyn tomus – gündizleri dek.

Hatda öpmäge-de dözüp bolmajak
Ýaňaklaryň ömrüň ilki garymy?!
Seni görüp durkam göresim gelýär,
Ýalňyzlykda kim diňlesin zarymy?!

Durkuň bilen tebigata meňzeş sen,
Meňzeş sen ýyllaryň dört gül paslyna.
Galam alyp, gije-gündiz synanşsam.
Gorkýan ömrüm ýetmez öýdüp waspyňa.

*  *  *

Ýaňy-ýaňylaram çagadyk,
Serçeler deý bagdan çar ýana dagan.
Biz ýyllary batbörek deý galgadyp,
Soň ýigit ýetişdik murtlary taban.

Ýaňy-ýaňylaram çagadyk,
Geçip ýyldyrym deý ýyllaň duşundan.
Ýollar kibi çar tarapa dagadyk,
Çykdyk ala gözli gyzlaň düýşünden.

*  *  *

Bu ömürde kän zatlary ýitirdim,
Maňlaýy sypjyrlan çagalygym meň.
Gözden ýitdi depeleriň üstünde
Ýyllar tutdy gitdi kirli ýeňinden.

Bu ömürde kän zatlary ýitirdim,
Bendi bolup gözelleriň gowsuna.
Ýaşlygym bir gyzyň gözünde galdy,
Siňdi saçlarynda tylla tolkuna.

*  *  *

Şol gije şeýlebir ýyldyrym çakdy,
Bize bagtyň nämedigni ýatladyp,
Biz şol tüni unutmazlyga hakly,
Ýyllar gidibersin suw deý batlanyp.

Şol gije şeýlebir ýyldyrym çakdy,
Asman ýazyň ýasyn tutup aglady.
Gögüň al gylyjy gynyndan çykdy,
Gussasyn ýaşmak deý syryp daglaryň.

Şol gije şeýlebir ýyldyrym çakdy,
Geljek has oňat göründi geçenden.
Şol gije sen maňa ýylgyryp bakdyň,
Dünýäň gyňyr gyzlarynyň içinden.

*  *  *

Görnügi gül, goşa nary – goşa Gün,
Perýady persala pygan perişdäm.
Eý, sen, zemindäki älemgoşarym,
Eý, sen, asmandaky nyýazy-rişdäm.

Gülberi gam, gözýaş – bulutlar ýaly,
Kalbymda ýazdyrdy kerwen ýüküni.
Eý, sen, şamu-säher unutmaýanym,
Eý, sen, ruhumyň mermer sütüni.

Başym bela, paýym goýup pajyga,
Çeşmimden ýaş bolup akan jigerim.
Eý, sen, dirilikde hötjet, ajy gam,
Eý, sen, ýoklugymda bitjek dilegim.

*  *  *

Sen dymýaň, ondan bäri ýyl geçdi,
Sen meni eýläniň bäri Mejnunyň.
Men seni söýmedim ahyr bilgeşli,
Men seni söýmedim ahyr mejbury.

Zeýrenme, bu yşka sataşanyňa
Hemem yşkyň ataşyndan eýmenme.
Söýülmek gyzlara uly bagtdyr,
A ýigitler üçin bir gez beýgelme.

Neçüýn güýz güli deý barýarsyň solup,
Hem neçüýn söýgime ynam edeňok?!
Söýgiň nämedigni, güýjüni onuň
Düşündirmez hiç şahyr, hiç pedagog.

Gelseň gussalary sowrup bir ýana,
Ömrüme berilseň ykbal göterlip,
Meniň çöken göwnüm galkyndyrmana
Seniň tämiz ýylgyryşlaň ýeterlik.

*  *  *

Öwrülme geçmişe sen,
Baýdak bolup pasyrda.
Söýüp ýetişenim sen,
Tutuş çärýek asyrda.

Gidip ýok hyýala sen,
Syr berme özgelere.
Gözleriň pyýala seň –
Bakmasyn özge ýere.

Seň gözleriň nury kän,
Özge gyzlaň gözünden.
Sen ýitäýseň, dirikäm
Giderin ýer ýüzünden.

Neçüýn gözleň gülenok,
Gözi ýaşaran dilber.
Meň ömrüme girenok,
Sensiz ýaşalan günler.

*  *  *

Dokuz pelegiň biri men,
Müň pelegiň biri sensiň.
Seň hijriň bilen diri men,
Çarhypelek nury sensiň.

Uçuradyp jepalara,
Köňlümi deňäp şalara,
Sözümiň baky galarna,
Ebedi diregi sensiň.

Bil baglaýyp dendanyma,
Syraryn gaflat perdäni men,
Bu yklymyň merdany men,
Ýedi yklym hüýri sensiň.

Söýgi synsa, ömür tamam,
Bolma jenneti hantama.
Gözleň sowal, sözleň doga,
Bakylygyň dini sensiň.

*  *  *

Kösänok häli,
Yhlasyň depämde pelesaň kakýar.

Kömelek ýaly
Seň sähra kalbyňda güberçeklärin,
Ýazlaň guraklygna bakman.
Kebelek ýaly
Bar bela-beterden gutaryn başym,
Seň ýanýan ýüregňe özümi oklap.

Men ýyldyrym bolup çakyp bilmedim
Hem gürläp bilmedim asman mysaly.
Säher penjiräňiz kakyp bilmedim,
Bolup şat baharyň sergin şemaly.

Ünsüňi özüme baglap bilmedim,
Älemgoşar kibi öwsüp al-ýaşyl.
Ýok, men bulut bolup aglap bilmedim,
Uzynly gün syrykdyryp gözýaşym.

Gün bolup dogmadym, gar deý ýaňagyň
Eräp giderinden eýledim heder.
Şeýle bagta rowa görseň oňaryn,
Lebleriňden ýaşaýşyma tagam ber.

Söýdüm seni, çekdim söýgiň ahyny,
Aýdym aýtdym, şowsuzmy ýa şowlumy?!
Az görme, ezizim, etdim ahyry
Elinden gelýänin adam oglunyň.

Ýyllar geçer gider, sen düşünersiň.

Solanda ýürege meňzeş ýapraklar,
Güýzde baglar bilen deň düşünersiň.

Kalbyň geçen günler sary imriger
Ýaşlyk ýagtylykdyr, siňer iňrige,
Örter töweregi tüm,
düşünersiň.
Gözýaşyňy goşup ýazyň ýagşyna,
Söýgüli sözleriň bolar «Bagyşla!»
Ezizim, hiç düşünmäniň ýagşydyr,
Soň düşünenden.

*  *  *

Köňül gam laýa batsa,
Uz basyp, gelip assa.
Kalba salyp dabara,
Hallarymdan habar al.
Diý: «Serden dabanňa çen,
Söýenmi gabanma sen»
Başga dermanym ýokdur,
Şeýdeňde aýňalmasam.

*  *  *

Wysalym – suw, tolkunlar,
Ýowuz daş kenarmy sen?!
Ala gözleriň – peýkam,
Jigerme çenärmi sen?!

Sen ömrümiň ýaz güni,
Sen mukaddes baýlygym,
Ýazgyn ýaýla ýaglygyň,
Parç bolan sonarmy sen?!

Lebi köz, saçy sünbül,
Salam söýgiňe müň gün.
Agartdyň saçym, süňňüm,
Şoň bilen oňarmy sen?!

Göwräm içimde demim,
Köňül içre melhemim,
Tüm dünýäde ak şemim,
Üflesem sönermi sen?!

Müňkür sen bagtym saýsam,
Ýyldyrym kibi synsam,
Ýyldyzyň kibi süýnsem,
Şonda ynanarmy sen?!

*  *  *

«Meni unut!» diýýäň.
Meni nämelere eýleýäň mejbur.
Seni unutmaga, nerkes göz dünýäm,
Maňa ýaşlygymy unutmak zerur.

«Meni unut!» diýýäň.
Mümkinmi näme?!
Seniň bagtyň ysy gelýän ýanyňdan,
Taýýar men geljege siňip gitmäge.

«Meni unut!» diýýäň,
Birçak taýýardyň
Ýatda däl, ýanymda galmaga, dilber.
Sen – güýz, baglaň ýapragynda saralan,
Zeminiň üstünde şat geçen günlem.

Serhoş bolup yşkyň paýapylyndan,
Suwa däl, seň täleýiňe ýykylyp,
Sen bir altyn gazyk, söýgi zynjyrna
Baglanan men, hiç bilemok çekilip.

Diýýäň: «Ýyllar eli ýeňil tebipdir,
Seniň ähli dertleriňe em eder».
Dogry.
Ýöne galaryn men tebipsiz
Seni undup bilmän soňky dem deň.

*  *  *

Men gaýdyp gelmerin seniň ýanyňa,
Mümkin däl zat ýokdur ýeriň ýüzünde.
Seni söýen keşbim galsyn gözüňde,
Hem düzen aýdymlam seniň şanyňa.

Men seniň ýanyňa gelmerin gaýdyp,
Tukatlyk derdinden edip howatyr.
Gijäni agladyp ýörenden şeýdip,
Unudany unudanyň gowy ahyr.

Men seniň ýanyňa gaýdyp gelmerin,
Bilýän, başarnygym eýlemez kemter.
Seniň ýatlamasy geçen günleriň
Köýen yhlasymyň üstünden elter.

*  *  *

Göwnüne degilen gowy gyz ýaly,
Bu gün asmanyňam gül ýüzi soluk.
Ýürek gyýýar bulduň geçip barýany,
Seň gidişiň gaýtalanmasy bolup.

Söýgimiziň ýalňyz şaýady Şatut.
Söýgimizi gören, gürrüňmiz diňlän.
Bu gün ýalňyzlygmy görüp aglady,
Gussasyn gursagna sygdyryp bilmän.

Tylla ýüzügiň deý ýiten söýgimiz,
Aýralygyň barmagynda gyşlady,
…Bize şol güzeriň ýanna garaşýan
Ýalaňaç Aý özün suwa taşlady.

*  *  *

Ýagyş!
Artdyr adamlaryň şat ýylgyrmasyn,
Özlerini bagtly saýan mahaly.
Ýuw, guşlaryň bagda şirin nagmasyn
Hem ýaşaýşy ýada salýan bahary.

Ýuw gyzlaryň ýelden ýumşak zülpüni,
Badyhowalygny belent arçalaň.
Birsydyrgyn petişligi, dür kibi
Damjalaryň bilen owrat, parçala!

Negözel bu baglar monjuk dakynsa,
Ýag, çagalaň öýe gaçanna bakma!
Aýdym aýt, geçegçi ömrüm hakynda,
Aýdym aýt, aýdym aýt söýgi hakynda,
Ýöne heşelle kakma!

*  *  *

Ellerimiz gider, gül bor Watanda,
Aýaklarmyz gider, galar köteller.
Serlerimiz gider, galar matallar.
Gözlermizden gözýetim,
Ýüregmiziň ezýeti,
Dilleň namysy galar.
Bulut ýagar nur bolup,
Ýerde lälesi galar.
Derýa gutar bugaryp,
Guran hanasy galar.
Eziz, aýt, ahyry,
Ahmyr-ahymy,
Köýen yşkymyzyň
Nämesi galar?!

*  *  *

Sen meni däl, goşgularmy söýüpsiň.
Goşgulamda gözleň balkyldanokmy?!
Duýgym inçe dälmi billeriň ýaly,
Seň ýüpek saçlaryň gül ysy ýokmy?!

Sen meni däl, goşgularmy söýüpsiň,
Eşdeňokmy ýüregimiň ahyny.
Goşgularym maňa meňzemeýärmi,
Goşgularym meniň özüm ahyry!

Sen meni däl, goşgularmy söýüpsiň,
Eý, didämden uçan dilber gara ber!
Seň bilen durulan ýekeje pursat,
Sensiz geçjek tutuş ömre barabar.

*  *  *

Pukara bosagaň guly bolaýyn,
Müň bizar men aýralygyň tagtyndan.
Men seni ýitirip şahyr bolaryn,
Gora meni şahyr bolmak bagtyndan.

*  *  *

Men geldim, çünki men gelmän bilmedim.
A sen neçüýn gelenimi sorama.
Ýüregimiň gürsüldisin diňleseň,
Sen jogap taparsyň şeýle soraga.

Men geldim, derdime eýledim alaç,
Bulutlar aglansoň, gülensoň ýazlar.
Ýatlamanyň oky gelensoň çawup,
Edaly bir-birne çakyşyp çawuş.
Seni ýada salyp bilensoň gyzlar.

Düýşler gamgyn aýralygyň serhedin
Bozansoň, uzakdan gelen ok bolup,
Geldim tukatlygy edip ýaraty,
Yzda aglaý-aglaý galdy ýekelik.

Men geldim, tapmadym ebeteýini,
Ak bagtymy çal kül üste çökermäň.
Garagymda lemmer-lemmer gussam bar,
Ýüregimde gatbar-gatbar çoh arman.

…Neçüýn gelenimi sorama, dilber,
Düşünäý ahyry sesiň çykarman!

*  *  *

Saňa şu suratym ýadygär galsyn,
Bilip bolmaz, günleň bir güni birden
Ýalňyzlyk öňünde bolsaň mejalsyz,
Gussaly gözlerme seredip bir dem,
Duýarsyň şat ýaşlygmyň sowlanny,
Diýersiň «Nähili gowy oglandy».

Edebiýat, Pegas tarapyndan 3 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir