Gör, näçe wagt daşlaşdym men şygyrdan,
Soňky wagtda ýazylanok kyssa-da.
Baglaň guran ýapraklary şygyrdap,
Ýogsam, kalba degip geçýär gussa-da.

Honha, tanyş ýeller tanyş köçede
Birçakky deý gezip ýörler aýlanyp.
Birin ýalkap, bir ykbaly keç edip,
Yzda galdy ýaşlyk-joşgun...aýralyk.

Ýyllaryň içinden geçip men parran,
Müň sowal ýitirdim, jogap tapmadym.
Göwün ýaş bolsa-da, bu göwre garran,
Gepinden daş boldum gompy-akmagyň.

Geçdim bu ýollary juda aýgytly,
Menzillerde büdremedim keýtikläp.
Täleý maňa daraşsa-da haýbatly,
Janym sagat
Ýa zehinden göýdük däl.

Ýazasym gelenin ýazdym şagladyp,
Ýalňyzlykda kän gygyrdym aýdyma.
Kalbyma nur edip yşkyň şuglasyn,
Umydygär bakdym kän Aý aýdyňa.

Ýaşlykda aýlandym ýaramezana
Ýa gorkup gezmedim Rejep «gargadan»,
Ýa ýolumdan azaşmadym her ýana,
Berk sakladym enemiň pent-sargydyn.

Gaçdym mydam ownuklykdan-uşakdan,
Sähel zat üstünde etmedim jenjel.
Otluk ýerde eşegimi duşaklap,
Ýandak çapyp gezdim.
Bir ýanym jeňňel.

Dostum bilen (hökman däl oň kimligi)
Ýükümizi ýetirerdik balykdan.
Çeňňek atyp, balyk tutmak endigi,
Belki, Şamil Kudermetden galypdyr?!

Depä çykyp gygyrdym men düýnüme,
Ýaşlygymdan tapylmady «hä» beren.
Ýetjek bolup ýatlamalaň düýbüne,
Geçdim deňesinden Enekäbeleň.

Gözüm düşüp Rahmanguly Baýhana,
Birwagtkym deý tasdan ylgapdym yza.
Salam berdim eli pilli daýhana,
Bu zamanda söýgi nire, men nire?!

Gör, nirlere ýetdim düşüp tigirden,
Kalbym içre hijran-da ýok, gussa-da.
Gör, näçe wagt ara açdym şygyrdan,
Gör, näçe wagt ýazylmaýar kyssa-da.


Döwlet GARKYN

Edebiýat, Pegas tarapyndan 2 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir