Eje e$idyärmin oglun sesini
Gamsyz gezip yörün A$gabatda men
Yandak bilen yakyp demir pejini
Duluna duwlanyp oturansyn sen
Ya jorapjyk örüp, ya yamag yamap
Unutjak bolyansyng gaygy- gamyngy
Cyranyng peltesin galdyryp käte
Ding salyp uludan alyansyng demi
Dinge pejing $atyrdysy diymeseng
Gum-guklukdyr, bilyan icering Eje
Egsilen tüncäni dolduryp yene
Goyarsyng, hemishe höwürdesh peje
Kendirik gemiryän körsycan kimin
Dyrmalar aynaňy da$aryň yeli
Diwarda asylgy durandyr $indem
Kakamyň getiren kagyzdan güli
Bilyän, gynanc bilen caňyny sylyp
Kagyzdan ysymy alyansyň, bilyän
Ukusyz gijeler, uzak gijeler
Hyyalyňda yene yanyňa gelyan
Yene A$gabada ucar hyyalyň
Yene men barada gayga gidersiň
'' oglum aman bolsun, dik bolsun ba$y''
Alladan dilarsiň, alky$ edersiň
Men bolsa ernime sigar gysdyryp
Bilyard oynamaga baryaryn baga
Belki sorayansyň häzir $ol gülden
'' Hany seni sansyz ysgadan caga ? ''
''Hany bu hütdügiň han ogly hany?
Indi ucurmazmy oglum batbörek?
Yekesiräp, yetim galaymalymy
Y$kyny perzende siňdiren yürek? ''
Men bolsa ernime sigar gysdyryp
Billyard oynamaga baryaryn baga
$ol kepbede sallancagy üwrelip
Näce cyrcygyna cydalan caga
$ol tamda äleme inderdiň meni
$ol kepbede acdym, Eje, gözümi
Yadyňdadyr begendirip baharda
Ilkinji aydy$ym eje sözüni
$ol kepbede durjan-durjan bolup men
Gujagyňa gollarymy geripdim
$ol kepbede yörjen-yörjen bolup men
Gapa cykyp güne salam beripdim
Indi adam boldum, adam boldum men
Dogrudanam adammykam asylly!?
$ol sowaly sorady aň yurekden
Yürek dymdy, yurek aňdan basyldy
Namys näme? Gayrat näme? Ar näme?
Bu babatda akyl berip ynsana
Sapak gecyän, makala-da yazyan men.
Sowulyan $owhunly, jazly meydana
Arpa suwnyň düwme-düwme köpügi
Birden gözya$yňa öwrülyär, Eje
Men olary i$dä bilen icyärin ...
Yene yandak salyaň sen sowan peje
Diwardaky aynadan öz suratym
Gyňyr garap degyär meniň degnama
" alym bolsang ayt, e$deli han ogul,
Namys näme? Gayrat näme? Ar näme? "
E$idyäňmi Eje, ogluň sesini?
Agyr oylar du$aklayar ädimmi.
Senden uly sud yok manga, jogap ber
Men adammy, Men asylly adammy!?

Edebiýat, spartac tarapyndan 2 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir