JUMA GÜNÜNIŇ DOGA-DILEGLERI
Lä ilähä illallah, Jumga gününiň sebäbi bilen, Muhammedur Resulalla, gerek ýüzüň kölegesi bilen, Dünýe we Ahyret myradymy ber, Melekler dogasy bilen, Ýa wedudum, eňtel maksudym.
Kulhu Allahu ahad, Bir müň bir ismiňden medet, Ýetiş dada ýa Muhammet. Kulhu Allahu ahad, müň bir sapar ýa Samed, Jennet gapylaryny aç, meniň günälerimi geç. Meniň günälerim bar bolsa, Seniň ýaly Halygym bar. Muhammed aleýhissalam ýaly dostum bar. Ylahy, gabra baran gijämde lutf eýle. Ýalňyz galan gijelerimde bilmeýänimi bildir. Gabrymy nur bilen doldur. Köwser şerabyndan gandyr. Uly jemalyňy görkez. Gije gündiz ýalbararyn saňa, Dünýä we Ahyret myradymy ber maňa.
Rebbim Allah, pikrim zikrullah, kalbymyň nury Resulallah, owwalym Allah, ahyrym Allah, Lä ilähä Illallah, Muhammedur Resulallah. Jumga ýaly günümiz bar, Yslam atly dinimiz bar, Muhammet ýaly şa:hymyz bar. Alla diýdim, dossum diýdim, togsan dokuz ismiňe, möhür goýdum üstüne, Syrrym Subhanym Allah, Derdim dermanym Alla, gapyl guluňa gam düşüpdir, ýetiş dada ýa Muhammed.
Kulhu Allahu Ahad, Müň bir sapar ýa Samed. Ýa Allah, ýa Muhammed, diläris senden şepagat.
Lä ilähä illallahdyr özüm, Muhammet Mustapa sözüm, Yhlasy Şerif bilen ýuwdum ýüzüm. Aýatyl Kursi haky üçin, sen, kabul eýle sözüm.
Bu gün Jumga günüdir, Dinim yslam dinidir. Dinimiň Yslam dini bolanyna, Ýetmiş müňüň nyfsyna, Möhürledim üstüne.
Lä ilähä illallah üç myradym bar. Biri Jennet, biri Derýa, didaryňy görmek. Aç jemalyňy, görkez didaryňy ýa Resulallah. Aman ýa Rebbi ýa rebbena her halym maglumdyr saňa. Gije gündiz ýalbararyn saňa. Jennetiňde garşy al. Allahym gabrymyzda rahatlyk, syratda salamat, şirin janymyz saňa amanat. Soňky demimizde salamatlyk yhsan eýle. Gabyr sowallarymyzy aňsat eýle, Jennetiň bile jemalyny jümleler bile maňa-da nesip eýle. Lä ilähä illallah, senalar dogasy üçin, Muhammedur Resulalla arşy-agla kölgesi üçin. Hassalara şypa, dertlilere dowa, bergisini berip bilmeýänlere edalar yhsan eýle. Elif Alla, Nur Muhammet tiz salamat. Ýa Jelil etme zelil, gönder delil. Ylahy Ýa Rabby, hajatymy Rehmet derýasyna ulaşdyr. Doga bilen açylan elleri ejabete ýetişdir. Allahym senden başga hiç kimimiz ýokdur. Lä ilähä illallah arşy aglaýa, Muhammedur Resulallah şükür Möwlama. Ýa Rebbi ýa rebbena her halym maglumdyr saňa. Jenneti Aglada jemalyňy görkez maňa. Lä ilähä illallah günälermizi affeýle. Muhammedur Resulalla makamymyzy nur eýle. Ylahy ýa Rebbim, soňky demimizde özüme eýe bolup bilmedik wagtlarym, bu dogany saňa amanat edýärin. Irde giçde, dagda-daşda sen ýerişdir ýa Muhammed. Selatu selaýa, ýolladym Möwlaýa, sen jümlämiziň myradyny ber, geljekki Jumgaýa...
Lä ilähä illallah we jellehu edasy bilen, Rebbim myradymyzy ber melekler dogasy bilen. Lä ilähä illallah, kalbymyzy garaltma, ryzkymyzy azaltma, gabrymyzy daraltma, senden başga gapy gözletme, Muhannese mätäç etme. Lä ilähä illallah, iman bile sabyr, Muhammedur Resulallah azapsyz gabyr. Allahym meni Affeýle, her derdimi dep eýle, ryzkymyzy bol eýle, gabrymyzy nur eýle, sowaly melaýyklaryň jogabyny muktedir eýle. Owwalym Allah, Ahyrym Allah, Kalbymda Beýtullah. Lä ilähä illallah Muhammedur Resulalla. ''Eşhedu ellä ilähä illallah we Eşhedu enne Muhammeden Abduhu we Resuluhu'' diýip göz ýummaklygy nesip eýle ýa Rebbi. Allahym şeýtanyň şerinden, duşmanyň mekirinden, nebsimiziň şerinden, gabyrdaky ýylanlardan içýanlardan, ölümiň dehşetinden, gabyryň wahşetinden, syratyň zulmatyndan muhafaza eýle.
Ölümiň haýyrlysyny, üç aýlaryň birini, Ýasiniň ýarysyny okaýarkam ölmegi nesip eýle ýa Rebbi.
Ämin...
Juma gününiň doga dilegleri
-
biohimik
3 years ago
- Amin
-
biohimik
3 years ago
- Jumalar mubarek
-
Jeksparro
3 years ago
- Ämin hemmaňiziňki kabul bolsun...
Nirvana 3 years ago- Jumaňyz mübärek bolsun!