Göwher gaşly ýüzük #8
Hekaýa
Jemleýji bölüm
Ahmedik97 agzanyn "Göwher gaşly ýüzük "hekayasynyn dowamy
Döwranyñ özüniň hem yuregine ot düşeni üçin Tamaranyñ diýenini edip, Aýgüllere baryp gelmek üçin öýden chykyp gitdi.
Ýüreginde harasat gopan Aýgül yureginde nadip gelenini hem bilmedi.
Gapydan giren badyna:
-Eje! diýip, gygyranyny hem duyman galdy. Icerki otagdan cykan Narhal gyzynyn ýüzüne gözi düşenden onuñ bir üýtgeşik zadyñ ütünden baranyny añdy.
-Weý, saña näm boldy, Aýgül, ýüzüñ dagyñ ak tama dönüpdir-le?-diýip, ol gyzynyñ golaýyna bardy-da, onuñ ýüzüne dikanlap seretdi.
-Maňa beýle seretme, eje! Sen maña bir zadyñ dogrusyny aýt. Göwher gaşly ýüzügiñi nätdiñ?
-Weý, ol saña häzir nämä gerek boldy?
-Ol maña gerek däl. Ýöne ony nädeniñi aýt, eger öýde bolsa çykaryp görkez?!
Narhal bir uludan dem alyp, gyzynyñ yuzune müýnli garady:
-Aýgül, gyzym, men yigrimi bas yyldan bäri içimde saklap gelýän bir syrymy ýakynda kakaña aýtdym. Ol dùşündi. Saña aýtmagy birhiliräk görüp saklandym. Meniñ ýigrimi bas yasly bir oglum bar. Onuñ bilen gatnaşasym gelýär. Seniñ soraýan ýüzügiñi onun gelinligine sowgat berdim.
-Ine, indi sen hemmesi aýan boldy, eje! Sen ogluñ gelinliginiñ kimligini bir bilýäñmi?!
-Hawa, bilýän. Näme beýle gygyrýañ, ýa ol erbet gyzmy?
Şol wagt isden gelen kakasy eneli-gyzyñ bolup duruşlaryna hayran galyp:
-Bu name gykylyk? Namaniñ dawasyny edyaniz? - diydi.
-Kaka, ejem göwher gaşly yuzugini oglunyn gelinligine sowgat beripdir-diýip, gozune yas aylady.
-Şeylemi? Onuñ gelinligem bar ekenmi? Goý, aglama, gyzym. Berse bersin. Eger gerek diýseñ saña-da edil sonuñ yaly yuzuk alyp beräyerin.
-Kaka, gep onda däl! Maña yuzuk gerek dal. Ynha şol ýüzük!- diyip, eliniñ aýasyny açyp gorkezdi. Narhal yuzugi eline alyp, gözden geçirdide:
-Bu senin eline nadip düşüp ýör? Saña muny kim berdi?- diýip, geñirgenip sorady.
-Özüñ! Özüñ ogluñ gelinligine sowgat beripsiñ-ä! Ogluñ gelinligi ine, men, eje! Seniñ öz gyzyñ!
Narhal erbet aljyrady:
-Sen name dälirediñmi? Men muny oglumyñ gelinligi Tamara oz elim bilen berdim- diyeninde sesi sandyrap cykdy.
-Tamara ogluñ gelinligi däl, ol onuñ goñşusy. Indi dusundinmi, eje?!-diyip, Aýgül aglamjyrap gygyrdy. Sol wagt içerä Dowran girip geldi. Ol bu yerde Narhaly gorup:
-Narhal dayza! Siz bu yerde name diyip geldiniz?-diyip, haýran galmak bilen sorady.
-Ol bu yere basga yerden gelenok. Bu õy Narhal dayzanyñ oz oyi, menem gyzy, Dowran...-diyip, Aygul iki elini yuzune tutup aglap, icerki otaga girip gitdi.
Dowran seyle bir aljyraññy yagdaya dusdi weli, name etjegini bilman duran yerinde doñup galdy. Aýgüliñ kakasy bolsa ýigidiñ yagdaýyna düşünip, oña duýgudaşlyk bildirýän manyda onuñ egnine elini goýdy. Şundan soñ Döwran huşuna gelip, ýuwaş çykyp gitdi.
Narhal diwanda oturan ýerinden bir gapdala agyp gitdi. Adamsy onuñ eliniñ damaryny tutup görüp, özüne özi gepleýän ýaly:
-Huşundan gidipdir. Birsalymdan huşuna geler. Ýöne bu işlere kim günäkär? Ykbalyñ öwrümlerimi ýa-da günäsi geçilmejek enelermi?-diýip, uludan demini aldy...
Soñy!
14.11.2021 10:51

Edebiýat, Xyivenia tarapyndan 3 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir