Allaha iman Allaha iman – Allah Tagalanyň barlygyna, ýeke-täkligine ynanmak hem-de Ony sypatlary we gözel atlary bilen doly tanamakdyr. Allaha iman ähli dinleriň esasydyr. Allaha ynanmak, Oňa daýanmak we ybadat etmek mätäçligi ynsanyň ýaradylyşynda bardyr. Allahyň barlygynyň delillerinden biri hem şudur. Çünki, fytrat – ýaradylyş ýalan sözlemeýär. Ynsanyň fytratynda beýik Ýaradyja ynanmak, Oňa daýanmak, ybadat, doga-dileg etmek mätäçligi bardyr. Allahyň barlygyna hiç bir delil bolmasa- da, fytrat we wyždan delili artykmajy bilen ýeterlikdir. Aslynda, Allahy inkär etmek ýoluna düşenler hem başlaryna bela inen wagty Allahy ýatlap, Ondan pena isleýärler. Ýöne beladan halas bolanlaryndan soň, ýene öňki boluşlaryna ýaşaberýärler. Munuň mysallary sanardan köpdür. Bu ýagdaýy Kurany Kerim şeýle beýan edýär: «Ynsana bir zyýan ýetende ol ýatan, oturan ýa-da dik duran halynda bize ýalbarýar. Ýöne ony şol zyýandan halas edenimizde, hamala, ýeten zyýan sebäpli bize ýalbaran özi däl ýaly hereket edýär, öňki bolşuna galýar», (Ýunus, 12)

Köneler, ynsan tarapyndan 13 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir