Duzly Kofe Ol gyzy bir oturluşykda görüpdi. Gaty owadan gyzdy. Hemme oglanlar onyň bilen tanyşjak bolýardy. Oturluşyk gutaranyndan soňra ol gyzy kofe içmäge çagyrdy. Gyz oglany tanamaýardy. Oňa kän ünüs hem bermändi. Emma oglanyň eden teklibine näziklik bilen `bolýar` diýdi. Olar köçäniň gyrasyndaky çaýhanada kofe içmek üçin oturdylar. Emma oglan gyzyň ýanynda gaty aljyraýardy. Sebäbi gyza gaty aşyk bolupdy. Gyz bu ýagdaýda kän oturman öýüne gaýtmagy ýüregine düwende oglan ofisanty çagyrdy we ondan duz isledi. `Kofeme atmak üçin` diýdi. Muny eşiden beýleki müşderiler hem geň galyp oňa seredişdiler. Oglan utanjyndan ýaňa dym gyzyl boldy. Ýöne hiç zat bolmadyk ýaly duzy kofesine atyp içmäge başlady. Gyz hem haýran galyp `Üýtgeşik agyz tagamyňyz bar` diýdi. Oglan bu ýagdaýy şeýleräk düşündirdi `Çagakam deňiziň kenarynda ýaşaýardyk. Hemme wagtymy deňizde we kenarynda geçirýärdim. Deňiz suwynyň tagamyna öwrenişdim. Duz tagamy bilen ulaldym. Şondan bäri hem kofeme duz atyp içýärin. Haçan şeýdenimde çagalygym ýadyma düşýär we ene-atamy ýatlaýaryn. Enem-atam şu wagt hem şol ýerde ýaşaýar. Olary şu wagt hem gaty göresim geldi`. Bulary oglan gyza gürrüň berýän wagty oglanyň gözi ýaşarypdy. Gyz oglanyň gürrüňünden täsirlenipdi. Gyz oglanyň açyk ýürekli, göwünjeň, maşgalasynyň aladasyny edýän we maşgalasyna eýe çykýan biridigine göz ýetirdi. Oglan gürrüňini soňlandyrandan soňra gyz hem öz duruşy barada, çagalyk ýyllary barada, maşgalasy barada gürüň berdi. Bu ýerde gyz bilen oglanyň arasynda gyzykly söhbet bolupdy. İkisi hem biribirine ysnyşypdylar. Gyz bilen oglan ýene duşuşmaga dowam etdiler. Ençeme duşuşykdan soňra biribirlerini halamaga başladylar. Esli wagtdan soňra bolsa durmuş gurup toý etdiler. We bir ömür boýy agzybirlikde ýaşadylar. Hiç wagt birbirleriniň göwnüne degmediler. Aýaly adamsyna haçanda kofe taýynlanynda onuň kofesine duz atyp berdi. Bu ýagdaý 40 ýyl dowam etdi. 40 ýyl soň adam ýaraman ýatdy we öljegini bildi. Öljek wagty aýalyna `Ölenimden soňra aç` diýip bir hat goýdy. Aýaly hem adamsy öleninden soňra ol haty açyp okady. Hatda: `Ezizim! Meni bagyşla. Bütün durmuşymyzy bir ýalan bilen dowam edenligim üçin meni bagyşla. Saňa ömrümde ýakeje gezek ýalan aýtdym. Ol hem `Duzlu Kofe`. Ýadyňdamy ilkinji gezek duşuşanymyz şonda aljyraňlylyk we utanjymdan `şeker` diýjek bolup durkam agzymdan `duz` sözi çykdy. Sen we beýlekiler maňa serdip durkaňyz utanjymdan täzeden `şeker` diýmäge çekindim. We ömür boýy bu ýalan bilen dowam etdim. Saňa hakykaty aýtmak üçin näçe dyrjaşdym emme sen menden uzaklaşarsyň öýdüp aýdyp bilmedim. Emma indi gorkara zat ýok sebäbi men ölýärin. Hakykaty isleseň men durmuşymda `Duzly Kofe`ni hiç halamaýaryn. Içeniňde ýüregiňi bulaýan tagam bar. Emma seni tanamagyma we seniň meň ýanymda bolmagyma sebäp bolanlygy üçin duzly kofeni ömrümiň soňuna çenli içdim. We muny içenimde ýekeje gezek hem puşman bolmadym. Sebäbi seniň bilen bolmak meniň üçin iň uly bagtdy. Men bu bagty `duzly kofe`ä borçludyryn. Dünýä täzeden gelsem we ýenede seni tanap duzly kofe içmeli bolsam ýenede seniň bilen bagtly bolmak üçin `duzly kofe` içerdim. Aýaly haty okap bolanynda aglaýardy. Ençeme wagtdan soň aýalyň joralarynyň biri `Duzly Kofe`niň tagamy nähili bolýar diýip soranynda ol aýal `Örän süýji` diýip jogap berdi.
Duzly Kofe
-
Djdawid
14 years ago
- sho wagt aljyrap gara burc diyen b.sa gowy bolardy. Oyun edyanlay sawol dayaw gowja tema.
-
eflatun
14 years ago
- Hayatin icinden? Nurik? :-D
-
sordepe
14 years ago
- täsin
-
betjebiri
14 years ago
- sordepe sen nirden
-
Cwetocek
14 years ago
- oran gyzykly we manyly!
-
Bravo
14 years ago
- Baaaah. Gyzkly ekeni! Sag bolun dayaw aga!
-
Leylisa
14 years ago
- Bet zat yazypsyn sagbol
-
dayaw
14 years ago
- Okanyň üçin asyl saňa sagbol
-
Leylisa
14 years ago
- Hakyky gowja zat
-
dayaw
14 years ago
- isleseň söýgi hakda mende hekaýa kän ýazyp bilerin ýada iberip
-
Leylisa
14 years ago
- Iyberay yone soygi bilen gyzyklanamok,belki son gerek bor
-
dayaw
14 years ago
- nirä ibereýin?
-
Leylisa
14 years ago
- Leyl305kurbangeld305yewa@mail.ru
-
dayaw
14 years ago
- bolýar ibererin ýöne sormagy ýatdan çykarypdyryn türkçe bilýänsiňä
-
Leylisa
14 years ago
- Elbetde,sen turkche bilyanmi
-
dayaw
14 years ago
- Ewet. iberjek bolýan zatlarym türkçe şonuň üçin soradym
-
Leylisa
14 years ago
- Ha iyber
-
dayaw
14 years ago
- Bolýar.
-
Leylisa
14 years ago
- Yone shu saytda turkche yazayma
-
dayaw
14 years ago
- näme üçin
-
Leylisa
14 years ago
- Sebabi bu turkmen sayt barde dine turkmen dogonlarymyz
-
dayaw
14 years ago
- dogry aýtýaň. Men diňe seniň e mailiňe iberjek. hatda barlap gör bir hekaýa iberdim uže
-
Leylisa
14 years ago
- Aa onda men maila jyrdym
-
dayaw
14 years ago
- bolýar mail baran bolsa habarlaş
-
Leylisa
14 years ago
- Bolyar
-
eflatun
14 years ago
- Leylisha, dayaw: grammatikanyz barada ha sozum yok! Biribirinize dine turkmenche gurlemeli diyip, turkche gurlemeli dal diyip yz yanindan orscha sozler ulanyanizmi? Hahaha!
Leylisha: mail, reklama?)))
-
dayaw
14 years ago
- eflatun dost gaty üns berme üns berseň meniň kemçiligim köpdür
-
Leylisa
14 years ago
- Sana zat yazyldymy shu wagt,maily yazan adamyn ozi bilyar,reklama etjek bolsom bashgacha edern,men mailymy barde bilyaler,grammatikam bilen ishin bolmasyn
-
Bravo
14 years ago
- Leyliska azar bermanow! ;)
-
ruslanjan
14 years ago
- eflatun tost gerek zadyna jogap berayin.Men şahsy pikirim.Gürrüne açyk aydyberin...
-
ruslanjan
14 years ago
- dayaw dost men haladym kim name diysede men bir söygi adamsy bizin saydymyzdada yazaweri dostjan gapymyz açyk bolar enşalla sizin yaly söygi tarapdarlary un.Sag bol!!!
-
korpeje
14 years ago
- sagja.bolay dayaw bet hekaya ekeni gozuma yashartdyn .......................
-
prince89
14 years ago
- bet bet hayran galdym! bu hekayamy wakamy namede bolsa men uly depderimde yer tutar!!! Sagbol
-
dayaw
14 years ago
- oglanlar we gyzlar okap baha bereniňiz üçin sag boluň. hekaýany goldaýanlar hemde goldamaýanlar hemmäňiz öz söwer ýarlaryňyza (öýlenmedik ýada durmuş gurmadyk bolsaňyz geljekki söwer ýaryňyza)wepaly bolmagyňyz arzuw edýärin. söýgi diýilýän zat bagt guşy ýaly hemme kişä nesip edýän däldir. nesip edenler hem gadyryny bilmese ol söýgi guşy ebedilik başyňdan uçýandyr. ol guşy bir uçurdygyň ömür boýy ahmyr çekmeli bolýandyr. entäk wagt barka söýgülimiz (aýalymz - adamymyz)ýanymyzdaka olara ýene bir gezek buýsanalyň hemde guwanalyň.
Uly we päk arzuwlar bilen DAYAW
-
nauk
14 years ago
- sag bol dayaw dost haladym
-
ruslanjan
14 years ago
- berekella ine men muna yanan diyerin
-
jeni89
14 years ago
- oglan diyenin solar yaly bolaysa.
-
Jiginiz
14 years ago
- SAGJA BOL DAYAW! Yene shunuñ yaly temalar bilen sayta girmek hemmämize nesip etsin.
-
poseluy
14 years ago
- Dayaw temanam özùn yaly dayaw($utka) sagja bol gowy hekaya.
kalkan994 14 years ago- selam