Salam güljagaz. Ýene seni ýatladym. Ähli gowy pursatlarda bolşy ýaly seni ýatladym ýenede. Ýa-da söýgi diýen zat şumyka? Durmuşyň iň gowy pursatlarynda bile bolmak islemekmi söýeniň bilen? Hyýal edýän käşgä seň bilen bileje bolsadyk. Deňiz kenaryndaky asmanda azatlyk bn uçyp ýören çarlak guşlaryny synlasadyk. Seň begençli gözleriňi görsedim. Söýýän sözüňi eşitsedim ýürekden. Ýa-da owadan baglarda bileje otursadyk. Çagajyklaň begençli seslerine biziňem gülkimiz goşulsady. Owadan gözleriňde durmuşa bolan söýgüni görsedim. Näz bn çykýan sözleri görsedim lebleriňden. Aý ýaly öwüşgin atýan ýüziňi görsedim. Dünýäme nur saçýan ýylgyryşlaryňy görsedim. Saňa seredip sen meň bagtym diýsedim. Söýýän diýsedim owadan gözleriňe seredip. Ýok ýok. Bu ýönekeýje söýýän diýmek bilen çäklenmek däl. Ol ýetenok taryplamaga bu duýguny. Saňa bolan duýgularymyň adynam bilemok. Her gün ýatmakam ýatlaýan seni. Seni şu gijede düýşimde görern umydy bn ýatýan. Ýa irden turamda seň ugradan ýylgyryşlaryňy görmek günime söýgi goşýar. Nähili duýgyka söýgi? Henizem bilemok. Ýa söýgi diýilýän hemme wagt seni pikir edýän biriniň barlygyny bilmekmikä? Ýa söýgi diýilýän hiç wagt birini unudyp bilmezlikmikä? Jogap tapyp bilmedim henizem bu soraga. Şahyr şeýle diýipdir bu hakda: Ýöne mahal-mahal iňrik garalyp, Seni ýatlap, oý edemde uzak, ýar, Azaşan ýolagçyň geýmine girip, Meniň söýgim meniň gapymy kakýar. Kämil bolup, aklym ýetdi bir zada: Köňül arzuwyna ýetme ýok. Bir gezek söýmek bar ýagty dünýäde, Ýaşamagam iki gezek berlenok. * Häzirem oýlanýan. Söýgi diýilýän duýgy nämeka? Bilýäňmi jogabyny gözel gyz? *Gurbannazar Eziziow – Söýgi (sonetler çemeninden
Söýgi,Hyýal, Oýlanma ýa-da aşyk ýigidiň ýüreginden çykan setirler.
-
nauk
14 years ago
- salam broker soyga ucuradynmy:-)
-
sido
14 years ago
- broker akyldarlan saytyny tapdynmy
-
Broker
14 years ago
- sido sen eyyam hawarak. sen owal o sayt bn tanysh dalmidin ?
waleykumsalam nauk, soyga ucuradym yone bizin dilimizdaki edebi soygi dalde, hakyky soyga
-
nauk
14 years ago
- , hakyky soyga
broker | 2
mydam shol soygide bolmagyny dileyan
-
Broker
14 years ago
- senem nauk, biz ucin in uly bagt Onun soygusini gazanmak
-
Maykl
14 years ago
- Soygin soragy bar,jogaby yok..
-
fistik
14 years ago
- soygi name bilmedim
mejbur etdi senin gara gözlerin
hazirem bilemok yöne duyyaryn
hemde seni söyyanlgim bilyarin
dayaw 14 years ago- Soygi diyilyan zat aslynda soyyanini alanyndan sonra gutaryan yada azalyan yaly. Sonux ucin hem bir yazyjy soygulisine hat yazanynda seyle diyyar: `Seni gorup bilmek umydyny soydum, senin bu koceden gecip gitjekdigini bilip seni gormek ucin garasmany soydum, menin sana yazan hatyma jogap yazyp ibermegini soydum...`