Hatyra edebi.
Türkmeniñ ýaşaýşyň bir pursaty bolan ölim bilen baglanyşykly edep ulgamyna hatyra edebi diýilýär.Munuň özi dirileriň merhumlary sarpalamak edebidir.
Hernäçe ýaşasaň-da, dünýäniň kanunyna görä, bir gün amanadyňy tabşyrmaly.Őlüm bolmasa, dirilik hem bolmazdy. Ölüp bolmasa, doglup hem bolmazdy.
Diňe başlanmaýan ýol gutarýan däldir.
Dirilik ölüm bardygy bilen tagama gelýändir.
Ölüm-sapakdyr.
~*~ ~*~ ~*~
Eger hassanyň jan berip başlandygyny görseň,kelemesini öwrüp,oňa Alladan iman dile.
Adam jan tabşyransoň, merhumyň eşikleri çykarylýandyr. Ony kybla bakdyryp, ýumşak düşegiň üstünde ýatyrgyn. Gözi açyk gitmesin,emaý bilen gözlerini sypalap ýumdyr. Ellerini döşüniň üstünde, aýaklarynyň başam barmaklaryny ýüpjagaz bilen daňyp goýmaly. Äňi açylmaz ýaly, ýaglyk bilen eňegini daňmalydyr. Üsti boş ýatmazy üçin, üstüne mata örtmelidir.
Ynsanyň ýogalanyny adamlara ur-tut habar bermek gerekdir. Türkmençilikde "Pylany öldi" diýen ýaly gödek sözler bilen ýas habary berilýän däldir. Oňa derek "Ýurduny täzeledi", "Amanadyny tabşyrdy", "Eýesine gowuşdy", "Hak jaýyna gitdi" diýen sypaýy hem gynançly sözler bilen aýdylýandyr.
Türkmeniň hatyra edebinde ölüm habary gelende, agy dessury ýerine ýetirilýändir. Merhumyň öýüne barýan erkek kişi iki eli bilen ýüzüni tutup, gapa ýa diwara söýenip, galmagalsyz aglaýandyr. Aglany köşeşdirmek, ýüregini ýumşatmak zerurdyr. Şondan soň ol aglamasyny goýup, bir çete geçip, ses-selemsiz otyrýar. Aýal-ebtatlaryr bolsa agy aglamasyny dowam etdirýärler, goşulyşyp aglaýarlar, çünki zenan ýüregi näzikdir. Emma, olaryňam aglamasynyň çeni bardyr, ýas ýerindäki ýaşulular olardanam aşa köp we aşa gaty ses bilen aglamaly däldigini talap etmelidir.
Türkmen dessurynda ýogalan bendäni mümkin boldugyça tiz topraga tabşyrmak esasy kadalaryň biridir. Emma, bu hemişe mümkin bolup durmaýar. Süňk hossarlarynyň bary hoşlaşmaga gelip ýetişýänçä, jesedi birnäçe wagtlap saklamaly bolýar. Muňa türkmençilikde "Merhumy myhman almak" dessury diýilýär, çünki çykan jeset indi bu dünýälik däl, ony diňe wagtlaýyn myhman alyl bolar diýen düşünje gaty gadym eýýamlardan saklanyp galypdyr.
Merhumy myhman almagyň berk kadalary bardyr. Merhum ýeke goýulmaly däldir, onuň ýanynda hökman adam otyrmaly. Onuň ýanynda iýmek-içmek, güzeran ýa gaýry dünýewi gürrüňleri etmek edepsizlikdir.
Merhum jaýlanmazyndan öň jesedi ýuwup-artmak türkmen hatyra edebiniň hökmany kadasydyr. Bu dünýäde arassalyk we päklik bilen ýaşalyşy ýaly, o dünýä-de arassa barylýandyr. Merhum erkek kişi bolsa, ony erkek adam, merhum aýal maşgala bolsa, aýal adam ýuwmaga haklydyr. Jesedi ýuwup-artmak örän uly sogapdyr. Őzem muňa, ilkinji nobatda, öleniň süňk hossarlary hukuklydyr.
Merhumy ýuwmagyň hökmany ýerine ýetirilmeli tertibi şundab ybaratdyr: jesediň aýagyna, eňegine daňylan ýüpleri emaý bilen çözüp aýyrmaly. Soňra bolsa synja gyldyrmaly. Kämillik ýaşyna ýeten bolsa, tehäret etdirip, ilki sag goluny tirsegine çenli, soňam çep goluny tirsegine çenli üç ýola ýuwmak gerek. Ýüzüni-de ýuwmaly. Soňra bolsa bedenini üç sapar ýuwup-ardyp, tämiz gamyşyň ýa "düşek atynyň" üstünde çep egninde ýatyryp, sag tarapyny, sag egninde ýatyrybam, çep tarapyny ýuwmalydyr. Bu tertip üç gezek gaýtalanmalydyr. Ýuwmak üçin ulanylýan suw mylaýym bolmaly, sabynlap ýa-da çogan garyp ýuwmalydyr. Soňra endamda suw galmaýança, arassa mata bilen süpürmek gerek. Şondan soň onuň gulaklaryny, agzyny, burnuny, beýleki agzalaryny pamyk bilen berkidip goýmalydyr.
Jeset ýuwulandan soň, hoşboý ysly gül sabyny, atyr sepip, kepene dolamalydyr. Merhumyň saçlary daralmaýar, emma aýagynyň, eliniň dyrnaklary aýrylýandyr.
Kepenlik mata ak biýzden edilip, uzynlygy bäş gary ýada alty arşyna barabar bolmalydyr.
Başga mümkinçilik bolman, ele ilen mata kepenlik ýerine ulanylanda, oňa kepeni zeruryýet diýilýär.
Mümkinçilik hem harajat bar ýerinde, kepeni sűnnet edilýändir. Erkek kişi üçin ulanylýan kepeni sünnet üç bölekden ybarat bolýar. Izar, lifaf we kamys. Izar bilen lifaf jesediň dabanyndan depesine çenli, kamys bolsa, boýnundan aýagynyň aşagyna çenli ýetmelidir. Üçůsiniň hem ini jesedi doly örter
Ýüzüni-de ýuwmaly. Soňra bolsa bedenini üç sapar ýuwup-ardyp, tämiz gamyşyň ýa "düşek atynyň" üstünde çep egninde ýatyryp, sag tarapyny, sag egninde ýatyrybam, çep tarapyny ýuwmalydyr. Bu tertip üç gezek gaýtalanmalydyr. Ýuwmak üçin ulanylýan suw mylaýym bolmaly, sabynlap ýa-da çogan garyp ýuwmalydyr. Soňra endamda suw galmaýança, arassa mata bilen süpürmek gerek. Şondan soň onuň gulaklaryny, agzyny, burnuny, beýleki agzalaryny pamyk bilen berkidip goýmalydyr.
Jeset ýuwulandan soň, hoşboý ysly gül sabyny, atyr sepip, kepene dolamalydyr. Merhumyň saçlary daralmaýar, emma aýagynyň, eliniň dyrnaklary aýrylýandyr.
Kepenlik mata ak biýzden edilip, uzynlygy bäş gary ýada alty arşyna barabar bolmalydyr.
Başga mümkinçilik bolman, ele ilen mata kepenlik ýerine ulanylanda, oňa kepeni zeruryýet diýilýär.
Mümkinçilik hem harajat bar ýerinde, kepeni sűnnet edilýändir. Erkek kişi üçin ulanylýan kepeni sünnet üç bölekden ybarat bolýar. Izar, lifaf we kamys. Izar bilen lifaf jesediň dabanyndan depesine çenli, kamys bolsa, boýnundan aýagynyň aşagyna çenli ýetmelidir. Üçůsiniň hem ini jesedi doly örter ýaly bolmslydyr. Zenanlarda bulardan başga syna abend we leçek ulanylýar. Syna abend boýy üç gez, ini goltukdan dyzynyň aşagyna çenli bolmalydyr. Leçegiň boýy iki gez, ini bir garyş bolýar.
Kepen ak matadan bolsa gowudyr.
Jesede ilki lifafy, soňra izary, ondan soň bolsa kamysy geýdirmeli. Aýallarda ilki syna bendi, üstünden lifafy, onuň üstündenem izary ýazýarlar. Kamysy geýdirip başyna, leçek oraýarlar. Ilki çep tarapyny, soňra sag tarapyny izar, soňam lifaf bilen örtýärler. Kepene dolanandan soň, hoşboý ysly gül suwlaryny sepmek gerekdir. Kükregine göwüs dogasyny:"Bismillähi-rahman-rahym" dogany salyp goýmalydyr.
Kepen geýdirilenden soň, jesedi tabyda goýmaga taýýarlyk görülýär. Jeset şo durşuna tabyda goýulýan däldir. Aşagynda haly dűşelip, soňra tabydyň üstünde goýulýar. Jeset daşaryk çykarylanda, ilki baş tarapy, soňra aýak tarapy çykarylýandyr. Şondan soň ýörite düşekli ýerde tabydy goýup, jynaza okalýar. Jynaza namazy okalyp bolnandan soňra, jesedi gonamçylyga alyp ugramaly. Tabydy merhumyň süňk hossarlary götermeli, kyrk ädimden soň, beýlekiler bilen gezekleşip gitmeli. Türkmençilikde tabyt götermek, bolmanda, oňa el degrip galmak uly sogap hasaplanýar. Merhum jaýlanýança aýat, doga okalmaýar...
Bu maglumat
Saparmyrat Türkmenbaşy: RUHNAMA-ikinji kitapdan alnan.
8.11.2021 8:44
Hatyra edebi 1
-
Xyivenia
3 years ago
- Dañ bilen dal öñ gocurup goydum onunden bu wagt paylasdym
-
Jeksparro
3 years ago
- @Xyiwenia, hä bolýa, gödegiräk jogap beräýdim öýdýän... 😁
-
Xyivenia
3 years ago
- Yokla Jackson 😊
Jeksparro 3 years ago- Daň bilen göçürdiňmi ýaltanman?