abdulaziz agzadan alla razy bolsyn Bu ýerde bolsa, siz üçin Islam dini barada umumy maglumat berýän, gaýry dinliler üçin hem Yslamy tanamaga kömek edýän kitaby, Mewdudiniň ''Yslama ilkinji ädim'' atly kitabyndan parçalar getirjek. hemmäňize Yslamy ýakyndan tanamaga ýardam eder diýip umyt edýärin. bu temany bölek-bölek berjek. şonuň üçin oňa ýazylmagyňyzy maslahat berýärin.
Gelin dinimizi tanalyn
-
nauk
14 years ago
- dowamy:
Küfrüň tebigaty
Hakyky musulmana
garşylyk, tebigatda özüne berlen akyl nygmatyny dogry ýolda ulanmaýan, özüne
berlen erk bilen Alla gulluk etmegi saýlamaýan adam hem bar. Bu adam imansyz,
ýagny kapyr adam bolýar.
Küfr sözüniň
arapçadan göni terjimesi ''örtmek'', ''gizlemek'' manylaryna gelýär. Kapyr
diýmek bolsa, örtüji, gizleýiji diýmekdir. Allany inkär edýän adam hem, özüniň
musulman tebigatyny gizleýändigi üçin, özüniň tebigatynda doga bar bolan zadyň
üstüni örtüp-gizleýändigi üçin kapyr diýip atlandyrylýar. Älemde her bir zadyň
Yslama görä hereket edýändigini we özüne ýüklenen wezipäni ýerine
ýetirýändigini biz eýýäm aýdypdyk. Ýöne kapyryň gözi äşgär zady hem görmeýär.
Çünki onuň akyly bulaşan. Onuň öz tebigaty oňa gizli bolup galýar we ol özüniň
doga häsiýetlerine ters hereket edýär. Hakykat ondan uzak we ol tümlükde
ýaşaýar – ynha küfrüň tebigaty.
Küfr – bu
nadanlygyň bir görnüşi, has takygy bolsa, bu nadanlygyň aňry çetidir. Älemleriň
ýaradyjysy we hökümdary bolan Allanyň barlygynh bilmekden beter nadanlyk bolup
bilermi? Adam tebigatyň kämil sistemasyny, onuň planyny, onuň durman, bozulman,
säginmän işläp durandygyny görýär. Adam bu sistemanyň kämilligini hiç inkär
etmeýär, ýöne onuň ýaradyjysynyň we dolandyryjysynyň bardygyny inkär edip
bilýär. Ol özüniň bedenine, gudratdan doly organizmine seredýär, akyl ýetirip
bolmajak derejede kämil işleýändigini görýär, ony öz islegine ýetmek üçin
ulanýar, ýöne özüne şol bedeni beren güýji, öz bedeniniň proýektini çyzan we
ony herekete geçiren inženeri, jansyz jisimlerden: kömürden, kalciýden, natriýden we ş.m. janly bedeni ýaradan
Ýaradyjysyny tanamaýar. Adam älemiň ajaýyp planynyň şaýadydyr, ýöne ol
planlaýyjydan bihabar. Tebigatyň gözelligini we sazlaşygyny görýär, emma
ýaradyjyny görmeýär, ajaýyp kompoziciýany görýär, emma
onuň awtoryny görmeýär! Ol bu ajaýyp älemiň ýaradyjysyny göresi gelmeýär.
Hakykata gözüni ýumýan adam nädip ylmyň çeşmesine ýakynlaşyp bilsin? Ýolyň
başyny ýalňyş başlap, soňunda dogry ýere gelip bolarmy? Ol hakykatyň açaryny
tapyp bilmez. Hak ýol onuň üçin ýapyk
bolar we ol ylym ugrunda näme iş etse-de, hakykatyň we paýhasyň nuryndan
peýdalanyp bilmez. Ol nadanlygyň garaňkysynda büdräp-ýykylyp ýörär. Ýöne bu
entek hemmesi däl, küfr zulumdyr, zulumlaryň iň beteridir, ýagny öz güýjiňi
adalatsyz ulanmakdyr. Biz ähli barlygyň öz tebigaty boýunça Ýaradana boýun
bolýandygyny, ýagny musulmandygyny gördük. Alla adama daş-töweregindäki
barlyklaryň üstünden höküm etmek hukugyny beripdir we ol kapyr bolmak bilen,
uly zulum edýär we adalatsyz hereket edýär, çünki hemme zady tebigata ters
ýöredýär. Bu zatlar Allaha garşy gitmekde gural hökmünde adam tarapyndan
ulanylýar. Ol öz başyny Allanyň öňünde egmäge derek, başgalaryň öňünde egýär.
Ol öz kalby bilen Allany söýmäge derek, başgalaryny söýýär, Alladan gorkmaga
derek, başgalaryndan gorkýar. Ol öz güýjini we öz eline berlen zatlary Allanyň
görkezen ugruna ters ugurda ulanýar, ýagny zulum edýär. Özüne ynanylan zatlar
Alla öz tebigatynda Alla gulluk etmek üçin ýaradylan halynda, olary ters ýolda
ulanýar. Barlyklaryň üstünden öz hukugyny, olary ters ýolda ýöretmek üçin
ulanýan adamyň zulmundan uly zulum bolup bilermi?
Küfr – diňe bir zulum,
diktatura däl-de, eýsem gozgalaňdyr, fitnedir. Adamyň tebigaty näme, onuň güýji
nämede? Ol öz akylyny, ýüregini, ruhyny we organlaryny özi ýaratdymy ýa-da
bular oňa Ýaradyjy tarapyndan bagyş edildimi? Älemi ol ýaratdymy ýa-da Alla
ýaratdymy? Bu zatlaryň ählisini adamyň hyzmatyna kim berdi, adamyň özimi ýa-da
Allamy? Eger hemme zat diňe Alla tarapyndan ýaradylan bolsa, onda bular kimiňki? Hakyky hojaýyn kim? Kanuny hojaýyn kim? Elbetde, bu Alla we diňe Alla! Eger Alla Ýaradyjy
bolsa, Hojaýyn bolsa, Hökümdar bolsa, onda Onuň ýaradan zatlaryny, onuň mülküni
Onuň kadalaryna garşy ulanýan, öz aklyny Alla garşy işledýän, öz kalbynda Oňa
garşy planlar saklaýan, özüne berlen ukyplary öz Taňrysyna garşy ulanýan
adamdan beter topalaňçy, fitneçi kim bolup biler? Eger hyzmatçy öz hojaýynyny satsa, oňa haýyn diýýärler. Eger oficer watanyny satsa, oňa dönük diýýärler. Eger biri
özüne ýagşylyk eden adamy aldasa, oňa gadyrbilmez diýýärler. Ýöne bu
hyýanatlary kapyryň küfri bilen asla deňeşdirip bolmaz. Ähli güýjiň we
hökümdarlygyň çeşmesi kim? Adama tebigata höküm etmek güýjini beren kim? Adamlara
akyl we güýç beren kim? Adamyň elindäki hemme zat, onuň başgalaryň peýdasyna
ulanýan zatlarynyň ählisi Allanyň nygmatlarydyr. Adamyň ýer ýüzündäki iň uly
borjy – ene-atanyň öňündäki borjydyr. Emma ene-atanyň kalbynda çagasyna bolan
söýgini, mähri ýerleşdiren kim? Enäni öz çagalaryny terbiýelemek, goldamak we
eklemek arzuwy bilen joşdyran kim? Ene-atalara öz çagalary üçin ähli zady pida
etmek arzuwyny beren kim? Eger sähel pikirlenseň, onda adama iň köp ýagşylyk
edeniň Alladygy belli bolýar. Ol onuň ýaradyjysy, ekleýjisi, daýanjy, eýesi we
hökümdary. Şonuň üçin, küfrden uly hyýanat we küfrden uly gadyrbilmezlik ýok.
Kapyr öz ýaradyjysyny, hökümdaryny inkär edýär ahyryn. Ýöne küfr etmek bilen
adam, elbetde, Allaha hiç hili zyýan edip bilmez. Adam diýilýän zat, bu
tükeniksiz älemiň içinde, kiçijik şaryň ýüzündäki kiçijik tegmiljik. Ol
milliardlarça ýer, aý, gün ýaly asman jisimlerini içine alýan älemiň
hökmürowanyna nädip zyýan ýetirsin? Onuň häkimiýeti tükeniksiz, ol
milliardlarça asman jisimleri Onuň emrinden çykyp bilmän, Onuň kanuny boýunça
hereket edýär, Onuň baýlygy tükeniksiz, Ol hemmeleri üpjün edýär, Özi bolsa,
hiz zada mätäç däl. Indi adam oňa nädip zyýan ýetirsin. Adamyň gozgalaňy Oňa
hiç hili zyýan edip bilmez, ýöne başga tarapdan, bu topalaň bilen ynsan öz
ketjallygy bilen, özüne masgaraçylyk we heläkçilik ýolyny taýýarlaýar.
Alla garşy
gozgalaň etmegiň we hakykaty inkär etmegiň netijesi – durmuşyň ähli
ýagşylyklarynyň ýok bolmagydyr. Bu zeýilli gozgalaň hiç haçan hakykata ýol
tapmaz. Çünki öz Ýaradyjysyna alyp barmaýan ylym hakykata barmaz. Bu zeýilli
adamlaryň akyly zol büdrär, adamy diňe azaşdyrar, şowsyzlyga uçradar. Onuň
ýaşaýyş obrazy ahlaksyz, onuň raýat we jemgyýetçilik poziciýalary ýalan, onuň abraýy we maşgala durmuşy
ýykyljakdyr. Ol diňe bidüzgünlik we fitne eker. Ol hiç ikirjiňlenmän,
ýakynlarynyň ganyny döker, adamlaryň hakyny iýer, sabyrsyz we ýowuz bolar.
Onuň bozuk
dünýägaraýyşy hem özi üçin, hem töweregindäkiler üçin ýaşaýyşy zäher eder. Bu
zeýilli adam jemgyýetiň rahatyny bozýar we durmuşyny zäherleýär. O dünýäde-de,
ol öz tebigatyna, öz güýjine, öz mümkinçiligine garşy eden jenaýatlary üçin
jezasyny alar. Onuň bedeniniň her agzasy – beýnisi, gözleri, burny, elleri we
aýaklary onuň olary zor edip, olaryň tebigatyna garşy ulanandygy üçin şikaýat
ederler. Onuň barlygynyň her bir kletkasy ony Allanyň öňünde şikaýat eder. Ol
bolsa, oňa mynasyp jezasyny berer. Heläkçiligiň ýolynda ýöredýän küfrüň
netijeleri ynha şeýle.
-
NB
14 years ago
- O how asyl senmiding nauk. Abduleziz diyilyan, tuweleme, boshashan wagtyng sen bilen gurrungdesh bolasym gelyar, Yagny, okayan zatlang hakynda
-
nauk
14 years ago
- yok nb dost men dal. Yone shonyn temalarny goydum. Yokarda yazypdyp. Men agentimi bilyan name sorag bolsa yazay. Men giren wagtym jogaplaryn
-
ruqaya
14 years ago
spasibo)))
-
best
14 years ago
- salam nauk men taza girdim. Men wahabiler barada bilmek isleyarin. Kyn gormesen mana maglumat berip bilersinmi???
-
nauk
14 years ago
- salam best. Hosh geldin.
Wahabiler barada maglumat bermek kyn dal! Name maksada soradyn!
Wahabiler bu wagt gorkunc dal olardan beterrak gormalylar bar. Missioneralar yagny yslamy garalap hristiyany one suryaler. Sholardan goramaly oz halkymyz, olar gepe gaty okde bur topar hekayalary bar. Azajyk imanyn pes bolsa olan toruna dushyan huday saklasyn. Turkmen saytlaryndada sumsunip yorendirler
-
ruslanjan
14 years ago
- hm
-
kerkili
14 years ago
- hmm sholar yalakan ow ke4elerde manadam bir iki yerde dush geldiler menya ya ne ponimayu dp ge4en bolyan...
-
best
14 years ago
- bu soragy name sebapden soranymy aydyp biljek dal, yone bir oglan tanyshym bar sonky 1 yylda ona bir zatlar bolya,sen wahabi boldunmy diysem gaty gorya son ucin wahabiler barada mana doly maglumat gerek. Joralamdan sorasam hemmesi olar erbet diyaler...
-
best
14 years ago
- name sebapden soranymy aytjak daldim aydayypdyryn. Bolyala bilyan zatlany yazayda kyn gormesena.
-
nauk
14 years ago
- olaram asly musulman. hawa olan alyp baryan yoldary erbet yslama gabat gelmejek, kurany kerimde yazylmadyk hereketleri etyaler.
Ozlerice bir nace utgeshmeler cykaran bolup adamlary ozlerne cekmek ucin bir ozumiz yaly ynsandan gaydan.
Hristiyanlaram edil sholar yaly oz bahbitleri ucin gozel allahyn kitaby injili utgedip ulanyalar. Bor men bererin maglumat dostunada guman etyan bolsan doga et iman ber men dostyma diyde
-
ruslanjan
14 years ago
- wahaby umuman musurmanlarda halanmayan bir ynanç bu şeylede bizin yurdymyzdada halanmayar. gowysy şu soragy köp berman. yalnyşayman menden duydyrma???
-
best
14 years ago
- menem yalnyshmazlyk ucin sorayan su soragy. wahabidigini nadip bilmeli nauk mana komek et
-
ruslanjan
14 years ago
- ok.
-
best
14 years ago
- nauk jogabyna garasharyn...........
nauk 14 years ago- 1-nji bölüm. Islamyň
manysy
Her dünýewi din,
özüniň gurujysynyň şanyna ýa-da dörän ýeriniň şanyna atlandyrylypdyr. Hristianlyk
öz adyny Isa Pygamberiň adyndan (hristos) alýar; buddizm öz gurujysy Gautam
Buddanyň adyndan; zarastrizm öz gurujysy Zaraostradan; ýahudylyk öz dörän ýurdy
Ýehudiýanyň adyndan we ş.m. Ýöne Islam beýle däl. Islam öz adynyň ne bir
şahsyýet bilen, ne-de bir halk bilen bagly dälligi bilen, beýleki dinlerden
düýpden tapawutlanýar.
"Islam" sözi ne bir halka, ne bir adama, ne-de bir ýurda
degişli däldir. Ol bir adamyň aklyndan çykan zat däl
we belli bir jemgyýet bilen hem çäkli däl. Ol uniwersal din we onuň maksady adamda aýratyn ruhy häsiýetleri döretmek
we janlandyrmak. "Islam" sözüniň özi aslynda bu diniň manysyny aňladýar. Kur'ana laýyklykda, ähli
halklaryň arasynda we ähli zamanalarda adalatly, ýagşy adamlar, hakykatdan iman
eden adamlar ýaşapdyrlar we olar musulman bolupdyrlar. Bu ýerden sorag ýüze
çykýar: Islam näme we musulman kim?
"Islam"
sözüniň manysy näme?
"Islam"
arapçada "boýun egmek", "ytagat etmek", "gulak asmak"
manylaryny aňladýar. Islam dini, Allaha doly boýun egmekde we ytagat etmekde
gurulýar. Şu ýerden hem onuň ady gelip çykýar. Biziň ýaşaýan älemimiziň
tertipli halynyň bardygyny hemmeler görýändir. Onuň her bir bölegi belli bir
kanuna uýýar. Her bir zada öz ýeri we wagty bellenipdir we ol takyk we dürs
işleýär. Gün, aý, ýyldyzlar, ähli älem jisimleri öz aralarynda baglanyşyklydyr.
Olaryň hereketi we tertibi asla bellenen ýoldan üýtgemeýär. Ýeriň öz okunyň
daşyndan aýlanmagy, günüň daşyndan aýlanmagy, kiçijik elektrondan başlap, ägirt
ýyldyz dumanlaryna çenli, hemmesi belli kanunlar esasynda hereket edýär, şol
kanuna görä üýtgeýär, şoňa görä dogýar we ölýär. Adamzat dünýäsinde-de bu
kanunlar äşgär görünýär. Adamyň dogulmagy, ýaşamagy we ölmegi biologiki
kanunalaýyklyk bilen dowam edýär. Onuň bedeniniň hemme organlarynyň gurluşy,
deri öýjüklerinden başlap, ýürek we bedene çenli belli kanunlara tabyndyr. Gepiň
keltesi, biziň ýaşaýan dünýämiz ýokary güýç tarapyndan belli kanuna goýulyp
dolandyrylýan sistemadyr. Dünýäniň iň kiçi bölejiklerinden başlap, tä
gallaktikalaryna çenli öz hökmüni ýöredýän bu kanun, älemiň ýaradyjysy we
hökümdary Allanyň kanunydyr. Bütin dünýä Allanyň kanunyna boýun egmek bilen, ol
hem Islama uýýar, çünki Islam diýmek – älemiň hökümdary Allanyň kanunyna uýmak
diýmekdir. Gün, aý, ýer we ähli beýleki asman jisimleri, gönüläp aýdanymyzda
musulmandyrlar. Howa, suw, daşlar, agaçlar we haýwanlar... hemmesi şonuň
ýalydyr. Älemde hemme zat musulmançylykdyr, çünki hemme zat Allanyň kanunlaryna
boýun egýändir. Hatda Allany inkär edýän adam hem, islese-islemese beden taýdan
musulmandyr. Çünki ene göwresindäki embriondan başlap, tä ölüp toprak bolup
gidýänçä, onuň bedeniniň her öýjügi, her agzasy Allanyň kanunlaryna boýun
egýär. Hatda, onuň nadanlygy sebäpli Allany inkär etmekde ýa-da köp hudaýlaryň
bardygyny aýtmakda ulanýan dili hem, öz tebigaty boýunça musulmandyr. Onuň
Alladan başga hemme kişiniň öňünde egilip ýören başy hem, doglan gününden bäri
musulmandyr. Onuň nadanlygy sebäpli, içine başga zatlaryň söýgüsini salan kalby
hem, öz tebigatynda musulmandyr. Olaryň hemmesi Allanyň kanunlaryna tabyndyrlar
we olaryň hereketleri we funksiýalary diňe Allanyň kanunlaryna görä dowam
edýändir. Indi bolsa, bu meseläni başga jähtden ele alalyň. Adam durmuşy iki
gatlakda ýaradylypdyr. Olaryň birinde ol doly Allanyň kanunlaryna boýun bolýar.
Ol bu kanundan bir millimetr hem gyşaryp bilenok we mejbur, islese-islemese şol
kanunlaryň çyzgysynda hereket edýär. Ýöne onuň durmuşynyň ýene bir tarapy bar.
Oňa akyl, pikirlenmek, karar almak, saýlamak mümkinçiligi berlipdir. Onda öz
durmuş ýaşaýyş şeklini saýlamaga mümkinçilik bar. Ol özi üçin düzgün düzüp, şol
boýunça ýaşap bilýär ýa-da başgalarynyň düzen düzgünlerini kabul edip bilýär.
Oňa erk berlipdir we durmuş çyzgysyny özi çyzyp bilýär. Bu planda, oňa beýleki
mahluklardan tapawutlylykda, erkinlik we ýol saýlama hukugy berlipdir.
Bu jähtleriň
ikisi-de adamyň durmuşynda äşgärdir. Birinji ýagdaýda adam hem edil beýleki
barlyklar ýaly musulmandyr we Allanyň kanunlaryna tabyndyr. Ikinji ýagdaýda
bolsa, ol islän ýolyny saýlaýar we islese dogry ýoldan, islese ters ýoldan
ýöräp bilýär. Onuň bu saýlawy adamlaryň ählisini iki topara bölýär: mu'minler
we kapyrlar. Kim hak Ýaradana ynanmagy, onuň şahsy we jemgyýet ýaşaýyşy üçin
goýan kodeksine ýürekden boýun bolmagy saýlan bolsa, onda ol musulman
hasaplanýar. Ol özüne berlen erk bilen Alla boýun bolmaklygy saýlamak bilen,
özüniň Islamyny tamamladygy bolýar. Indi onuň tutuş ömri Alla boýun egmeklige
we oňa gulluk etmeklige bagyşlanan, we onuň şahsyýeti ikilenmeýär. Çünki
özüňdäki ''Men'' diýlen zady Alla boýun egdirmek – Islamdyr.
Adam öň özüniň mejbur
boýun egip ýören Hudaýyna indi öz erki bilen boýun egdi. Ol indi özüniň
Ýaradyjysyna öz erki bilen gulluk edýär. Ol indi özüne töwerege seredip,
dünýäni öwrenmek mümkinçiligini beren Allaha boýun bolýar. Onuň indi akyly we bedeni
sazlaşyga geldiler, çünki ol özüne akyl beren Hudaýyna boýun bolmak bilen,
dogry karara geldi. Onuň dili hem, indi dogruçyl dildir, çünki ol özüne
geplemek mümkinçiligini beren Allany ykrar edýär; indi onuň durmuşy tutuşlygyna
dogrydyr. Çünki ol hem öz erki bilen, hem mejbur bolup, älemleriň hökümdarynyň
kanunlaryna boýun bolýar. Indi ol tutuş dünýe bilen arasyny sazlady, çünki ol
indi tutuş dünýäniň boýun egýän zadyna boýun egdi, hemme zadyň sylaýan zadyny
ol hem indi sylaýar. Munuň ýaly adam, ýeriň ýüzüznde Allanyň aýratyn ygtyýarly
adamydyr. Indi tutuş dünýe onuň üçin, ol bolsa, Alla üçin. dowamy bar...