Ýüz tylla Gadym zamanda Saraý atly bir eýerçi bolan. Onuň Mämmet diýen ýekeje ogly bar eken. Günlerde bir gün bu eýerçi özüniň ogluna: - Eý oglum, men indi garrapdyryn, ugurly zähmet hem çekip bilemok, mundan beýläk uzak hem ýaşamaryn. Bizde şeýle bir tükenmez mal- döwlet hem ýok. Bütin ömrüme zähmet çekip, üç ýüz tylla gazanyp goýdum. Men seniň geljekde bagtly bolmagyň hakynda alada etmeli, çaga ese- boýa galýança ony saklamak we terbiýelemek ene- atanyň wezipesi. Sen haýsy seneti ýagşy görýärsiň , söwdagär, boljakmy ýa sazanda bolasyň gelýärmi, ýa-da molla boljakmy? Ine, oglum, sen haýsy käri gowy görseň , maňa aýt, men şoňa göräräk bolaýyn, şükür şeýle hem bolmasa-da, birneme pulumyz bar - diýen. Onda Mämmet: - Ata, meniň molla bolasym gelenok, sebäbi okamak kyn. Barmaklarymy dutaryň taryna gabartdyryp, bogazymy ýyrtyp, aýdym aýdyp ýörmek hem maňa aňsat düşmez. Söwdegär bol diýseň bolaýyn, sebäbi söwdegärler hiç iş edenoklar, olar dükanda oturyp, şol çaý içip, gürrüň edişip, pul gazanyp otyrlar - diýen. Şundan soň, atasy Mämmet bilen razylaşyp: - Me, oglum, saňa ýüz tylla, sen başga ýurtlara git-de, garaburç getir. Satarsyň, sowarsyň, bize-de çaý puly galar - diýen. Mämmet atasyndan ýüz tyllany alýar-da, söwdegär kerwenlere goşulyp gidiberýär. Bular az ýöräp, köp ýöräp, birnäçe menzil ýol ýöräp, ahyry bir uly şähere baryp ýetipdirler.
ÝÜZ TYLLA 1NJI bölim
-
sido
14 years ago
-
sido
14 years ago
- munuñ kinosynam gören bolmagynyz ahmal
-
sido
14 years ago
-
sido
14 years ago
- Hatly-sowatly
bolmak Mämmediň göwnüne
makul bolup: - Maňa ýedi günde
şu hatlaryň hemmesini
öwretmek üçin näçe tylla
alarsyň ? - diýip sorapdyr. - Ýedi
günde hemme hat-sowady
öwretmeli bolsa, ýüz tylladan az
almaryn - diýen. Mämmet onuň
aýdany bilen razylaşyp, ýüz
tyllasyny berip, edi günde hatly-
sowatly bolup, obalaryna baka
gidiberen. Ol az ýöräp, köp
ýöräp, birnäçä menzil ýol ýöräp,
öz atasynyň ýanyna barýar we
pullaryny hat-sowat
öwrenmeklige harçlanyny
aýdýar. Mämmediň atasy oňa
göwne deger ýaly hiç zat hem
aýtman: - Bolýar oglum, ynha, iň
soňky ýüz tyllamyzy hem al -
diýip, ony ýene-de şol şähere
garaburç getirmek üçin iberipdir.
Mämmät ýene-de hälki iki ýüz
tylla harçlan şäherine gelip, bu
gün dem-dynjyny alýar, ertesi
şol garaburç satylýan dükana
barypdyr welin, ol bagly eken.
Mämmet dükanyň baglydygyny
görüp, eýläk-beýläk ýaltaklap
durka, birden onuň gulagyna :
“Aty ur, pili sür, pyýadyny göç,
patyşany gaba!” diýen sesler
eşidilip ugrapdyr. Mämmet
“Allajanlarym, bu nämäniň
alamatyka? diýip, dükanyň
agzyndan baryp sereden. Ynha
görse, bir topar adam
başynagaý bolup küşt oýnaýar
eken. Mämmet birsalym seredip
durupdyr welin, bir ýaş ýigit
gaty ökdelik bilen şowhunly
oýnaýar eken. Mämmet ol
ýigidiň ýanyna baryp: - How,
dost, şu oýny maňa edi günde
öwretmek üçin näçe tylla
alarsyň ? - diýen. Oýunçy ýigit: -
Ýedi günde öwretmeli bolsa,
öwredenim üçin ýüz tylladan az
almaryn - diýipdir. - Bolýar, ine,
al ýüz tyllaňy, ýöne köp
gepleme-de, öwretmäge razy bol
- diýýär. Şeýdip Mämmet ýedi
günde küşt oýnyny hem
öwrenip, puly nämä
sowandygyny we özüniň hem
şu şähere gelmegini sorap,
atasyna hat ýazypdyr. Atasy
Mämmeidň hatyny alyp, oglunyň
ýanyna gelipdir. Mämmet: - Eý
ata, sen meni bazara elt-de,
söwdegärlere kerwençi edip sat,
men mazaly gurplanýançam,
ýaňky meniň satan puluň bilen
eklenersiň - diýen. Atasy: - Ýok
oglum, men seni gul bazarynda
satyp bilmerin, onuň ýaly ‘ş
bolmaz- diýän. Mämmät bolsa, öz
aýdanyna tutupdyr. Garaz
Mämmet: “Meni äkit-de sat”
diýip duransoň, atasy näalaç
bolup, oglunyň elinden tutup, gul
bazaryna eltipdir. Edil şol wagtlar
söwdegärleriň daş ýutrlara
kerwen ugradýan wagty eken.
Derrew Ýomutbeg diýen bir
söwdegär Mämmedi bir tylla
satyn alyp gidipdir we
söwdegär Mämmedi uzak ýurda
kerwen bilen ugradypdyr.
-
ruslanjan
14 years ago
- yzynyda yazda
-
sido
14 years ago
-
sido
14 years ago
- gyzykly yeri gelende reklama bashlady
-
ruslanjan
14 years ago
- onsan
-
ruslanjan
14 years ago
- wey yuregim howlugyar solpi
-
Maykl
14 years ago
- Salam turkmen talyplar! Sido dowamyny yazsan az-kem bolmazdy...
-
sido
14 years ago
- ok.
-
sido
14 years ago
- Bular
az ýöräp, köp ýöräp, çöl
meýdanda çala yzgara galan çuň
bir guýynyň başyna baryp
ýetipdirler. Ýomutbeg Memmedi
derrew guýa sallap, bir küze suw
almaklaryny kerwençilere
tabşyrypdyr . Kerwençiler eline
küze berip, Mämmedi guýa
sallapdyrlar. Mämmet guýynyň
düýbüne düşüp görse, bir topar
gyzyl-kümüş, ýene gymat baha
daşlar bar eken. Mämmet “Bu
guýynyň içinde her hili gymat
bahaly zatlar bar” diýip
ýoldaşlaryna gygyrypdyr. Olar
derrew iki-üç sany halta taşlap,
bu zatlary ýokary çekip
alypdyrlar. Ýomutbeg bu zatlary
görüp: “Mämmede hem paý
bermeli bolamaýyn, iň gowsy,
muny guýudan çykarmaýyn,
goý, ölsün gitsin ” diýip,
Mämmedi guýuda taşlap,
ýüklerini düýelere urup
gidiberipdir. Mämmet näme
etjegini bilmän, guýynyň içinde
eýlesine-beýlesine ýaltaklap
durka, ynha görse, bir gapy
barmyş , ony açyp içine girse, bir
döw uklap ýatan eken, onuň baş
ujunda bir gowy dutar asylgy
duran. Mämmet bu dutary alyp,
saz çalmaga başlan. Döw
ýerinden zöwwe galyp: - Ýeri
adamzat, sen bu ýerik nädip
düşdüň ? - diýen. Mämmet: - Ine,
şeýle-şeýle bolup düşdüm we
meni Ýomutbeg guýudan
çykarman gitdi - diýipdir. Döw: -
Sen dutary gaty şirin çalýar
ekeniň, ýogsam seni iýerdim.
Meniň hem oglum dutary edil
seniň ýaly şirin labyzly çaýardy,
ol hem sen duşly oglandy - diýip
aglapdyr. Mämmet: - Sen näme
aglaýarsyň ? - duýen. Döw: -
Seniň saz çalşyňy diňläp, oglum
ýadyma düşdi. Bir gün saz-
söhbet edip otyrkak, onuň
çüýşedäki janyny men,
atanlykda, birden basyp
owradaýpdyryn, ana, ondan soň
ol öldi - diýipdir. Soňra ol: - Indi
sazy şeýle çalşyň üçin, saňa
näme hyzmat etmeli? Eger sen
isleseň , men şol kerwenleri şu
ýere getirip, müň janyndan
goýman alaýyn - diýipdir.
Mämmet: - Ýok, beýle etmek
gerek däl, gowsy sen meni şol
kerweniň yzyndan ýetiräý -
diýen. Döw Mämmedi göz açyp-
ýumasy salymda kerwenleriň
yzyndan ýetiripdir. Mämmet
Ýomutbege ýüzlenip: - Meniň
günämi geç, hormatly söwdegär,
men guyuda uklap galaýpdyryn
- diýip, “daş bilen urany, aş bilen
ur” diýenlerini edipdir.
Mämmediň beýleki ýoldaşlary
bolsa: “Bä, munuň döw ýoldaşy
bar eken” diýip, öz aralarynda
pyşyrdaşypdyrlar. Döw
Mämmäde ýüzlenip: - Isleseň,
men bularyň baryny kül-peýkun
edip, hemme zatlaryny saňa alyp
bereýin - diýen. Mämmet: - Ýok,
beýtmek gerek däl. Bu
adamkärçiligiň pes tarapydyr.
Onsoňam bu meni satyn aldy,
entek bahamy ödäýin - diýip,
döwe yzyna gaýtmaga rugsat
beripdir. Ýomutbeg Mämmet şol
gyzyllardan dillär öýdüp: “Gel
men munuň eline hat ýazyp, öz
ogullarymyň ýanyna ibereýin,
onsoň olar muny öldürerler,
şeýdip, mundan dynaryn”
diýipdir-de, Mämmede: “Sen
meniň atymy münüp yzyňa
gaýt, bu haty bolsa meniň uly
ogluma ber. Kerwenler oňat,
parahatçylykly halda bolýarlar
diýip aýt. ” diýen. Mämmet hem:
“Bolýar” diýip, bir aty münüp
gidiberen. Mämmet az ýöräp,
köp ýöräp, bir ýere gelip, dynç
almak isläpdir, ol atyny daňyp, ot
ýakyp, çaý goýupdyr. Onsoň ol:
“Kündük gaýnaýança, gel şu
haty barlap göreýin-le. Ýüz tylla
berip öwrenen hat-sowadym
ýadymdan çykman durmyka ?”
diýýär-de, ýaňky haty açyp,
okamaga başlaýar, Hat:
“Ogullarym, menden her biriňize
aýratyn salam” diýen setirler
bilen başlanyp, “Şu haty
goluňyza beren meniň gulumdyr,
bu bize garşy her hili hyýanatlar
oýlap tapýar, muny derrew
öldüriň!” diýen sözler bilen
tamam bolýar eken. Mämmet
hem bu haty ýyrtyp, onuň
ýerine şeýle hat ýazýar: “Şu haty
beren ýigit bir guýydan örän
köp gyzyl we gymmat baha
daşlar tapyp, ýarysyny maňa
bagyşlady, siz muny gaty gowy
hezzet-hormatlap, uly toý
beriň!” Bu işleri edýänçä,
Mämmediň çaýy gaýnaýar. Ol
çaý içip, çörek iýip, ýola düşen.
Soňra birnäçe menzil ýol ýöräp,
şähere gelip, uly oglunyň öýüni
tapýar. Haty şonuň eline
tutdurýar. Söwdegäriň ogullary
muňa gaty begenipdirler.
Myhmany oňat garşylapdyrlar.
Mämmet bu gije hezil edip, dynň
alýar. Ol ertir turup, söwdegäriň
uly oglundan: - Şäheriňizde näme
gyzykly zat bar? - diýip soran. Ol:
- Hiç zat ýok - diýip, jogap beren.
- Siziň ýurduňyzy kim
dolandyrýar? - diýip, Mämmet
ondan soran. Söwdegäriň ogly: -
Patyşanyň gyzy dolandyrýar. Ol
ýaňy-ýakynda: “Meni küştde kim
utsa, şoňa ere barjak?” diýip,
bütin halkyň arasynda jar
çekdirdi - diýipdir. Mämmet: -
Onuň köşgüne nädip baryp
bolar? - diýip soran. Söwdegäriň
ogly: - Ýok, dost, sen oňa gitjek
bolup hyýalam etme, ony utmak
kyn, eýýäm birnäçe adam
janyny gurban etdi, çünki kim
utulsa, ol gyz ony öldürdýär,
küştde ol gyzy hiç bir utup bilen
ýok - diýen. Mämmet
söwdegäriň oglunyň aýdanyna
gulak salman, çaýyny içip,
patyşa gyzyň köşgüne ugraýar.
Mämmet köşge girjek bolan
wagty bir ýasawul: - Ýeri ýigit,
nirä barýarsyň? - diýip soran.
Mämmet: - Seniň patyşaňa
öýlenmäge barýaryn - diýen.
Ýasawul bu ýigidiň aýdanyny
patyşa bolşy ýaly aýdýar we
dolanyp gelip: - “Sen küşdi gowy
bilermiň?” - diýip, patyşamyz
soraýar - diýen. - “Gaty gowy
bilýär” diýip aýt. - Seniň
mugallymyň kim? - Öwredeni
üçin menden ýüz tylla alan küştçi
ussa. - Biziň patyşamyz dört
döw oýnaýar, şonuň pesinden
üç döwüni utmaly, şonda utdyň
hasap edilýär - diýipdir.
Mämmet: - Men şoňa razy -
diýen. - Sen eger utulaýsaň, seni
ol gyzyň nätjegini bilýärmiň? -
diýän. Mämmet: - Bilýärin -
diýýär. - Sen janyňa haýpyň
gelýärmi? - diýen. - Gelýär, ýöne
men ony hökman utup, siziň
patyşaňyza öýlenerin - diýip,
Mämmet jagap beren. Ýäsawul
Mämmedi gyzyň ýanyna alyp
baran welin, gyz bu oglany
görüp: - Seniň kelläňi jellatlaryň
kesjekdigine meniň haýpym
gelýär, sen oglan, bu işiňden el
çek- diýip, Mämmädiň nähili
oýnaýandygyndan habarsyz,
oňa abaý syýasat edip, howyny
basjak bolan. Mämmet bolsa oňa:
- Men bu ýere iki hili gürrüň
etmäge gelemok - diýip, pert
jogap berýär. Patyşa gyzy küşt
getirmegi buýurýar we bular
oýnap başlaýarlar. Bu ikisiniň
oýunlaryna wezir-wekiller hem
gözelçilik edýärler. Şeýdip, birinji
döwde Mämmet gyz patyşadan
utulýar. Patyşa gyz Mämmede: -
Seniň üçin häzir hem bir pelle, şu
oýnuňdan el çek, sen utularsyň,
meniň utmagym birinji gezek
däl, saňa haýpym gelýär - diýän.
Mämmet: - Sen meni eýle-beýle
gürrüňler bilen ezýetlendirme,
men birinji gezek seni hormatlap
utuldym, biziň ýurdumuzda bir
adat bar - myhman küşt
oýnanda, öý eýesine hormat ü/
in birinji döwde utulmalydyr -
diýipdir. Şeýdip bular
oýunlaryny ýene-de dowam
etdiripdirler. Mämmet bu gyz
patyşany yzly-yzyna üç gezek
utupdyr. Töweregindäki halk
gaty begenipdir. Patyşa gyz
Mämmede: - Sen entek meni
utaňok , ýene-de bir gezek
oýnaly, utulsaň men seni
öldürmän, öýüňe goýbererin,
utsaň bolsa, onda men şu gije
toý edip, saňa baraýyn -diýen.
Mämmet gyz patyşany bu gezek
hem utýar, patyşa gyz goýun
soýup, dürli naharlar bişirip, nika
gyýdyryp, halka uly toý berip,
Mämmede äre çykan. Gyz ertesi
Mämmedi gyzyldan tagta
mündürüp, öz ýerine patyşa
edinmiş. Ine, şeýdibem Mämmet
bu ýurduň patyşasy bolanmyş.
Ondan soň günleriň birinde
Mämmet hälki Ýomutbeg diýen
söwdegäri ýoldaşlary bilen hiç
ýere butnatman, tagta getirmegi
ýasawularyna buýurýar.
Ýasawular ol söwdegäriň
hemmesini Mämmediň ýanyna
alyp gelýärler. Mämmet bulary
barladyp, şol guýudan tapan
gymmat baha zatlarynyň
hemmesini alyp, garyp -gasarlara
paýladýar, bir tyllany bolsa
Ýomutbege berip: “Ynha, şu tylla
şol meniň baham üçin atama
beren puluň. Indem bir adama şu
maňa eden hyýanatyň ýaly zat
edäýseň, seniňki ölümdir. Bilip
goýgun, patyşa bolsa meniň
özümdirin” diýip, ony kowup
goýberipdir. Mämmet gidip,
atasyny hem öz ýanyna göçürip,
maksatmyradyna ýetipdir.
-
Ibragimov
14 years ago
- sido sagja bola!!!
-
nauk
14 years ago
- sag bol sido +10
-
sido
14 years ago
- ok.
-
shaka
14 years ago
- Ýaltanman ýazypsyñaý dost
-
Maykl
14 years ago
- Salam turkmen talyplar! Sido sag bol yazan gurrunlerine! Mammet yaly oz maksatmyradyna yeten adam, bagtly bolup biler!
-
sido
14 years ago
- sagbol maykl. Shaka sheydip bir myhmancylyga gelipdur yitip gitme
-
shaka
14 years ago
- Bolýa
sido 14 years ago- Bular saraýda düşüp, dem-
dynçlaryny alýarlar. Ertesi her
kim öz işi bilen boluberen. Kimsi
zat alýar, kimsi zat satýar.
Mämmet hem aýlanyp ýörkä,
garaburç satylýan bir dükana
barýar. Mämmet dükança: “Ýüz
tyllalyk garaburç çekip ber”
diýýär. Dükançy çekmäge
başlaýar . Onýança seretse,
Mämmediň ýanyndan adamlar
topar-topar bolup geçip, bir
ýana howlukmaç gidip barýarlar.
Şol iki aralykda garaburçy
ýadyndan çykaryp, Mämmet
hem bularyň yzyna düşüberýär.
Bu adamlar bara-bara bir baga
girýärler. Mämmedem bularyň
yzy bilen girýär, ynha görse, iki
sany oňat geýnüwli adam dutar
çalyp, aýdym aýdyp, şeýle bir
saz edýär, hiç ýanyndan
aýrylasyň gelmeýär. Bularyň saz-
söhbedi Mämmediň göwnüne
ýarap: “Wah, menem bagşy
bolsam bolmaýarmy” diýip, içini
gepledipdir. Mämmet bagşylaryň
ýanyna baryp: - How, bagşy
dostlar, maňa ýedi günde dutar
çalmagy öwredeniňiz üçin näçe
alarsyňyz? - diýenini özi hem
duýman galypdyr. Bagşylaryň
biri: - Dutar çalmagy ýedi günde
öwretmeli bolsa, ýüz tylladan az
almarys - diýen. Mämmet
bagşylar bilen razylaşýar we
özüniň ýüz tyllasyny bulara
bulara berýär. Bagşylar
Mämmedi öz öýlerine äkidip,
ýedi günde dutar çalmagy
öwredýärler, soň Mämmet
bagşylar bilen hoşlaşyp, öz
ýoldaşlarynyň ýanyna gelýär,
görse olar hem eýýäm aljak
zatlaryny alyp, taýýar bolup
duran ekenler. Onsoň bular ýola
düşýärler, az ýöräp, köp ýöräp,
öz öýlerine gelýärler. Mämmediň
atasy ogluny görüp begenýär
we: - Ýeri oglum, burçy köp
getirdiňmi ? - diýip soraýar.
Mämmet bolsa atasyndan hiç
zady ýaşyrman, ýüz tylla berip,
dutar çalmagy öwrenendigini
aýdýar. Mämmediň atasy muňa
ýene ýüz altyn berip: - Aý oglum,
zyýany ýok. “Bir hünärli baý
bolmaz, baý bolmasa-da hor
bolmaz ” diýipdirler. Saňa ynha,
ýene bir ýüz tylla bereýin, sen
burç alyp gelersiň - diýen.
Mämmet şol şähere bakan ýene-
de ýola düşen. Ol az ýöräp, köp
ýöräp, ahyry şol dutar öwrenen
şäherine ýetişen. Mämmet ol
güni dem-dynç alyp, ertir şol
garaburç satýan dükançynyňka
barypdyr. Dükançy: - Ho,
söwdegär dost, sen nirä gitdiň?
Men saňa garaburçuňy çekip,
köp garaşyp durdum, senbol saň,
garaňy salmadyň - diýen.
Mämmet: - Meniň bar işim diňe
bir gara burç almak däl, men ýüz
dükana baryp, söwda etmeli
ahyryn - diýip, dükança syr
bildirmändir. Dükançy ýene-de
garaburç çekmäge başlaýar.
Mämmediň bolsa gözi daşynda,
ynha, birden görse, elleri kitap-
depderli oglanlar biri- birleriniň
yzyndan ylgaşyp, howlukmaç bir
ýere barýar. Mämmet hem
garaburç almagy ýadyndan
çykarýar-da, olaryň yzy bilen
gidiberýär. Bu oglanlar şol
baryşlaryna bir howla giripdirler.
Mämmet hem bularyň yzy bilen
giren. Ynha görse, oglanlar bir
aksakgal adamyň daşyna
tegelenip üýşüp, bir zatlary
okaýarlar. Mämät ol aksagalyň
golaýyna baryp: - Siz näme
işleýärsiňiz ? - diýip soran. Ol: -
Ynha, men çagalara hat-sowat
öwredýärin. Olar geljekde
sowatly, akyllay adamlar bolup
etişýärler - diýýär.