Resulallah öz sahabalary bilen üýşüp oturan eken. Daşardan bir ses gelipdir: «Öý eýesi, içerdäkiler, maňa öýe girmäge rugsat berermisiňiz» diýip. Resulallah «Açyň gapyny, giriň» diýipdir. Ol lagnat siňen şeýtan eken. Şeýtan öýdäkilere şeý diýip aýdypdyr: «Allatagala maňa emr etdi. Gamgyn we zelil halda Muhammediň ýanyna bararsyň, näme sorasa dogrusyny aýdarsyň. Eger ýalan goşaýsaň seni kül ederin» diýdi diýip.
Okan
-
Ayylganch
13 years ago
- Gowy maglugmat. Sagja bol
-
bende
13 years ago
- Yatladanyna sagbol)on okapdym
-
Bravo
13 years ago
- Howwa thanks. Iblis we $eytan dn kitapdan. Nälet bolsun, nälet bolsun, nälet bolsun!
-
ozik
13 years ago
- nauk sag bol! minnetdar!
sen shunun yaly gyzyklyja yazgylary nirden tapyan ( turkmen dilinde )? internetdan tapyp bolyamy?
-
Leylisa
13 years ago
- Sagja bol nauk
-
JerenG
13 years ago
- masallah nauk! Berekalla gowy zatlary yazdynyz, ensalla hemmelere komegi deger diyen umytda.
-
Yaraliferhat
13 years ago
- Sagbol nauk karde$ ben istanbulda cook dini kitaplary okadym amma senin bu yazanynda menin ilgimi çekdi te$ekurler dostum!
-
Yaraliferhat
13 years ago
-
Rahip
13 years ago
- turkceden perewot etmek gaty ansat! Dogry dalmi nauk?
-
nauk
13 years ago
- MUNKIN DOSTYM ONAM BASHARMAK GEREK MEN YALY TURKCE BILMEYANLERE KYN BOLYA
-
Rahip
13 years ago
- ceshmani gorkezmeli ekeninda!
nauk 13 years ago- Resulallah:-Halkyň
arasynda iň ýigrenýäniň kimdir?
Şeýtan:-Sensiň,
ýa Muhammet.
-Halamaýanyň,
duşmanyň?
-Özüni Alla
ýolunda bagyş eden ýaş ýigit, sabyrly adam, şübheli işlerden saklanýan alym,
tämiz adam, şükürli baý.
-Ymmatym namaza
duranda seniň halyň?
-Şonda meni
ysytma tutýar.
-Roza tutan
wagtlary nähili bolýarsyň?
-Agzaçara çenli daňylgy
galýaryn.
-Gurhan
okanlarynda nädýäň?
-Ol pursatda
ereýärin.
-Sadaka
berenlerinde?
-Sadaka berýän,
göýä bir byçgyny alyp, meni ikä bölýän ýaly.
-Seniň iň ýakyn
ýoldaşyň?
-Meniň
aýdanlaryma eýeren.
-Dostuň kim?
-Zyna eden.
-Ýatak ýoldaşyň
kim?
-Serhoş.
-Myhmanyň kim?
-Ogrular.
-Ilçiň kim?
-Gözbagçylar.
-Kalbyňy gyrýan
zat näme?
-Alla ýolunda
urşa ylgan atlaryň kişňewi.
-Jismiňi näme
ereder?
-Toba edenleriň
tobasy.
-Jigeriňi näme
paralar?
-Gije-gündiz
Allaha edilen dilegler.
-Gözleriňi kör
eden nämedir?
-Agşam namazy.
-Seni işiňdennäme alyp galýar?
-Alymlary
mejlisi.
-Alladan nämeleri
talap etdiň?
-On zady talap
etdim.
1.Maňa ynsanlaryň
arasynda bolmaga.
2.Öý bermegini
diledim welin, ol hammamlary öý hökmündeberdi.
3.Bazary-mesjit
hökmünde berdi.
4.Ýatakdaş
deregine-serhoşlary.
5.Azan
deregine-aýdym-sazy.
6.Kitap deregine
azdyryjy goşgulary.
7.Kömekçi
deregine maňa meňzeşleri berdi.
8.Gardaş diledim:
baýlygyny biderek ýere, haram işlere sarp edýänleri berdi
9.Ynsan
ogullarynyň gan damarlaryny maňa ýoda etmegini.
10.«Men ynsan
ogullaryny göreýin, olar meni görmesin» diýip diledim.
Şeýlelikde,
Allatagala maňa ähli islänlerimi berdi. Meniň bilen bolanlar seniň bilen
bolanlardan has kändir.
-Eý, şeýtan,
seniň toba edip, Allaha dönmegiň mümkin dälmidir?
-Ýa, Resulallah,
bolan zatlar we berlen höküm laýykdyr. Karary ýazan galam hem gurady. Kyýamata
çenli boljak işler boljakdyr.