Baýazid Bestami 45 gezek haj parzyny yerine getiren we hergün hatim okaýan kethudalardandy.Birgün oturka nebsi ony öwüp,eden ýagşylyklaryny yatladyp bimaza etdi.Bayazid newsiniň şunça ybadatlardan soňam boýun egmedigini görüp ol mekany terk etmegi ýüregne düwýär we ýollara rowana bolýar. Syýahatyň bir gününde bir akylly ruhana duşar bolyar.Ruhany onyň elinden tutup öýüne eltýär.Bayazid bir wagtlyk myhman bolýar we özüne aýrylan otagynda nyýaza durup ybata başlaýar.Bir gun ruhany nahar getirýärka Baýazidiň ''Ey newsim!Seni şunça döwmek isleýän yöne ketjallygyň sebapli döwüleňok.'' diýenini eşdip onuň bilen ýakyndan tanyşýar we ''Käşkä senem İsanyň(as) guly bolsadyň'' diýýär.Bu sözü agyr görüp Baýazid öýü terk etmek isleýär.Muna ruhany,40 gün soňky bayramçylyklaryna çenli galmagyny we şol gunki geljek myhmanyň etjek wagyz nesihatyna gatnaşmagyny isleyär.Bayazid,her işiň bir hikmedi bardygyny bilip razy bolyar. 40 gün soň,diýlen gün hem gelýär.Ruhany,Baýazidi öz eşikleri ýaly geýindirip müňe ýakyn ruhanylary bolan bir märäkä eltýär.Ruhanylar üýşüp oturýalar we garaşylýan,hormatly myhman hem gelip,salamlaşyp ýerine otyrýar.Esli wagt geçýär ýöne başruhanydan ses çykanok,dymýar.Oturanlar munuň sebäbini soraýar: -''Ey başruhany!Name üçin geplaňizok?'' -''Araňyzda bir Muhammedi bar.'' Oturanlar gazaply aýaga galyp; -''Görkeziň ony,wagt ýitirman parçalaly.'' Muňa başruhany olara,eger söz berseler görkezjegini aytýar.Oturanlar ylalaşýalar.Başruhany Bayazidi ýanyna çagyrýar we ona,razy bolsa ylmyny barlamak üçin birnäçe sorag sorajakdygyny aytýar.Başruhany soraglara başlaýar: -''Ayt,ikinjisi bolmaýan täk,üçünjüsi bolmaýan iki,dördünjüsi bolmaýan üç,bäşinjisi bolmaýan dört,...on üçünjüsi bolmaýan on ikiler,bular nämedir?'' Baýazid muňa: -''Diňle,ikinjisi bolmaýan deňi taýy bolmaýan Allahdyr,üçünjüsi bolmaýan iki - gije gündizdir,dördünjüsi bolmaýan üç - talakdyr,bäşinjisi bolmaýan dört - Zebur,İnjil,Töwrak,Gurhany Kerimdir,yedinjisi bolmaýan alty - yeriň,gögüň ýaradylan alty günidir,sekizinjisi bolmaýan yedi - yedi gat göklerdir,dokuzynjysy bolmaýan sekiz - kyýamat güni arşy saklaýan sekiz perişdedir,onunjysy bolmaýan dokuz - dokuz aýlyk aýalyň göwrelik wagtydyr,onbirinjisi bolmaýan on - on yyllap Hz.Musa(as)yň Hz.Şuayb(as)a çopanlyk etmesidir,on ikinjisi bolmaýan onbir - Hz.Yusub(as)yn onbir doganydyr,on üçünjisi bolmaýan on iki bolsa - on iki aýdyr '' diyip jogap beripdir.Başruhany ýene: -''Daşdan kim ýaradyldy,kim daşyň içinde saklandy we daş bilen kim heläk edildi? Baýazid: -''Hz.Salyh(as)yň düýesi daşdan ýaradyldy,Ashafy Kehf daşda saklandy,daşlar bilen Käbäni ýykmaga gelen Ebrehäniň pilleri heläk edildi.'' Başruhany: -''Jennetde iýilýar,içilýar ýöne täret bozulmaýar,muňa meňzeş ýagdaý dünyäde barmy?'' Baýazid: ''Bardyr,ene garnynda iýiler,içiler ýöne daşky yokdur.'' Şuňa meňzeş ençeme soraglar soran başruhany ahyry soraglaryny tamamlaýar,Baýazid hem muňa bütin soraglara derek bir sorag sorajakdygyny aýtýar.Baýazid: -''Jennediň açary näme?Sekiz jennediň üstinde ýazylgy?'' Başruhany ýüzü üýtgap bir sellem dymýar.Oturanlar muňa gahary gelip -''Eý Başruhany! Siz nije soraglar soradyňyz,Muhammedi bulara döz geldi,ýöne size ýekeje sorag soralanda dymýaňyzmy,ýeňilýäňizmi?'' diýenlerinde başruhany bulara : -''Eger jogabyny aýtsam yzymdan galtalarsyňyzmy? Oturan beýleki ruhanylar: -''İnjiliň haky üçin size uýaryz.'' diýýaler,başruhany hem: -'' Jennediň açary -Lä İlähe İllallah,Muhammeden Rasulullah-dyr diýýär'' diýen jogaby eşden ruhanylaryň ählisi kelemäni çöwürip musulman bolupdyrlar.Baýazid hem olara Yslamy ögretýär we syr,hikmet şeýlelik bilen çözülýär.
Okan
-
Djdawid
13 years ago
- ay onda okada oturda sayta ... ishlap yorsunmi
-
nauk
13 years ago
- adam diyenin yoknosyz bolmosoda
-
Cwetocek
13 years ago
- nauk minnetdar gyzykly eken!
-
Djdawid
13 years ago
- bla oglan diyenin 1 dogumly bolsada gyz yaly nazirgap durmasada
-
moonguse2
13 years ago
- goh namow cwet hany ayryl bir gyra bularda problemjagaz bar oytyan men hazir cozeyin ony.
-
Broker
13 years ago
- nauk okamak ucin gowy weln senem men yaly dinge kopirowat edip chykayyang oytyan gysgarajygyny yazayda, chaltyrak okap manysyny alaryn yaly
-
moonguse2
13 years ago
- ay yuregim bola broker.
-
nauk
13 years ago
- hawa koprawat etyan ozum haladym goydum indikime berk borun.
-
Broker
13 years ago
- ok hichle. yenede minnetdar
-
nauk
13 years ago
- ay yuregim bola broker.
moonguse2 | 2010-11-05
11:32:14
ynjaldynmy dostym
-
Leylisa
13 years ago
- Sagja bol dost
-
Goool
13 years ago
- nauk agza saol!
-
Bravo
13 years ago
- Thanks nauk aga gowja rowayat gymmatly
-
nauk
13 years ago
- bravo shuny goyutdurlarmy
-
Bravo
13 years ago
- Dusunmedm
-
Toty
13 years ago
- sagbol gyzykly eken
-
Mollanepes
13 years ago
- sagja bol dost,men diysen hakadym,yene yazyber,uzyn bolsa has onat,kop okayan
nauk 13 years ago- gaty haladym okap doyup bilmedim