ejesini gorde gyzyn al kakasyny gorde jeep ni al ....DEGISHME NAKYL///// Agaç miwe berse, başy aşak Ajysy bolmadygyň, süýjüsi bolmaz. Az bolsun, uz bolsun. Azapsyz ýeriň ady ýok. Aýrylmaz goňşyňa unutgysyz söz aýtma. Akyl ýaşda bolmaz, başda bolar. Akylla-yşarat, akmaga-kötek. Arkaly köpek gurt alar. At alma, eýer al. At ürken ýerinden, är gorkan ýerinden. Ata kesbi-ogla halal. Atylan ok daşdan gaýtmaz. Bal tutan barmagyny ýalar. Baryny beren uýalmaz. Başa bela iki barmak dilden geler. Bedew-jul içinde, göwher kül içinde. Bijeli oglan aglamaz. Bir okana bar, bir hem dokana. Bir elde iki garpyz tutdurmaz. Bir ýazykdan är ölmez, hiç ýazyksyz är bolmaz. Bu günki serçe düýnki serçä “jik-jik” öwreder. Çagyrylan ýere irinme, çagyrylmadyk ýerde görünme. Çala eşiden çatma ýykar, öte eşiden-öý. Çekişmän, bekişmez. Dagdan arkasy bolanyň, daşdan ýüregi bolar. Dagy-daşy ýel pozar, adam arasyny söz pozar. Dil bilen orak orsaň, bil agyrmaz. Don biçerler ýeňli-ýanly, dost tutarlar öňli-soňly. Dostuňy egleme nepden galmasyn, Duşmany saklama, syryň bilmesin. Duşmanyň peşeçe bolsa, pilçe gör. Düýe garrasa, köşegine eýerer. Düýä münüp, hataba bukma. Enesini gör-de gyzyny al, gyrasyny gör-de bizini al. Är-aýalyň uruşy-ýaz gününiň ýagyşy. Gazana ýanaşsaň, garasy ýokar. Galpyň gazany gaýnamaz, gaýnasa-da baýnamaz. Gamyşy gowşak tutsaň, el gyýar. Geňeşli don gysga bolmaz. Gorkana goşa görner. Göwni açygyň-ýoly açyk. Göwün göwünden suw içer, gamyş-bogundan. Göge tüýkürseň, ýüzüňe düşer. Guýma gursak bolmasa, dürtme gursak neýlesin. Gurt gören itiň agzy bir bolar. Gülme goňşyňa, geler başyňa. Haýwan ysgaşa-ysgaşa, adam soraşa-soraşa. Hasaply dost uzak gider. Iki at depişer, arasynda eşek öler. Il agzyny ýygyp bolmaz, çelek agzyny bogup bolmaz. Ilim-günüm bolmasa, Aýym, Günüm dogmasyn. It üýrer, kerwen geçer. Kesmeseň, ganamaz. Kör hasasyn bir aldyrar. Kötek güýçli bolsa, ýüň gazyk ýere gider. Maslahatly biçilen don gysga bolmaz. Mellekçä ýer berseň, ýer eýesini ýerden çykarar. Mert özünden görer, namart-ýoldaşyndan. Müň gaýgy bir iş bitirmez. Myhman-ataňdan uly. Myhman birinji gün-gyzyl, ikinji gün-kümüş, üçünji gün-mis, dördünji gün-pis. Oglan howlugar, tudana wagtynda bişer. Ogrulyk eden uýalmaz, üstüne gelen uýalar. Ody özüňe bas, ötmese-kesekä. Öwrenişen ýagy-uruşmaga ýagşy. Öli arslandan-diri syçan. Öňüm bolandan, soňum bolsun. Pis pisi tapar, suw-pesi. Serçeden gorkan-dary ekmez. Soňky tüýkülik-sakgal ezmez. Sorap berenden-urup ber. Söýenişen ýykylmaz. Süýtde agzy bişen-suwy üfläp içer. Süýde siňe seretseň, gan görner. Sygryň şahyna ursaň, endamy syzlar. Tapan-begener, tanan-alar. Tomus depesi gaýnamadygyň-gyş gazany gaýnamaz. Tyg ýarasy biter, söz ýarasy bitmez. Uly başlar, kiçi işlär. Ýekäniň çaňy çykmaz. Ýorganyňa görä aýak uzat. Ýigide müň dürli hünär hem az. Ýigidi dostundan tana. Ýykylan göreşden goýmaz. Ýagşy niýet-ýarym döwlet. Ýakma bişersiň, gazma düşersiň. Ýalançy ýarymaz, ogry baýymaz. Ýamandan boýuňy satyn al. Ýatan öküze iým ýok. Zeleliň ýaryndan gaýtmak hem peýda.
Nakyllar
-
onesse
13 years ago
- ýazardym welin, bu ýere ýerleşmez. Ähli türkmen nakyllarynyň elektron faýly bar.
-
Cwetocek
13 years ago
- agaç miwe berse, başy aşak
ajysy bolmadygyň, süýjüsi
bolmaz.
az bolsun, uz bolsun.
azapsyz ýeriň ady ýok.
aýrylmaz goňşyňa unutgysyz
söz aýtma.
akyl ýaşda bolmaz, başda bolar.
akylla-yşarat, akmaga-kötek.
arkaly köpek gurt alar.
at alma, eýer al.
at ürken ýerinden, är gorkan
ýerinden.
ata kesbi-ogla halal.
atylan ok daşdan gaýtmaz.
bal tutan barmagyny ýalar.
baryny beren uýalmaz.
başa bela iki barmak dilden
geler.
bedew-jul içinde, göwher kül
içinde.
bijeli oglan aglamaz.
bir okana bar, bir hem dokana.
bir elde iki garpyz tutdurmaz.
bir ýazykdan är ölmez, hiç
ýazyksyz är bolmaz.
bu günki serçe düýnki serçä “jik-
jik” öwreder.
çagyrylan ýere irinme,
çagyrylmadyk ýerde görünme.
çala eşiden çatma ýykar, öte
eşiden-öý.
çekişmän, bekişmez.
dagdan arkasy bolanyň, daşdan
ýüregi bolar.
dagy-daşy ýel pozar, adam
arasyny söz pozar.
dil bilen orak orsaň, bil
agyrmaz.
don biçerler ýeňli-ýanly, dost
tutarlar öňli-soňly.
dostuňy egleme nepden
galmasyn,
duşmany saklama, syryň
bilmesin.
duşmanyň peşeçe bolsa, pilçe
gör.
düýe garrasa, köşegine eýerer.
düýä münüp, hataba bukma.
enesini gör-de gyzyny al,
gyrasyny gör-de bizini al.
är-aýalyň uruşy-ýaz gününiň
ýagyşy.
gazana ýanaşsaň, garasy ýokar.
galpyň gazany gaýnamaz,
gaýnasa-da baýnamaz.
gamyşy gowşak tutsaň, el
gyýar.
geňeşli don gysga bolmaz.
gorkana goşa görner.
göwni açygyň-ýoly açyk.
göwün göwünden suw içer,
gamyş -bogundan.
göge tüýkürseň, ýüzüňe düşer.
guýma gursak bolmasa, dürtme
gursak neýlesin.
gurt gören itiň agzy bir bolar.
gülme goňşyňa, geler başyňa.
haýwan ysgaşa-ysgaşa, adam
soraşa-soraşa.
hasaply dost uzak gider.
iki at depişer, arasynda eşek öler.
il agzyny ýygyp bolmaz, çelek
agzyny bogup bolmaz.
ilim-günüm bolmasa, aýym,
günüm dogmasyn.
it üýrer, kerwen geçer.
kesmeseň, ganamaz.
kör hasasyn bir aldyrar.
kötek güýçli bolsa, ýüň gazyk
ýere gider.
maslahatly biçilen don gysga
bolmaz.
mellekçä ýer berseň, ýer eýesini
ýerden çykarar.
mert özünden görer, namart-
ýoldaşyndan .
müň gaýgy bir iş bitirmez.
myhman-ataňdan uly.
myhman birinji gün-gyzyl, ikinji
gün- kümüş, üçünji gün-mis,
dördünji gün-pis.
oglan howlugar, tudana
wagtynda bişer.
ogrulyk eden uýalmaz, üstüne
gelen uýalar.
ody özüňe bas, ötmese-kesekä.
öwrenişen ýagy-uruşmaga ýagşy.
öli arslandan-diri syçan.
öňüm bolandan, soňum bolsun.
pis pisi tapar, suw-pesi.
serçeden gorkan-dary ekmez.
soňky tüýkülik-sakgal ezmez.
sorap berenden-urup ber.
söýenişen ýykylmaz.
süýtde agzy bişen-suwy üfläp
içer.
süýde siňe seretseň, gan
görner.
sygryň şahyna ursaň, endamy
syzlar.
tapan-begener, tanan-alar.
tomus depesi gaýnamadygyň-gyş
gazany gaýnamaz.
tyg ýarasy biter, söz ýarasy
bitmez.
uly başlar, kiçi işlär.
ýekäniň çaňy çykmaz.
ýorganyňa görä aýak uzat.
ýigide müň dürli hünär hem az.
ýigidi dostundan tana.
ýykylan göreşden goýmaz.
ýagşy niýet-ýarym döwlet.
ýakma bişersiň, gazma
düşersiň.
ýalançy ýarymaz, ogry baýymaz.
ýamandan boýuňy satyn al.
ýatan öküze iým ýok.
zeleliň ýaryndan gaýtmak hem
peýda.
-
Gozela
13 years ago
- Yazar yaly nakylam goymansyna nauk
-
kerkili
13 years ago
- gozela dogry aytyan guljagaz bn nauk bize zat goymandyr
-
poseluy
13 years ago
- Mena sozvm yok
-
Akyaply
13 years ago
- Nauk, yhlas edipsiň, sag bol.Geregiňiz nakyl bolsun:
GELIN-GYZLAR WE ENELER HAKDAKY NAKYLLAR
Akylly gelin öý diker, akmak gelin öý ýykar.
Akylly ogul hümmetli, akylly gyz gym¬matly.
Alty aga birigip, ata bolmaz, ýedi ýeňňe birigip — ene.
Alynjak gyz Aý görner.
Aşy ajygana ber, gyzy — aşygyna.
At keselini sakyz açar, gyz keselini — gopuz.
At ýaly bilen owadan, zenan – saçy bilen.
Atadan nesihat alan ogul kethuda bolar, eneden nesihat alan gyz keýwany bolar.
Atadan ogla miras, eneden — gyza.
Ata-enäniň göwni ogulda-gyzda, ogul-gyzyň göwni dag bilen düzde.
Ataň bile eneň Mekge bile Medinäň.
Atasy bolmadyk bir gün aglar, enesi bolmadyk — her gün.
Atasyz oglan — ýetim, enesiz oglan — ýesir.
Aý ýanynyň ýyldyzy, gelin ýanynyň bal¬dyzy.
Baý gyzy bezegi bilen, garyp gyzy edebi bilen.
Bidöwlet — oglumdan, döwletli — gyzym.
Bidöwletiň ogul-gyzy baş-da bolsa, ýaş ýaly, döwletliniň ogul-gyzy ýaş-da bolsa, baş ýaly.
Çykan gyz — çygdan daş.
Düýe «düz» diýip geçer, ýigit — «gyz» di¬ýip.
Duz bilen gyza gytlyk düşmez.
Eneçe gyz dogmaz, ataça — ogul.
Enesini gör-de gyzyny al, gyrasyny gör-de — biýzini.
Gapaksyz gazan gaýnamaz, enesiz oglan oý¬na¬maz.
Garga gagyldap gaz bolmaz, kempir bezenip ― gyz.
Gatyksyzdan duzly ýagşy, ogulsyzdan — gyz¬ly.
Gelen gelin däl, düşen ýeri gelin.
Gelin düşse yrakdan — gatnaşygy düz bolar, gelin düşse ýakyndan — gatbar-gatbar söz geler.
Gelin ojaga çeker.
Gelinden gyz bolmaz, giýewden — ogul.
Gelniň ýaman bolsa ogluňdan gör, giýewiň ýaman bolsa — gyzyňdan.
Gelniňe gargasaň ogluňa deger, giýewä gar¬ga¬saň — gyzyňa.
Gerdişli sözi gelin aýdar.
Gezegen gyzdan gelin bolmaz.
Giýewim ýagşy – gyzymyň aýdany bilen, og¬lum ýaman – gelnimiň aýdany bilen.
Goňşyň gowy bolsa, kel gyzyň äre gider, goňşyň ýaman bolsa, gül gyzyň göre gider.
Görklüdigiň bilerin, bir oglanyň bolan¬soň, işlidigiň bilerin, gaýyn eneň ölensoň.
Gözel ― hulky bilen gözel.
Gözeli görseň gözüň ga:nar.
Gözeli kemis öldir, ýigidi — namys.
Guda gudalaşandaky dek bolsun, gelin gele¬nin¬däki dek.
Gül össe ýer görki, gyz össe — il.
Gün bakar — ýer ýumşar, gelin bakar — är ýumşar.
Gündeş göreniň gyzyny alma, işigi ýamanyň öýüne barma.
Guma sepeniň bilinmez, gyza bereniň gö¬rün¬mez.
Gylygyndan söýdüren gyz — gyzyldan.
Gyz – gurjak oýnar, oglan – gulan gözlär.
Gyz – gylygy bilen, ogul – edebi bilen.
Gyz — gyrnak, ogul — gul.
Gyz — hoz agajy, her ötegçi bir daş atar.
Gyz — özge öýüň çyrasy.
Gyz bar – nep getir, gyz bar – gep getir.
Gyz çykaran baýamaz, gelin edinen dagamaz.
Gyz edebi — il edebi.
Gyz eneden görüm görmese, öwüt almaz.
Gyz galyňy — garyň suwy.
Gyz galyňy ― gyrawça.
Gyz galyňy gysymyňda galmaz.
Gyz göwni gyzan gazan.
Gyz gylygyndan söýdürer.
Gyz kepbeden çykar, tüsse — omçadan .
Gyz meniňki, bagty özgäniňki.
Gyz öýüň torbasy, ene — unuň urbasy.
Gyz syryny hossary biler.
Gyza altyn tagt dileme, barmak boýy bagt dile.
Gyza erk berilse, ýa dowulça barar, ýa surnaýça.
Gyza geler kyrk kişi, alar gider bir kişi.
Gyzda — haýa, gelinde — şerim.
Gyzly gapy dynuw bilmez.
Gyzly kişi gyr aşar.
Gyzly öý — gyzyldan halka.
Gyzly öý soltanly öý, ýüzi geler, biri äkider.
Gyzly öýe kyrk at baglanar.
Gyzly öýe rehnet ýagar.
Gyzly öýüň iti dynmaz.
Gyzy baryň näzi bar, ogly baryň — döw¬leti.
Gyzy kyrk ýerden gys.
Gyzy saklap bilmeseň, güň bolar, ýüpegi saklap bilmeseň, ýüň bolar.
Gyzyl dili gyssaň, maza berer, gysmasaň — yza.
Gyzyl ýüzli ýigidiň gyz uýasy bolmasyn, gyz uýasy bolsa-da, gyzyl ýüzi solmasyn.
Gyzyla gaplasaň hem gyz atasy öýünde galmaz.
Gyzym — öýde, gylygy — daşarda.
Gyzyň görki ýedi ýetmeziniň üstüni ýapar.
Gyzyň gözelligi göz bile gaşda, ýigdiň gözelligi akylda — huşda.
Gyzyň ysy — gülüň ysy.
Her gülüň bir ysy bar, her gyzyň — bir näzi.
Her zadyň öz wagty bar, her gyzyň — öz bagty.
Howlugan gyz äre baryp ýalçymaz.
Köňül söýen gözeliň agy-da bolmaz, garasy-da.
Ogluň ýetişse, gyzy ýagşy bile obadaş bol.
Oglum gowy bolandan, gelnim ýakymly bolsun.
Ogul düzde ýagşy, gyz — öýde.
Ogul dogsa sagdak al, gyz dogsa — sandyk al.
Ogul edebi bilen arzyly, gyz — gylygy bilen.
Ogul ýanynyň ody bar, gyz ýanynyň —ýady bar.
Oguldyr döwletiň başy, gyz-da bolsa göwün hoşy.
Ojak başy ogulsyz bolmsyn, saçak başy gelinsiz.
Owadan gelin toýy bezär, akylly gelin — öýi.
Öý görki — gamyş, gyz görki — kümüş.
Öýlenmedik ýigit il giýewi, çykmadyk gyz il gelni.
Sary donlym sag bolsa, sallanyp geler sary gyz.
Suw seslener gamyş bilen, gyz beslener kümüş bilen.
Suwuň siňňin akanyndan gork, gyzyň — ýere bakanyndan.
Togsan dolman ýaz çykmaz, dokuzy dolman — gyz.
Üç gyzlynyň halyny günde bir sora.
Ümä gelen usul gyz, sapak ujuny düwmän ötürer.
Uruşmaz ogul bolmaz, tersleşmez — ge¬lin.
Uýatsyz ogul ýaman, gylyksyz — gyz.
Ýagşy gelin — gelin, ýaman gelin — ýalyn.
Ýagşy gyz irden turup darak dilär, ýaman gyz irden turup çörek dilär.
Ýagşy gyz ýady ýakyn eder, ýaman gyz — kyýa¬maty.
Ýagşy ogul il abraýy, ýagşy gyz — öý.
Ýetim gyzyň ýeňňesi köp.
Ýigit aýbyn gyz açar, ädik aýbyn — suw.
Ýigit ulalsa, jeň başlar, gyz ulalsa — heň.
-
nauk
13 years ago
- yeh alla razy bolsyn akyaply
-
Djdawid
13 years ago
- oyun etse dawidir, chyny etse yene dawidir. Naukmy sen paukmy sen shony bilip goy ok!!!
-
Cwetocek
13 years ago
- gyuuu dj yene temany yalnyshdynmy?:-)
-
mommy
13 years ago
- Tüweleme nakyllardan doldurypdyrsyñyz, ýöne bular nicolas keydjiñ Ýel bilen gürleýänler kinosindaky radistleriñ gepine meñzedi, alan ýeriñizde manysy bar bolsa gaýrat edip ýazyñ.
-
moonguse2
13 years ago
- ey mommy adyn m-dan dolylay? manysy name on?
-
mommy
13 years ago
- Moonguse2, sanada galypdyra bir m, hemmesini men almadym. Manysa kitapda Muh. gysgaltmasy diyya.
-
Leylisa
13 years ago
- Bet nakyllar bamy
-
bende
13 years ago
- Menem bilenjamin 1ni yazayn:
a4 b.n i$leme,dok b.n deprenme!
-
ozik
13 years ago
- men bir iki sanysyny bilyan leyli bet nakyllardan:-)
-
Batyr1986
13 years ago
- mena hemmesini okap bolyp aynada ozumi gorsem iki uch dagy bolyp duryn.akylymam gozumem kopelayipdir oydyan
-
ozik
13 years ago
- :-)
-
Leylisa
13 years ago
- Yatan okuze iym yok,batyr1986gynanyan
-
Batyr1986
13 years ago
- menem ozume gynanyan.leylisa sen name okuw okadyn.ugryn name?
-
ozik
13 years ago
-myhmanynky 3 gun, 3 gunden son gochgun.
- her molla oz bilenini okar.
-
bayson
13 years ago
- Mollanyn edeni etme diyyeni et ..
-
bende
13 years ago
- dilin dal elin i6lesn diyibem bar
(kabir kabir agzalarmz ters du6unmesin yone)
-
bende
13 years ago
- dilin dal elin i6lesn diyibem bar
(kabir kabir agzalarmz yalny6 du6unmesin yone)
-
Jereen
13 years ago
- Sadaka bermek bilen mal azalmaz.
Mömin möminiň aýnasydyr.
Günäsinden towa eden, hiç günä etmedik ýalydyr.
-
Jereen
13 years ago
- Sadaka bermek bilen mal azalmaz.
Mömin möminiň aýnasydyr.
Günäsinden towa eden, hiç günä etmedik ýalydyr.
-
bende
13 years ago
- 1 sadaka 1000 belany sowyar
-
nauk
13 years ago
- günäsinden towa eden, hiç günä
etmedik ýalydyr.
jereen |
salam jeren dogry yazypsyn
-
Jereen
13 years ago
- Dogry aydyaňyz bende
-
trabzonlu
13 years ago
- geçmem namart koprusundan koy sular aparsyn meni
yatmam çakal yatagynda koy arslanlar parçalasyn meni
-
Jereen
13 years ago
- Salam Nauk! Sagja bolun! :)
-
nauk
13 years ago
- gowmy yaglannyz yatyp turdunyzmy ya indi yatmaly
-
trabzonlu
13 years ago
- nauk dogru aydyyan yatmaly sabah boldu erken işlemeli.
-
nauk
13 years ago
- namazy bitirip ondan son yatsagam bolar
-
Jereen
13 years ago
- Menä häliräk turdum, indi ýatmaýmasam... gün dogmanka ýatmasaňyz gowy bolardy trabzonlu, biraz garaşyn son uklaýin gowuluga bolar :) ýöne aýdýar diýip gaty görmäň.
-
nauk
13 years ago
- wiy bizde intak ira men yatyp turyana. Men yatyp bilmeyan gozlerime uky gelmeya hic* pikirlenyan smay.*
-
Jereen
13 years ago
- Ma$allah. Allah kabul etsin oglanlar.
-
nauk
13 years ago
- amin. Ble etsin.
-
trabzonlu
13 years ago
- jeren can salam ozumun işi köp senem turmenistanyn neresinden
-
nauk
13 years ago
- okayamyn ya ishleyan jeren dostym. Tromzonlu sen nirden
-
Jereen
13 years ago
- Salam trabzonlu! Turkmenistanyň mary şäherinden ben.
-
nauk
13 years ago
- ildesh ekenina tuweleme.
-
Jereen
13 years ago
- okayan, narhozda 5 kurs. su wagt praktikada. dogurdanam,Siz nireli oglanlar?
-
trabzonlu
13 years ago
- men istanbul da yasayan mobilya zagotu işleteyanym hemme gerek zat bolsa ayd basym gozun ustune
google dan gir (ulkamobilya)
-
Jereen
13 years ago
- Sizem okaýansyňyz?
-
trabzonlu
13 years ago
- jeren can ozum turkiyeli turkmen
-
trabzonlu
13 years ago
- menem okayanym yok menem zagot işleteyanym
-
Jereen
13 years ago
- Maşallah. hem yaşayňyz hem işleýäňiz.. aslyňyz türkmenmi siz
-
nauk
13 years ago
- menem marydan hawa okayan
-
Jereen
13 years ago
- haaa anladym.
-
Jereen
13 years ago
- tuweleme, nirede okaýaňyz nauk?
-
nauk
13 years ago
- belarusyada narhozda 1njy krus nesip edenden
-
nauk
13 years ago
- yashkamah@mail.ru men mailim munkin dostlasharys
-
trabzonlu
13 years ago
- turkmen ligimle gurur duyuyorum türkiyede köp turkmen karyndasym bareken ozumda işleyen coralarym turkmen
-
trabzonlu
13 years ago
- orhankaslii@hotmail.com dag daga kawuşmaz ama ynsan ynsana kawusar
-
Jereen
13 years ago
- maşallah oglanlar size kolaý gelsin. iýi günler. sagolun. adresiňizem aldym :) nauk teşekkurler.
-
nauk
13 years ago
- ok sag bolun sagamanja okap saganja ishlan in yagshy dileglerde bolalyn
-
Jereen
13 years ago
- benin agent adresim jeren.87@mail.ru
-
Jereen
13 years ago
- Teşekkurler trabzonlu! sagolun!
-
trabzonlu
13 years ago
- jeren sizde sagolun size günaydyn menem iyi aksamlar 2 saat uyusam boldu
-
Djdawid
13 years ago
- blya tema nakyllar barada yzy tanyshlyga owurlipdiray
-
Djdawid
13 years ago
menem marydan hawa okayan
nauk | 2010-11-06 19:53:40
wot wot sen yalaklaram maryn adyny yere chalyarda. Erkek bol bashga yerde 1 marylydygyny aytamasana.
-
Leylisa
13 years ago
- Hey adamlar beytmana temany
nauk 13 years ago- sizem bilyan nakyllarnyzy yazyn