1860nji ýylda Ahal hany Nurberdi hanyň häkimligi yokary göterilýär.Häli-şyndy çozup, Türkmeni talap duran alamançylaryň aýagy kesilýär.çünki Türkmeni talamak üçin uly güýç bilen gelmeseň, indi ol ýüz atla, iki ýüz atla eýgertjek däldi.Şonuň üçin bolsa gerek,Eýranyň Bejnurt hanlygynyň häkimi Ybraýym han hem Nurberdi han bilen birek-biregiň üstüne dökülmezlik, birek-birege talamazlyk dogursynda ylalaşyga gelýärler. Bu siýasy waka, goňşy ýaşaýan iki halkyň, ýagny Eýranyň Şadilli taýpasy bilen Türk -meniň Ahal ilatynyň arasyndaky parahatlyga güwä geçýärdi.Kepetdagyň güneş tarapynda ýaşaýan Şadilliler bilen Kepetdagyň kölgeý tarapynda ýaşaýan Türkmen- leriň arasynda indi öňki ýaly häli – şyndi çaknaşyk bolup durmaýar.Şonuň üçin il içinde asudalyk aralaşdy. Emma weli, özüne göwni ýetýän Dykma serdar bir gün öz ýigitlerini daşyna ýygnap, Olara şeýle diýýär : --Ỳigitler, Nurberdi han bilen Ybraýym han şertnama baglaşypdyr.Ỳöne biz şonda-da Nurberdi gyzyldan gizlin alamançylyga gitmeli bolýarys.Ynha, dänim,öňümiz gyş. Gyş güni hurşlyk mal, palowa atar ýaly kişmiş, xurma ýaly zatlar edinmeli.Busup ýat -saň zat bolmaz.Şertanama baglanyşsa Nurberdi han baglaşypdyr.Biz baglaşamyz- ok.Inha, şo maslahatdan soň Dykma serdar atlylary bilen Eýranyň Bejnurt hanlygyn -yň çetki obalarynyň biriniň üstüne dökülýär.Emma Dykma serdar özüniň 10-12 nökerei bilen ýesir düşýär.Ybraýym han Dykma serdar dagyny zyndana taşlaýar. Köp wagtlap olaryň yzyndan baran bolmaýar.çünki, öň öz aralarynda şertnama bolan -soň Nurberdi han Ybraýym hana hiç hilli sala salmaýar.özüniň äsgermänligi üçin Dykma serdara käýinýär. Ahyry Nurberdi han Şükür bagşynyň ýanyna baryp şeýle diýýär : -- Bagşy, bolmasa bir iş bolupdyr.Ötki, Dykma serdar kakabaşlyk edip alamana gidipdir.Üstesine-de ýesir düşüpdir.Meň-ä ýüzüm ýok töwella gitmäge.sebäp öň bar -mak basyp şertnama baglaşypdyk, Ybraýym han bilen indi men nädip oň gözüne görneýin.Ol maňa : “ heý, keçe telpek Türkmen, sizde hey ykrar bolmazmy ? düýn dälmidi birek – biregiň üstüne dökülmeli däl diýip, şertnama baglaşanmyz.hany o şertiň nire gitdi ? “ diýer. Şeýdibem üstümden güler.Şoň üçinem men-ä hanyň gözüne görünmäge utanýan, nä ýüzüme baraýyn. Gepiň küle ýeri, name diýsene, Şükür bagşy, men senden towkga edýän,Bejnurda sen töwella gidäy.Ỳogsa-da sen öňem käte Ybraýym hana saz çalyp berip gaýdýaryň ahyry.Geçen ýaz Bagdat gyzyna öylenen-de, seni toýuna çagyrypdy.Seň ýüzüňden geçip bilmez.Howa Dykmany şeýdip boşadaly.Ỳogsam zeýili zyndanda gözüni garaldyp oturandyr o peläket.Gaýrat et-de,olary boşadyp alyp gel.Nätse-de özüňki-dä.Ỳogsam-ä ylalaşyk barka beýdeni üçin garagyň çyksyn diýäýmeli welin ….. Hany gaýrat et-de bu gün – erte ugra bakaly. Ine şu maslahatdan soň Şükür bagşy Bejnurt hany Ybraýym hanyň üstüne gidýär. Baryp, habaryny aýdanda Ybraýym han ör-gökden gelýär.Iki sany beýik hanyň ylala -şygyny bozup, talaňa geleni üçin Dykma serdra agyr jeze berjek digini aýdýar.Nur- berdi hana gatyganýar.Galmagal edýär. Şükür bagşy tä han köşeşýänçä sesini çykarman oturýar.Axyry ardynjyrap ýuwaşja gepleýär : --Ybraýym han diýýän-ä, meň-ä zarym bar,zorum ýok.sebäp günä bizde.wadany bozan biz.Ỳöne name, Dykma serdaram bir yňdyrma adam-da.Ỳogsam iliň hany möhür basyp,äht edensoň her kim edenini edip ýörse bolmaz ähbetin.Ỳöne indi bolmasy iş bolupdyr.Nätse-de ylalaşykly çözmeli bor bi düwüni. -- Ylalaşykly, çözmeli bolsa, bagşy ýigit, Dykmaňyzy zyndandan boşatmak üçin agyr salgyt tölemeli bolarsyňyz. -- Aý, han aga, salgyt meseläňizi goýaweri.Öňem ilde zat ýokur. -- Onda sen nähilli çözmekçi bi meseläni, hany aýt-da, meň ýerime özüň bolsaň näderdiň ? -- Nätjegimi bilemok han aga, ýöne men bir temsal aýdaýyn.Şolam saňa ýarasa gerek. Han bilesigelijikli bilen owsundy. -- Hany aýt, o nä tymsalmyş? --Aýtsam bejnurt soltany, men seň adyňy kyýamata axyry boýunça ýytmez ýaly etjek.Ynsaniýet näçe ýaşasa, seň adyňam şonça ýaşar ýaly etjek. -- O nähilli meň adymy müdümlik ýaşar ýaly etjek? -- O my, seň adyňa bir saz döretjek.Ana,şolam seň adyňy ömürbaky il içinde tutular ýaly eder.Ỳöne maňa biriki gün puryja ber.özünem asuda bolsun.Adam maňa päsgel bermesin. Han töweregine göz aýlady-da : -- Bolýa, seň dieniň bolsun.—Diýidi Üç günden soň Şükür bagşyny hanyň huzuryna getirdiler. -- Ỳeri, Şükür bagşy, hany, üç günde name iş bitirdiň.Aýt, göreýli. -- Han aga, öňat saz döretdim.Adyna-da Ybraýym şadilli diýdim.Hawa, Ybraýym-a öz adyň.Şadilli seň taýpaň ady.Ybraýym han diýsemem bolardy weli, ýöne Ybraýym şadilli bolanda has gowy bolar.Hemmä mälim bolýar. Han ähli aýallaryny, çagalaryny ýanyna çagyrdy-da, durşy bilen gulaga öwrüldi. -- Hany, çal onda sazyňy. -- Han aga, sazy gowy diňle, bi sazda seň Nogaý aýalyň öýmudykläp ýörişide, Kürt aýalyň tans edişi-de, Pars aýalyň näz kereşmesi-de, Gülkamar gyzyň şadyýanlygy- da, Bagdatdan ýaňrak alan gyzyň näzeninligide, çar bagyňda saýraýan bilbilliň owaz -da bardyr bu sazda.—diýip, “ Ybraýym şadillini “ çalyp berýär. Bu saz hanyň aýallaryna-da, çagalaryna-da, özünede diýseň ýaraýar. Bejnurt hany Ybraýym han öz adyna döredilen sazy özüniň köşk sazandasyna öwre -denden soň, nökerleri bilen Dykma serdary ýesirlikden boşatýar.Şükür bagşa bolsa, halat, serpaý ýapyp yzyna ugradýar. Hawa,bu sazy biz şu günde-günaşa Radiodan “ Ybraýym şadilli “ diýip diňleýäris.

Köneler, arapreyhan tarapyndan 14 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir