Salam agzalar! Temañ adyndanam bilen bolsañyz gerek, bu temamyñ näme baradadygyny?!
Nepalda 18 ýaşly we 5,5 kilogram agramy bolan Khagendra Thapa Magar 67 santimetrlik boýy bilen "dünýäniň iň gysga adamy" diýlip ykrar edildi.
Ginnesiň Rekordlar kitabynyň wekilleri Magaryň iň gysga adamdygyny tassykladylar. Onuň kakasy Rup Bahadur Thapa Magar oglunyň meşhurlyk gazanmagyndan diýseň hoşal bolandygyny aýdýar. Ol oglunyň gysga boýly bolmagynyň ony şöhratly edendigini aýdýar.
Rekordlar kitabyna adyny ýazdyrmak isleýän Magaryň bu islegi ýaşynyň kiçi bolandygy we boýunyň ösüp biljekdigi nazara alnyp kanagatlandyrylmandy. Magara rekord sertifikaty ýurduň paýtagty Katmandunyň günbatarynda ýerleşýän syýahatçylyk şäheri bolan Pokhara şäherinde geçirilen dabarada gowşuryldy.
Mundan ozal dünýäniň hasaba alnan iň gysga adamy 70 santimetrlik boýy bilen Kolumbiýaly Edward Nino Hernandeze degişlidi.
Khagendra Thapa Magar - dünýäniň iň gysga boýly adamy
-
teknikfirari
15 years ago
- Nepallylar bilen işleşip goremson gen gormedim... Uytgesik bir yaşayişlary bar...
nepallar integem kan rekortlar kitabina girerler (mysal ucin burunc iymek, gunun uc wagtyna dine burunc iyyaler)
-
ruqaya
15 years ago
xaxaax :)
-
Fonetika
15 years ago
- Gyzykly maglumatyng uchin minnetdar!
-
bende
15 years ago
- oyunin ekonomikasyna uly komek getirer oza)))
-
Yalan
15 years ago
- suratdaky eger turkmen bolsady, ayalyn ashagynda beydip yylgyryp barik seretman, yokaryk serederdi:D
-
unversal
15 years ago
- hahaha yalan bah pikirinay.
-
menbet
15 years ago
- Hahahay
-
menbet
15 years ago
- Bah yalan kellane gelyan zatlaray
-
Cwetocek
15 years ago
- gindir dunya,gendir dunya!
-
Yazlale
15 years ago
- Dogry aydyan swetty dunyade her durli gen-tanlyklar bar.
-
bende
15 years ago
- Gen tanlyklar dp yokaryk seretmdgne aytyamyn ya uzyndal adamamy?
-
Yazlale
15 years ago
- umuman aytyan.
-
bende
15 years ago
- gen-tan bolmak gowy zatmy?
-
Kukolka
15 years ago
- dünýäde her hili ýaradylan ynsan bar.ýöne iň esasy adamyň daş sypaty dälde içki dünýäsi.ýöne dogrymy aýtsam men suraty goýulan adamlara ýaman gynandym.
-
bende
15 years ago
- Diymek gen-tan bolmak gowy dal eken)menem 6eyle pikir edyan!
Bravo 15 years ago- Baah. Malades. Gutlayan.