10 klubdan ybarat bolan Türkmenistanyñ yokary ligasynda bu yylky cempionatyñ tamamlanmagyna 2 tapgyr galdy. Türkmenistanyñ XIII cempionatynda tamamlanan 16 tapgyrdan soñ 36 ocko toplan Balkanabadyñ "Balkan" futbol topary Türkmenistanyñ cempiony diyen ada eye boldy. Bu cempionlyk balkanabatlylaryň taryhyndaky 2-nji çempionlygy bolup, topar 2004-nji ýyldaky cempionaty hem tablissanyň çür depesinde tamamlamagy başarypdylar. Galdyrylan 14-nji tapgyryň oýunlary geçen hepde şenbe güni oýnaldy. Şonda "FC Balkan" öz meýdançasynda "FC Aşgabat" bilen du­şuşdy we oýun 2-1 hasabynda myhmanlaryň peýdasyna tamam­landy. Yarysh tablisasynda 2-nji orunda barýan "Altyn asyr" klubynyñ myhmançylykda HTTU bilen deñme-deñ (1-1) oynamagy bolsa, cempionatyñ tamamlanmagyna 2 tapgyr galanda "Altyn Asyr" bilen 7 ockolyk aratapawudy saklan Balkanlylaryñ cempionlygyna yeterlik boldy. Gecirilen tapgyryñ dushushyklary: FC Balkan - FC Ashgabat 1-2 HTTU - Altyn Asyr 1-1 Dashoguz - Shagadam 0-1 Lebap - Talyp sporty 3-2 Ahal - Merw (soña süyshürildi) Indiki tapgyryñ (17-nji tapgyr) dushushuklary 20-nji noyabrda geciriler. Yarysh tablisasy: 1. Balkan - 36 oçko; 2. Altyn Asyr - 29 oçko; 3. Lebap - 27 oçko; 4. HTTU - 25 oçko; 5. Merw - 24 oçko; 6. Ashgabat - 23 oçko; 7. Shagadam - 21 oçko; 8. Ahal - 16 oçko; 9. Dashoguz - 9 oçko; 10. Talyp sporty - 4 oçko; Bombardirler: Berdi Shamyradow (HTTU), Didar Orazow (Balkan) - 10; ÄHLI BALKANLYLARY GAZANAN YEÑISHLERI BILEN GUTLAYAN! :)

Köneler, Goool tarapyndan 9 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir