“Foreign Policy” neşiri, “A.T.Kearney” menejment firmasy we Global meseleler boýunça Çikago geňeşi tarapyndan taýýarlanan “Global şäherler 2010” atly indeks häzirki tendensiýalary gözlerimiziň öňüne serýär. 2010-njy ýylda dünýäniň iň global 10 şäheriniň bäşisi Aziýa we Ýuwaş okeany regionynda ýerleşýär: Tokio (3), Hong Kong (5), Singapur (8), Sidneý (9) we Seul (10). Beýleki üçüsi – Nýu Ýork (1), Çikago(6) we Los Anjeles (7) – amerikan şäherleri. Ýewropanyň şäherlerinden diňe ikisi – London (2) we Pariž (4)– ilkinji onluga girdi. Bularda başga türkmenleriň iň köp ýaşaýan şäherleriniň arasyna girýän Moskwa 25-nji orna, Stambul bolsa 41-nji orna ýerleşdirilipdir. Ýewropa Bileleşiginiň "de facto" paýtagty Brýussele 11-nji, ABŞ-nyň paýtagty Waşingtona 13-nji, dünýäniň iň köp ilatly ýurdy Hytaýyň paýtagty Pekine 15-nji, Ýakyn Gündogaryň söwda merkezi bolan Dubaýa bolsa 27-nji orun berlipdir. Giň gerimli aragatnaşyk global täsiri artdyrýar. Nýu Ýork kapital bazarlaryň merkezi. Dünýäde iň öňde barýan 500 korporasiýanyň (Fortune Global 500) köpüsi Tokioda ýerleşýär. Halkara syýahatçylar köpçüligi bolsa Londona barmaga ýykgyn edýärler. Bu şäherler geljekde hem öňdäki orunlarda durarlar diýlip, çak edilýär. Şu ýylky indeksi taýýarlamak üçin, “Foreign Policy” neşiri, “A.T.Kearney” kompaniýasy we Global meseleler boýunça Çikago geňeşi dünýäniň dürli regionlarynda yerleşýän we 1 milliondan köp ilaty bolan 65 sany şäherde barlag geçirdi. Barlaglarda şäheriň biznes çärelerinden, adam resurslaryndan we maglumat alyş-çalşygyndan başlap, medeni tejribelerine we syýasy ysnyşygyna çenli ýagdaýlary gözden geçirildi. global orunlary kesgitleyan esasy 5 ugur: 1. Şäheriň biznes çäreleriniň derejesi kesgitlenende, onuň kapital bazarynyň gymmaty, dünýäniň iň öňde barýan 500 kompaniýasynyň näçesiniň merkeziniň şol şäherde ýerleşýändigi, şäheriň aeroportlaryndan we portlaryndan aşyrylýan harytlaryň möçberi göz öňüne tutuldy. 2. Talantly we dürli ýerlerden gelen adamlar üçin şäheriň özüne çekijiligi, uniwersitetleriniň hili, şol ýerdäki immigrant ilatyň, halkara okuw jaýlarynyň hem-de ýokary bilimli ýaşaýjylaryň sany şäheriň adam resurslarynyň derejesini görkezdi. 3. Şäher baradaky habarlaryň we maglumatlaryň dünýä jemgyýetçiligine ýetirilişi, dünýä habarlarynyň şäheriň ilatyna ýetirilişi, halkara habar gulluklaryna degişli býurolaryň sany, senzuranyň derejesi, ýerli metbugatlardaky halkara habarlaryň sany maglumat alyş-çalşygy boýunça şol şäheriň görkezijisini kesgitledi. 4. Şäheriň medeni tejribeleri bolanda, halkara syýahatçylar üçin şol ýerdäki özüne çekýän zatlaryň derejesi göz öňüne tutulýar. Bularyň arasyna uly göwrümli sport çäreleri we sungat merkezleri hem girýär. 5. Barlag geçirilen şäherdäki ilçihanalaryň, ylmy-barlag merkezleriniň we syýasy guramalaryň sany näçe? Bu soragyň jogaby şäheriň global syýasata we dialoga ýetirýän täsirini kesgitledi. Ine, bäş sany esasy ugra bölünen şu görkezijiler şäherleriň global derejesini ýa-da, başgaça aýdylanda, dünýädäki agramyny görkezýär. “Foreign Policy” neşiri

Köneler, Goool tarapyndan 13 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir