Gadym zamanlarda bir patyşa "Az salymlyk hem bolsa dünýämi üýtgedeýin" diýen niýet bilen ýeke özi daglyk ýere gezelenje çykypdyr. Ol dag içinde täsin kölüň üstünden barypdyr. Kölüň gyrasynda ösüp oturan agaja arkasyny diräp oturan ak sakgal goja patyşanyň ünsüni çekipdir. Goja sarsman oturyşyna öňündäki käseden iki sany daşy alyp kölüň içine oklap goýberýärmiş. Goja şeýdip, daşlary jübüt-jübütden köle oklap, kasesini boşadanyndan soň ýerinden turupdyr. Muňa garaşyp duran patyşa hem şol wagt onuň ýanyna gelipdir. Kölüň başynda birnäçe sagatlap oturyp, suwa iki-ikiden daş oklamagynyň syryny gojadan sorapdyr. Ak sakgally goja: "Men adamlaryň ýazgydyny biri-birine baglaýaryn" diýip jogap beripdir. Patyşa: "Iň soňky oklan iki daşyň kime degişli?" diýip gyzyklanypdyr. Goja-da: "Patyşanyň owadan gyzy Gülnahal bilen hebeşiniň ogly Ahmediň ýazgydyny biri-birine bagladym" diýip jogap beripdir. Elbetde, bu habara begenmedik patyşa köşgüne dolanyp gelipdir-de, hebeşiniň oglundan dynmagyň kül-külüne düşýär. Ol Ahmedi ýanyna çagyryp, eline bir kagyz tutdurypdyr-da "Bar şuny Güne gowşuryp gel" diýýär. Haty alan Ahmet ýola düşüpdir. Şol wagt Günüň şekili köle düşüp durmyş. Ahmet Gün şu ýerde bolsa gerek diýip, eşiklerini çykaryp, haty alyp özüni köle oklapdyr. Ol Günüň şöhlesiniň düşüp duran ýerinde, suwuň düýbünde bir sandyga gözi düşüpdir. Sandygy suwdan çykaran hebeşi ýigit garaýagyz bedeniniň Gün düşen ýeriniň ap-ak bolandygyny görüpdir. Sandygyň içi bolsa gyzyl-kümüş, lagly-¬jowahyrdan doly hazynamyş. Onuň içinde "Günden patyşa hat" diýlip ýazylan hatly bukja-da barmyş. Şähere dolanan Ahmet özüni baý täjir diýip tanadypdyr. Sähel wagtdan bolsa, patyşaň gyzyna söz aýdyp, oňa öýlenipdir. Gyzyny akýagyz baý ýigide durmuşa çykaranyna begenen patyşa birnäçe günden soň, ýanyna emeldarlaryny alyp giýewisiniň öýüne myhmançylyga barypdyr. Supra ýazylyp, nahar çekilip, her kim saçak başyna geçende giýew ýigidiň bedeniniň Gün düşmedik ýeriniň garadygy görnüpdir. Patyşa saklanyp bilmän: "Ahmet!" diýip gygyranda, onuň "Emriňize tabyndyryn" diýip jogap bermesi, kimiň-kimdigini Aý dogan ýaly edipdir. Patyşa bolan işleri başdan-aýak gürrüň bermegini buýurýar. Ahmet hem başyndan geçirenlerini birin-birin gürrüň berýär. Iň soňunda patyşa: "Ýeri, hany, maňa ýazylan hat?" diýip sorapdyr. Ahmet içki otagdan patyşa ýazylan haty alyp gelipdir. Patyşa haty açyp, şu ýazgyny okapdyr: “Güne hat ýazylmaýar. Ýazylan ýazgyt bolsa bozulmaýar.”
Günden patyşa hat
-
umnik
14 years ago
- o paty6an gotu bi6endir '-)
-
nauk
14 years ago
- hak aytyan. Yazgytdan gacma yok
-
Bagyr
14 years ago
- gyzyklyja eken oza sonunda birhili gulkim hem tutdy !!!))))
-
Goool
14 years ago
- gyzykly eken. Sonky gunin hatam dogry zat
-
Cwetocek
14 years ago
- oran gyzykly minnetdar!
-
unversal
14 years ago
- sonky gulen gowy guler. Hahaha
-
pamyk
14 years ago
- Bu hekaya oran ajap. Paylashanyn ucin sagja bol!
-
maksat.ch
14 years ago
- gaty gowy hem manyly hekaya eken, sagja bola
NB 14 years ago- BU Yazgyt.