BELAL AZAN GYGRDY KAPYRLAR GACDY. MUHAMMET MUSTAFA, ISLAM DININI ACDY/........
Islam hakda
-
Cwetocek
14 years ago
- gowy setirler!
-
Goool
14 years ago
- yzy bamy?
-
MELISSA
14 years ago
- gowuja tema a4ypsyn welin adyn birhilirajik ekenlay
-
NB
14 years ago
- Ýa Resul
Bu meniň janym seniň ýoluňda gurban, ýa Resul,
Her ne kim kylsaň jepa bu jana derman, ýa Resul,
Söýübän, bar eýlemişdir seni Rahman, ýa Resul,
Gullugyňda intizardyr uşbu jahan, ýa Resul,
Ol azap ennaryndan bolmuş Seniň ýoluň ýyrag,
Özüňni kylmyş Huda ferdöwsi-agla hem Byrag,
Sen ki geldiň dünýäýe, bu äleme ýandy çyrag,
Şükürylla, tä beýany boldy jahan, ýa Resul.
Dert ile bu ýüregim her lahza ah kyldy niçe,
Ahymyň dermany owwal Abdylla, Weýsel hoja,
Her zaman mahy-jemalyň düýşüme girmez gije,
Galar ol bu munça kim janymda arman, ýa Resul.
Zary ýyglaýuban hem isteýedir men Seni,
Bu zelillik içre Sen köp goýmagyl hara meni,
Hem ýene mizan çekilip, ola magşaryň güni,
Köp ynanjym Sen durar Sen, uly diwan, ýa Resul.
Aşyga hüw!-hüw! diýip bolgusy magryfet güli,
Bu zelil biçäräniň, belki Saňa ýeter eli,
Ahu efganyň Seniň kim, ýat edip Magtymguly,
Gam içinde şeýle bir bimaru haýran, ýa Resul.
Magtymguly.
-
Cwetocek
14 years ago
- nb minnetdar oran gowy go6gy! Alla sizden razy bolsun!
-
NB
14 years ago
- Ady gözel, özi gözel, Muhammet
Janym gurban bolsun seniň ýoluňa,
Ady gözel, özi gözel, Muhammet.
Şefagat eýlesin kemter guluna,
Ady gözel, özi gözel, Muhammet.
Mümin bolanlaryň çohdur jefasy,
Ahyretde bolar, zowky-safasy.
On sekiz müň älemniň mustafasy,
Ady gözel, özi gözel, Muhammet.
Ýedi gat gökleri seýran eýleýen,
Kürsiň üstünde jöwlan eýleýen,
Magrajynda ymmatyny dileýen,
Ady gözel, özi gözel, Muhammet.
Dört çaryýar onuň gökçek ýarydyr,
Ony söýen günälerden bäridir.
On sekiz müň älemniň soltanydyr,
Ady gözel, özi gözel, Muhammet.
Sen hak pygambersiň, şeksiz, gümansyz,
Saňa uýmaýanlar gider imansyz.
Aşyk Ýunus neýlär dünýäni sensiz,
Ady gözel, özi gözel, Muhammet.
Ýunus Emre.
-
solpi
14 years ago
- nb:uzak yasha
-
Yalan
14 years ago
- "guzujyga guzujyk..."
sheylerak bir goshgy bolupdyr senka solpi. Nb sen yazanlan weli bet.
-
solpi
14 years ago
- yalan:name uchn guzujykga guzujyk bolupdyr jogap ber nahili dushunmeli ona ya sen muslim dal mi?????ya name govnun yetenokmy glavny zat barde tema chmak ve shonu boleshmek pikir alyshmak i tak dale
-
ruslanjan
14 years ago
- hayaty yalana dogry jogap chykmazdyr diyip pikir edyan goshgylar gaty gowy eken yazyp aldym hemmesini noutbuga sagja bolun
-
nauk
14 years ago
- Sen hak pygambersiň, şeksiz, gümansyz,
Saňa uýmaýanlar gider imansyz.
Aşyk Ýunus neýlär dünýäni sensiz,
Ady gözel, özi gözel, Muhammet.
sag bol oran ajayyp alla razy bolsyn
solpi 14 years ago- PYGAMBERIM ULUDYR,
ABDULLANYN OGLUDYR.
GOZUN AYDYN MUHAMMED!
YOLUN ALLAN YOLUDYR!!!!!