Salam agzalar! Belkide men bu waka menzesh hemme yazan jogaplary okaman ya mowzuklara uns berman gechirendirin. Allatagala ynsan yuregine bir Yslam nuruny salanda, onun gyzgynlygy gozuni yashardyar. Men hem indi bu yolun ahli taraplaryny owrenesim gelyar. Emma muna garshylyk zatlar bar. Yagny: 1. - Ong mening durmushym owerlik dal. (Yashlyklyk etdim, gezdim yordum) 2. - Ishdeshlerim indi mana dushunenoklar. Ozem dine rus dilinde gepleshyarler. Diyjek bolyanym arasynda turkmen bolup oz ene dilinde geplanok. Men dogrusyny aytsam indi toy tomashada tans etmami, we beyleki haram zatlaryn ahlisini goydum. 3. - Esasy zat hem bergi. Allam berenine hem edenine shukur. Etjegine hem shukur. Gullukdan gelenime 7 yyl boldy. Oyung ulusy bolanym un bergiden entega gozum achylmaz. Shol sebapli ishden hem chykyp bilemok. Chaltyrak jigilem gelsedi. Biri VUZ-da beylekisi watan gullugynda. Eysem shonda men doly we dogry ybadatlary yerine yetirip bilerin. Allam mana guych-kuwwat bersin, kabir adamlara degerli (gowunlerine degman) jogap bermek. Sebabi diysen ishdesh hem-de kabir tanyshlarym bilen kynlashdy gurleshmek. Olar bu dunye diyip ylgayarlar. Men bolsa ylgasym gelenok. Hayr hem-de sogap diyip ylgasym gelyar. Halal iyip hem-de halal geyinesim gelyar. Amin ya Rebbil Alemin!

Köneler, Sserik83 tarapyndan 13 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir