Eneler ynjamasyn! Adam tagzym edyä gökdäki taňra, Berjay edip musulmanlyk parzyny, ýene bir beyiklik Alladan sonra, ömür boýy uzmeli biz karzyny. Ol bizden hiç birzat hantama-da däl, Azar ýetirmesek bolany oňa, Ile ýarap ýagşy bolup niýetpäl, Gollaw berip dursa dogan-dogana. Enelerdir bu dünýäni saklaýan, Bu duşunje owal köňle guýlandyr, ýalkanýandyr perzent borjyn haklaýan, Ene razy Hudaý razy diýlendir. Emma welin onuň bize siňdiren, Yhlasy, mähiri ummasyz kändir, şeyle mähir bilen dünýä indiren, Enesin ynjydan adamam däldir! Ene göwnün ýykjak zatlar güm bolsun! Köýsün bähbit peýda yene-yeneler, Bolýan bolsa goý ömrümiz kül bolsun Yöne welin ynjamasyn eneler!!!

Köneler, maksat.ch tarapyndan 13 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir