Salam hormatly agzalar we gadyrly myhmanlar! Hemmamiziñ bilshimiz yaly, biziñ ata-babalarymyz türkmen milli naharlarymyzy yüzyyllyklaryñ dowamynda yitirman saklap, kämilleshdirip biziñ günlerimize cenli getiripdirler. Türkmen aga toy tutanda toyy palawsyz, dogramasyz... göz öñüne getirmek mümkin däl... Biziñ birnace milli naharlarymyz bar. Shu temada bolsa, bolan türkmen milli nahary palaw barada gürrüñ etmekci. Bu temada esasan Palawyñ tayarlanshy, ony tayarlamagyñ yzygiderliligi, gerekli gök-onumler we beylekiler barada ondan-mundan yygnan maglumatlarmy yazmakcy.

palaw
Tüwiden taýynlanýan naharlaryň arasynda palaw iň saýlanýanydyr. Ol, umuman, Gündogar halklaryň arasynda giň ýaýran nahar bolansoň, ony taýarlamagyň usullary-da dürli-dürli. Palawyň datly bolmagy üçin bişiriliş usulynyň talaplaryny doly berjay etmeli; tuwiniň köne-tazeliginiň ähmiyetleri-de ýatdan cykarmaly däl. Türkmen halkynyň arasynda hatda her taýpanyň, her tiräniň öz bişiriş usuly bar diysek-de ýalňyş bolmaz. Meselem, deňiz ýaka raýonlarymyzda ete derek balyk atybam, balykly palaw bişirilýandigini belläp gecmeli. Şoňa görä palaw taýarlamagyň usulynda umymylyklar-da, ayratynlyklar-da bar, ýöne köplenç bişiriliş usullary birmeňzeş. Esasy aýratynlyk onuň içine atylýan zatlarda we näçe atylýanlygynda. Palaw taýarlamak üçin, ilki bilen, tüwini çeltiginden saylap, hapa-hupasyny aýyrmaly. Arassalanan tüwini aýry bir gapda üstüne gaýnan suw guýup goýmaly. Dogramçanyň her biriniñ agramy 30-40 gr bolar ýaly edip, eti dogramaly we duzlamaly. Gazandaky ýag kemsiz ýanansoň, taýarlanan eti salyp gowurmaly. Eti gyzaryp başlanda, üstüne düýp sogany tegelek görnüşde dograp, dilimlenen käşiri atyp, gowurmagy dowam etdirmeli. Sogan bilen käşir kemsiz ýumşansoň, birazrak gaynan suw guýup, gazanyň gapagyny jebis ýapmaly. Ojagyň oduny peseldip, gazana atylan zatlary öz buguna goýmaly. Biraz wagtdan soňra ody ýene güýçlendirip, hälki suwa salnyp goýlan tüwini gazandaky zatlaryň üstüne endiganja sepip rejelemeli. Üstüne-de gaýnag suw guýmaly, ol orta barmagyň birinji bognundan geçmeli däldir. Hemme zady ýetik salnan gazany gaýnatmaly. Tüwi suwuny mazaly çekensoň, ony agdaryşdyryp, pugta basyrmaly. Şeyle ýagdaýda takmynan 25-30 min-dan soñ tüwini oňat agdarmaly-da, ýene 10-15 min saklamaly. Tüwi basyrylyp goýlanda, gazanyň ody peseldilýar. Taýýarlamak üçin 1 kg tüwi, 500 gr et bilen 500 gr käşir, 250 gr ýag (mesge, saryýag, kunji ýagy, çigit ýagy), 2-3 düýp sogan, duz we burç gerek... Indi palawlaryñ aýry-aýry gornüşleri barada gysgajyk durup geçeliň. Toý Palawy Toý palawy beýlekilerden känbir tapawutlanmaýar, ol köp mukdarda bişirilýär. Şonuň üçin aşagy köýmez ýaly, atyljak başga bir gazanda gowrulýar. Taýýar bolup palaw tabaklara salnanda, eti dogralyp, üstüne goýulýar. Gök Tüwili Palaw Şalynyň birinji hasyly, ýagny gök tüwi elde dowlüp taýýarlanýar. Ony gyzgyn suwda ezip goýmaly. Suwyny kemsiz alansoň, palaw üçin niýetlenen önümler salnyp gowrulan gazana tüwini rejelap salyşdyrmaly. Gaýnap suwyny çekenden soň, ony buguna goýmaly. 25-30 min-dan ýene agdaryp basyrmaly, oduny söndürmeli. Mäşli Palaw Bu hem ýokarky usulda bişirilýar. Tapawutly ýeri mäşi arassalap, suwda ýumşadyp goýulýandygydyr. Soňra arassalanan tüwi (700 gr) bilen mäşi (300 g) garyşdyryp, bilelikde gazana atmaly. Wermişelden Palaw Adaty palaw ýaly bolup, diňe tüwi şol möçberde wermişel atylýar. Beýili Palaw Tüwiden öňürti arassalanan 3-4 sany beýi dogralyp, gazana atylýar. Taýyar bolansoň, beýi palawyň ýokarsyna çykarylýar, sheýdibem saçaga äberilýar. Şalgamly Palaw Onuň taýyarlanyş usuly şeyle: şalgam böleklenip salynýar we käşirini eti bilen bilelikde gowrulýar. Galan taraplary adaty palaw bişirilişi ýalydyr. Towuk etli Palaw Bu görnüşli palawyň bişiriliş usuly öňküler ýaly bolup, diňe mal eti towuk eti bilen çalşylýar. Saryýagly Palaw Eti ilki bilen bir gazanda gaýnadyp, ýene bir gapda saryýagy eredip, sogany, eti hem käşiri ýaga salyp, bilelikde gowurmaly. Azajyk suw guýup, tüwini ýumşandan soňra, oduny söndürip, az wagtlap buguna basyryp goýmaly. Ýene-de suw guýup gaýnatmaly. Suwyny çekensoň, basyryp goýmaly. Etini özbaşyna oýkarmaly. Palaw saçaga getiriljek wagty, ýaňky eti maýda dograp, her çanagyň üstüne goýuşdyrmaly. Ýene bir zady ýatda saklaň: suwy öňki usulda we öňki ölçegde guýmaly: kişmiş (100g), burç, sarymsak ýaly goşmaça tagamlyklary, duruşde gowrulansoň tüwiden öň salmaly. Künji Ýagly Palaw Künji ýagyny birkemsiz gyzdyrmaly. Ýüzüne çykan köpügi aýyryp, ýagy ta gyzyl reñke gelýänçä ýakmaly. Soňra etdir käşirini, soganyny salyp, biraz gowurmyşlamaly. Tüwisini atyp, gaýnadyp, suwyny çekdirensoň, üstüni basyryp goýmaly. Taýyar bolanda ýaz salatyny-da palawyň ýany bilen saçaga äberseň, juda tagamly bolýar. Guýruk Ýagly Palaw Bişirilişi adaty palawlar ýaly. Tapawudy böleklere bölünen guýruk ýagy ilki özbaşdak, soňra dogralan et bilen belikde gowrulýar. Ýilikli Palaw Munuň üçin ilki sygyr süñküniň ýiligini almaly (300g). Ýilik ýagyna gowurmyşlanan etiñ üstüne palawa gerekli önümleri atyp gowurmaly. Soňky prosesler bolsa adaty palawyňky ýaly. Çeşme: http://tk.wikipedia.org/wiki/Palaw

Köneler, Goool tarapyndan 13 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir