Essolawmaleýkim hormatly agzalar we gadyrly myhmanlar! Haçandan bäri tehnologiýa hakda blog açman ýördüm. Bu günem ýene Nokia ulanyjylaryna bir super habar ýetireýin diýdim. Internetden iñ soñky tehnologiýa habarlary okap ýörkäm, gulak galdyrýan habara dushdum. Siz bilen paýlashaýyn diýdim: Londonly dizaýner Patrik Haýland Nokia shereketi üçin adamyñ bedeniniñ gyzgynlygyndan zarýad alýan jübi telefonynyñ taslamasyny döretdi. Bu barada www.ecofriend.org saýty habar berýär. Täze Nokia E-Cu jübi telefonynyñ dashy misden ýasalýar. Onuñ arkasy guran topragy ýatladýan nagysh bilen bezelipdir. Telefonyñ içinde termogenerator bar (gyzgynlygy elektrige öwürýän enjam), ol islendik gyzgynlygy eletkrige öwürmäge ukyply bolup, adamyñ bedenindäki ýaly, kän bir ýokary bolmadyk gyzgynlykdan hem peýdalanyp bilýär. Bilermenleriñ aýtmagyna görä, täze telefon öndürilip bashlansa, her ýyl 51 müñ tonna zibiliñ emele gelmeginiñ öñi alnar. Begendirýän ýagdaý bolsa, indi “telefonymyñ zarýady duýdan­syz gutaraýsa näderkäm?!” diýen aladamyz bolmaz. Bu habar Nokianyñ fanlaryny begendirse gerek. Näme diýsegem Nokia jübi telefonlarynda elmydama öñde. S.E, iPhone, Motorola, Samsung, LG, BlackBerry ýene-ýeneler Nokianyñ öñüne hiç-haçan geçip bilmezler diýip pikir edýän. Bu ýerden habary: Türkmençe> http://www.zamantm.com/tm/newsDetail_getNewsById.action?newsId=54095 Rusça> http://infuture.ru/article/3678 Iñlisçe> http://www.ubergizmo.com/15/archives/2010/10/nokia_e-cu_concept_charges_in_your_pants.html Habar hakda pikirleriñi beýan edip bilersiñiz! Çeshme: http://rowshen-jm.blog.ru/99162595.html

Köneler, Rowshen-Jm tarapyndan 13 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir