Şol ýagyşly gijede... Gyş güni, howa sowuk, şe¬ma¬lyň şuwwuldysy ýürek-bagryňy elendirip barýar. Bir işim çykyp, şäheriň beýleki çe-tin¬de ýaşaýan dostumyňka gi¬dip barýaryn. Ýoluň garşy ta¬rapynda, gyrada, ýagşyň aşagynda garaşmakdan ýaňa eşik¬leri öl-myjjyk bolup giden adam ünsümi çekýär. Ötüp-geç¬ýän ulaglara el göterýär, de¬ňesinde hiç kim badyny hem peseltmeýär. Özüni alyp barşyndan, içgilidigi belli. Işimi gutaryp, öýe dolandym. Seretsem, biçäre ýolda entek hem garaşyp dur, üsti-başy suw-sil. Gabat garşysynda maşynymy sakladym: - Dogan jan, gel, seni öýüňe äkideýin - diýdim. Ilki kürtdürübräge-de, maşynyň öňki aýnasyndan ýüzüme seretdi, çekinjeňlik bilen: - Agam, seň maşynyňa mün¬mäýin, gör¬ýäň-ä, men iç¬gili - diýdi. Men: - Ýok, mün, mün! Bilip dur¬dum, hany derrew gir içeri! - di¬ýip, ony gyssa¬dym. - Maşy¬nyňa gusaryn, kirle¬derin, gowusy münmäýin - diý¬di. - Bu bolup durşuňa, so¬wukda gatap ölersiň - diýip, zor bilen diýen ýaly maşy¬ny¬ma mün¬dür¬dim. Ýagyşda baş-dan¬-aýaga ezilipdi, sowukdan titre¬ýardi. Bir dükanyň öňünden ge¬çip barýarkak: - Kiçi ýaşly çagaň barmy? - diýdim. - Bar?!- diýdi. Maşyndan düşüp, çagalar üçin şkolad, köke alyşdyryp, maşynym¬daky nätanşa uzatdym: - Menden sowgat, öýe ba¬raňda çagalara berersiň - diýdim. - Agam jan, körpeje çaga¬larym bar, emma men öýe bar¬sam, hiç ýanyma gelmeýärler, gaçýarlar menden - diýdi. - Näme üçin gaçýarlar? - Sebäbi her gün şunuň ýa¬ly içip, öýe serhoş ýagdaýda bar¬ýan, gygy¬ryp, käýinip, eli¬me ilenini ýençýärin. Onuň üçin meniň öýe baranymy gö¬renlerinden, ählisi otaglaryna çe¬kilip, ýorganlaryna bukul¬ýarlar, gorkudan golaýyma gelip bilmeýärler. Muny eşidip, juda gynan¬dym we ol ýigide, şeýle mas¬lahat berdim: - Diňle, oglum, her kim dur¬muş¬da ýalňyşyp biler. Esasy zat goýberen säwligiňi düzelt¬mek¬dir. Ol garagöz çagalar Allanyň saňa beren amanady. Sen olaryň kaka¬sysyň, olaryň öňün¬de nädip özüňi beýle alyp baryp bilýäň? Olar seniň mähir we merhemetiňe howa¬dan we suwdan has artygrak mätäç. Söýgi, mähir we mer¬hemet, olaryň kemala gelme¬ginde we ösüp-ulalmagynda iň täsirli iýmitdirler. Maňa söz ber. Şu gün öýüňe baranyňda, bala¬jyklaryňy gujagyňa alyp, ata mähri bilen olaryň başyny sypap, bu şkoladlary öz elleriň bilen iýdirgin. Bolýarmy, söz berýäňmi? Uludan demini aldy, täzeden gujura gelen ýaly boldy, ýüzi ýagtyldy: - Bolýar, söz berýän, diýşiň ýaly ederin. Şol barmana, onuň görkez¬ýän ýoly bilen, birnäçe ýaşa¬ýyş jaý toplumlarynyň deňesin¬den, köçelerden geçip, şäheriň çetinde ýerleşýän öýüne gel¬dik. Gelni çykyp, garşylady, ýe¬ri¬ne ýetiren ynsanyýet borjum üçin ilki tolgundy, çalaja ham¬sykdy. Ýöne derrew özüni dür¬sedi, minnetdarlyk bildirip, öýe girip çaý içip gitmegimi haýyş etdi. Şol agşam gyssag¬ly işim bolan¬dygy üçin atdyr salgym ýazylan ýarlyjagy berip, rugsat soradym-da, olar bilen hoşlaşyp, ýoluma dowam etdim.
Şol ýagyşly gijede...
-
NB
14 years ago
- Bir gün, iş edaramda otyr¬kam, kätibim meniň bilen görüş¬mek isleýän myhmanlarymyň bardygyny habar berdi. “Gel¬sinler” diýdim. Hälki maşgala, bilelikde içeri girdiler. Zenan maşgalanyň iki gözi-iki çeşme:
-Agam jan! Sen perişdemiň, Hydyr atamyň? Kimsiň sen? Ol gün seni bize Alla ýollapdyr. Nähili min¬netdarlyk bil¬dir-sem¬käm si¬ze? Şol ýagyşly gijede sen adamymy serhoş halda ýoldan öýe alyp geldiň. Ol günden soňra durmuşymyz üýtgedi. Adamym içgi içme¬gini bes etdi, toba edip, Alla sygyndy, çagajyklarym ata söýgüsine gowuşdy, öýümiz jennet bakjasyna öwrüldi. Bu¬la¬ryň ählisine sebäp bola¬ny¬ňyz üçin, sizi Alla ýalkasyn”- diýip, ýürekden minnetdarlyk bildirdi...
-
Cwetocek
14 years ago
- nb kop kop sagbolun! Goy allajan ata mahrinden we ene muhabbetinden hic bir ynsany esasanam cagalary ayyrmasyn! Gaty gyzykly!
-
Leylisa
14 years ago
- dogry cwetocek amın hıc bır caga ene atasyz osmesın gaty tolgundaryjy waka
-
kapriz
14 years ago
- e oksym gelya.yaltanyp otyrynda shuny okamaga.gozlem yumuljak bolya.ertir hokma okaryn.tocno
-
Cwetocek
14 years ago
- oka oka menem gozum yumulup gelyaka okapdym gozumi acdy yone arman ata mahrini kuysetdida yene...
-
kapriz
14 years ago
- oyy gaty govi yazylypdyr.haladym.bu adamy terbieleyji zat.spasibo nb.
-
Goool
14 years ago
- manylyja hekaya. Nb sagbol yazanyn ucin!
-
Bravo
14 years ago
- Thanks
-
sido
14 years ago
- northside birinji TURKMEN RAP RESPECT
-
Leylisa
14 years ago
- gool oz adresyn aydabılermysyn men sen bılen gurleşek eslıi mozno
-
sido
14 years ago
- .
NB 14 years ago- Bçäre şol gün öýüne barýar, çagalar ýene-de gorkudan ýa¬ňa girere deşik gözleýarler. Ol ýagyşdan ezilen eşigini çal¬şyryp, esasy otaga geçip otur¬ýar. Kiçi gyzjagazy gapydan çykyp barýarka, oňa ses¬lenýär:
- Gyzym! Gel, balam, otur ýa¬nymda.
Kakasyndan şo güne de¬ňiç hiç eşitmedik ýumşak we mä¬hirli sesini eşiden gyzjagaz ilki gapynyň agzynda doňup gal¬ýar. Gitmelimi, gitmeli däl¬mi? Ýa ýene-de käýäp, ýen¬jäýse? Ýogsa¬mam, ýatylýan otaga gaçaý¬samyka? Şol wagt kakasy ýene bir gezek ýumşak ses bilen:
- Hany guzym, gel-dä, gör, saňa nämeler getirdim. Al bulary - diýip, şkoladlary jübüsinden çykarýar. Çaga ýuwaşlyk bilen, gorkubraga-da, kakasyna golaýlaşýar. Kakasy perzendini dyzyna oturdyp, saçlaryny ogşap, mähir bilen sypaýar. Gyzja¬gazyň ruhy dünýäsi bulam-bujar bolýar. Kaka söýgüsi, kakaň başyňy sypamagy nähili gowy zat eken. Atanyň perzendini öpmegi, ony “gu¬zym”- diýip öwgülemegi nähili süýji, nähili ýyly duýgy eken. Gyzjagaz munuň tolgunjyny başdan geçirýar. Alla bilsin, näçe wagtdan bäri çaga beýle ýyly mähir görmändi. Näçe wagtdyr, bu duýgularyň hes¬retini çekipdi ýaşajyk kalbyn¬da. Gör-ä, indi kakasy oňa “balam, guzym”- diýýärdi, saçlaryny sypaýardy, bag¬ryna basýardy. Nähili ýyly we mähir-muhabbetden doly ýer eken ata gujagy.
Bu ýakynlykdan we söýgüden güýç alan gyzjagaz, ýerinden turýar, gollaryny giňden açyp, ähli hesreti we tolgunjy bilen kakasynyň boýnundan gujak¬laýar. Tapa¬nymy ýitiräýmäýin diýýän ýaly “Kaka, kakamjan...”- diýip, tutuş bedeni bilen sarsyp, aglamaga başlaýar. Şkolad we kökeler onuň bireýýäm ýadyn¬dan çy¬kypdy; muňa derek bar zatdan süýji ata mährini tapyp¬dy, gözýaşlarynyň arasynda, ony boýnundan mäkäm gujak¬lap, ýyllaryň mähir açlygyny gidermäge çalyşýardy.
Özüni täzeden dünýä inen ýaly duýýan adam hem, hünibirýän aglaýar, ataly-gyz esli salym göz ýaş siline gark bolýarlar. Bir tarapda-da dyňzap gelen duýgularyna böwet bolup bilmedik ene, be¬genç gözýaşlary döküp dur¬şu¬na, entek hem gözüniň öňün¬de bolup geçýän zatlaryň ha¬ky¬katdygyna ynanyp bilenok¬dy. Gaýta-gaýta: “Alla jan, sa¬ňa ýüz müň şükür!”- diýýärdi.
Soňra ol ýerinden turýar, öýdäki ähli içgili çüýşelerini, gaýdyp agzyna almazlyga äht edip döwüp çykýar.