Okamak arkaly kesel bejeriş Keseliň maddy sebäbiniň bolşy ýaly, ruhy sebäbi hem bardyr. Gadymdan bäri gipnoz, saz we okamak arkaly käbir keseller bejerilipdir. Häzirki döwürde hem käbir keselliniň okamak arkaly şypa tapýandygy mälimdir. Sahyh hadys kitaplarynda Pygamberimiziň we sahabalaryň göz degende, ýylan, içýan çakanda, sihir (ters doga we jady) edilende käbir sure we aýatlary şypa niýeti bilen okandygy rowaýat edilýär. Pygamberimiz hassalygy bejermekde dermanlaryň şu üç görnüşini ulanypdyr: 1. Ilahi dermanlar (rukýe we doga). 2. Tebigy dermanlar. 3. Ikisini hem özünde jemleýän dermanlar. Ýöne «Pylan dermandan şypa tapdym, pylan suräni ýa-da aýaty okap gowulandym» diýmek ýalňyşdyr. Asyl şypa berýäniň Allahdygyny unutmaly däldiris. Okamak we doga-dileg etmek arkaly hassany bejermek işine «rukýe» diýilýär. Bela-beter, musybat, hassalyk ýaly her dürli erbet ýagdaýlardan goranmak üçin Allaha sygynyp doga-dileg etmegi maslahat berýän hadyslary rukýäniň meşrugdygyna delil etmek mümkindir. Şeýle hem Kurany Kerimde: «Doga ediň, jogap bereýin», (Mü'min, 60) başga bir aýatda: «Dogaňyz bolmasa, Allahyň ýanynda hiç hili gadyryňyz ýokdur» (Furkan, 77) diýilýär. Yslam alymlary hadyslara daýanyp, iň şypaly dermanyň dogadygyny, Kurany Kerimiň şypadygyny belleýärler. Doga belanyň duşmanydyr. Ony kowup çykarar, heniz gelmedik bolsa, öňüni alar, gelen bolsa ýeňleder. Doga mü'miniň ýaragydyr.
Okamak arkaly kesel bejeriş
-
NB
14 years ago
- Talyplar-dan zaryad gidipdir oytyan. 1 tema 3 gunlap bosh dur sayt tas 24 sagat 6-7 adamdan kop wagtygorulmeyar. Bu gowulykdan dal.
-
Bravo
14 years ago
- Nb salam dost! Men jogap yazaymasam...:(
sagja bol bratok! Diyjek bolyanym cúfläbem doga edibem keselden gutulyp bolar! Doga okayañ, eline kismis tuykuren yaly cuf diyan potom butin endam janyna surtyan. Bolany!
Hemmanize berk jan saglyk arzuw edyan!
-
Yalan
14 years ago
- Alla razy bolsun nb dost, gaty govy tema achypsyn. gaty haladym, sheyle temalary koprak achsan...
-
giiiw
14 years ago
- salam nb! Musulman diyenin sen yaly bolsa
imanyn guychli eken sagbol anyk zatlar yazypsyn
mena ejem shu zatlara gaty ynanyar
yone men esasan ot bilen bejerishe has uygynly :)
oye barsak ozumi nahosh duysam ejemjan gurshyn guyup zak yakyp, yuzarlik tutedishdirip bashlayar:)
-
kalif
14 years ago
- gyzykly zat yazypsyn. bravo
-
nauk
14 years ago
- nb alla senden razy bolsyn! Bizede sheyle ajayyp niyetleri gursaga guysunda allajan senden minnetdar dostym
NB 14 years ago- Alymlar kesel bejermekde ulanylýan tebigy dermanlaryň täsirli bolmagy üçin berhiz saklamak, sowukdan, yssydan goranmak ýaly şertleriň gerek bolşy ýaly, doganyň täsirli bolmagy üçin käbir şertleriň ýerine ýetirilmelidigini aýdýarlar.
a) Ygtykat arassa we päk bolmalydyr.
b) Haramdan we zulumdan daş durmalydyr.
ç) Doga edýän wagtyň kalbyň gaflatda bolman, Allaha doly ýönelmelidir.
Pygamberimiz bu barada: «Şuny berk biliň, Allah Tagala kalby gafyl kişiniň dogasyny kabul etmez» (Hakim) diýipdir.
d) Dogadan öň sadaka berilmelidir.
e) Doga kabul bolýan belli wagtlarda edilmelidir. (Farz namazyndan soň, juma güni, gijäniň soňky üçden birinde edilen dilegler has kabul bolguçdyr).
ä) Doga edeniňde, Kybla tarap öwrülmeli, özüňem päkize bolmalydyr. Allah Tagala hamd we sena edip, Onuň Resulyna salat we salam aýdyp, toba-istigfardan soň doga başlamalydyr. Dileg edilen wagty Allah Tagalanyň atlaryny zikir etmelidir. Kuranda we hadyslarda bar bolan dogalar bilen doga etmelidir.
f) Dogany gaýta-gaýta, üznüksiz etmelidir.