seytnazar seydi ol turkmenin goch yigitlerinin biri, serkerde, ussat shahyr Lamba bazarynyn chayhanasynda otyrka chilimden gep chykyp, sohbetdeshleri shokurdadyp, suw chilimden tusse sorup, kuhhuldeship : - ay shu chilim diyilyan kesapat zaday. shuny owrenerligi yok welin, owrenipdiris-da - diyishipdirler. - bey diyip chilimi juda bir yamanlaberman, onun peydaly taraplary hem bar- diyip, omrunde chilim agzyna almadyk shahyr yansyly yylgyrypdyr. onun yylgyrmasyna dushunmedik yoldashlary: - onun nama peydasy bar-ay diyp genirgenshipdirler. - birinji peydasy chilimkeshi it yarmayar, ikinji peydasy onun oyune ogry gelmeyar, uchunji peydasam chilimkesh olenden son ony müňkür-nekir sorag etmeyar- diypdir. serkerde shahyryn toweregindakiler ona hayran galyp seredipdirler: - Ay biza beyle zat eshdemzogow - diyshipdirler. - gen galman chilimkeshi it yarmayanynyn sebabi ol elmydama iki bukulip , eli hasaly bolonson itler hasadan gorkup, yanyna yakynlashyp bilmeyarler. chilimkeshin oyune ogry girmeyaninin sebabem ol uzak gije " kuh- hu- kuh-ha " usgurip chykyar. dynman chykyan usgulewugin sesini eshiden ogry oye girjekmi?! chilimkesh olenden son müňkür-nekiriň ony sorog etmeyanliginin sebabi, chilimkeshin olusini gorenden yuzlerini kokushdyryp, burnuny tutyp " kyrk yyl mundan on olupdir bul " chilimkeshin olusinden gayyrrak gachmak bilen bolyar. - shu diyyanlena jany baray diyp, onun sohbetdeshleri seslenipdirler.

Köneler, ozik tarapyndan 9 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir