Gadyr gijesi – gadyr bilyänleriň gijesi Remezanyň 27-nji gijesi Gadyr gijesi hökmünde bellenilýär. Remezanyň 27-nji gijesi bu ýyl sentyabr ayynyng 5-inden 6-yna geçilýän gijä gabat gelýär. Bu gije, mübärek gijeleriň iň belent mertebelisidir we “Gijeleriň Soltany” diýlip atlan¬dyrylandyr. Jebraýyl aleý¬hisselam Muhammet sallallahu aleýhi weselleme ilkinji gezek Alak suresiniň “Ikra! — Oka!” buyrugy bilen başlaýan ilkinji bäş aýatyny bu gijede getirýär. Ýüz milliardlarça ynsana dünýä we ahyretde ýolbelet, ýol görkeziji hökmünde iberilen kitabyň ýer ýüzüne inen güni, elbetde, taýsyz gündür. Gadyr gijesiniň mukaddes, bereketli we esenlik gijesidigi barada Kurany Kerimde Gadyr suresinde şeýle diýilýär: “Biz Kurany Gadyr gijesinde indirdik. Gadyr gijesiniň nämedigini bilýärmiň? Müň aýdan has haýyrlydyr Gadyr gijesi. Ol gije Rebbiň rugsady bilen Ruh we melekler (perişdeler) her dürli iş üçin iner durar... Eýýäm şol gije bir esenlik dowam eder.. tä daňa çenli. “
Gadyr gijesi – gadyr bilyänleriň gijesi
-
Bravo
14 years ago
- Nb Allatagalla {j.j.} sizden razy bolsun! Kabul bolsun!
-
NB
14 years ago
- Pygamberimiz Gadyr gijesi hakynda
Aýşe enemiz (Alla ondan razy bolsun!) şeýle gürrüň berýär: Allanyň Resulyndan ( s.a.w.): “Gadyr gijesinde nähili doga-dileg edeýin?” diýip soradym. Şu dogany oka¬magy salgy berdi: “Al¬lahümme inneke afuwwun tuhybbul afwe fafu annyý” (Alla jan, Sen afuw edýänsiň (günäleri bagyşlaýansyň), afuw etmegi söýýänsiň, meni afuw et, ýalka!).
Gadyr gijesinde okalýan namaz
Gadyr gijesiniň haýsy gijä düşýändigi anyk we kesgitli bilinmeýänligi üçin Allanyň söýgüli gullary “Remezanyň her güni Gadyr gijesi bolup biler” diýen düşünje bilen ýaşap, her gijäni Gadyr gijesi ýaly geçirmäge çalşypdyrlar. Bir ýylyň dowamynda Aýyň görünýän günleriniň üýtgäp durmagy sebäpli Remezan aýynda Gadyr gijesiniň wagty hem üýtgeýär. Şonuň üçin Allanyň dostlary bolan beýik weliler Gadyr gijesinden bir gün öňki we bir gün soňky günleri hem Gadyr gijesi hökmünde belläpdirler.
Pygamberimizden Gadyr gijesi barada şeýle hadyslar rowaýat edilýär: “Kim ynanyp, sogabyny Alladan garaşyp Gadyr gijesinde namaz okasa, eden günäleri afuw edilip (bagyşlanyp), ýalkanar.”; “Gadyr gijesi ýassy namazyny jemagat bilen okan adam, şol gijeden nesibini alar.”; “Her kim Remezan aýy gutarýança agşam we ertir namazlaryny jemagat bilen okasa, Gadyr gijesinden artykmajy bilen öz paýyny alar.”
Şeýle hem Gadyr gijesinde ýörite Gadyr gijesi namazyny okamak has sogaplydyr. Gadyr gijesi namazy iň azyndan iki rekagat, ortaça ýüz rekagat aňrybaşy müň rekagat okalýar. Iki rekagat okaljak bolsa her rekagatynda iki ýüz aýat okamaly. Ýüz rekagat okalan ýagdaýynda, her rekagatynda Fatihanyň (Elhamyň) yzyndan Gadyr suresi bilen üç gezek Yhlas (Kulhualla) suresini goşup okamaly we her iki rekagatda salam bermeli.
Bu gije ynsan özi üçin, halkymyzyň agzybirligi, ýurdumyzyň parahatlygy we berkararlygy, ähli mümin-musulmanlaryň iki dünýäleriniň abatlygy, Zeminiň asudalygy üçin doga-dileg etmeli. Çünki doga-dilegleriň kabul bolýan wagt aralygy bolan bu gijede doga-dileg etmek sünnetdir.
-
NB
14 years ago
- Doga-dileg gijesi
Dileg: Rehmete çakylykdyr, Rehmeti soňsuz bolana ýalbaryşdyr; kiçiniň Ula, ýerdäkiniň Ýokardaka ýönelişidir, nyýazydyr, içini döküşidir. Dileg edýän özüniň kiçiligini, ejizligini we ýüz tutýan gapysynyň beýikligini bilip, islegdir arzlaryna jogap beriljegine ynanyp, elini göklere galdyryp nyýaz edende, asla ony unutmaýan, ony terk etmeýän, ony ýalňyz goýmaýan, her halyndan habardar Biriniň bardygyny kalbynyň çuňluklarynda duýar. Dileg, Hakyň tükenmez hazynalarynyň syrly açary, garyplaryň, ýoksullaryň, göwni çökgünleriň, şeýle-de dünýewi kynçylyklaryň we bela-beterleriň kalbyna eýgertmeýän yzasy bilen gijeleri gözüne uky gelmeýänleriň iň ynamdar sygynagydyr. Bu sygynakdan içeri ädimini atan şol jadyly, şol syrly açary elde eder. Oňa sygynan, Onuň hemaýatyna giren sözüň hem ruhy hem maddy manysyndaky garyplaryň, misginleriň, ejizleriň we mätäçleriň arzuwy hasyl bolar, dilegi myrat tapar.
Eý Rebbimiz! Eger unudyp ýa-da ýalňyşyp gabahat eden bolsak, olar sebäpli bizi hasaba çekme! Rebbimiz! Bize eýgertmejek agyr ýükleri ýükleme; güýjümiziň ýetmejek zatlaryndan bizi jogapkär tutma! Biziň günälerimizi, hatalarymyzy bagyşla! Merhemet et! Sen biziň möwlamyzsyň! Rebbimiz, bize dogry ýoly görkezeniňden soňra, şeýtanyň alyna gidip ýalňyş ýola düşmekden, haram laýyna batmakdan we günäleriň batgalygynda aýagymyzyň taýmagyndan gora!
Eý Rebbimiz! Bizler Saňa ynandyk, Saňa umyt bagladyk. Günälerimizi bagyşla, bizi Dowzah azabyndan aman sakla!
Ýyllar ýyly Seniň gapyňa ýeňsämizi öwrüp, başgalaryň gapysynda baglanyp galdyk. Bagyşlanmagy diňe Seniň merhemetiňe bagly bolan bihasap agyr günäler işledik: Seni unutmak, bize bizden has ýakyn bolan Senden daşlaşmak, ata-babalarymyzyň, milletimiziň asyrlaryň dowamynda apalap saklan milli we ruhy gymmatlyklaryna hyýanat etmek, olaryň üstüni öz ellerimiz bilen gömmek günäsi... Neýläýin, derdimi saňa dökýän we toba kylyp gelenleri yzyna boş gaýtarmaýan merhemet gapyňa sygynýan! Senden uzaklary has-da uzaklaşdyryp, ebedi azaba duçar etme, ýangynly girdaba giriftar etme! Dillerine Seniň adyňy doga edinen gullaryň dilegleriniň arasynda, meniň nyýazlarymy-da kabul eýle!
Alla jan, bar eden Sensiň, ýok eden-de Sen; daşlaşdyrýan sensiň, ýakynlaşdyrjak-da Sen! Dilegimiz, bize ýakynlygyňy kalbymyzda duýur we ruhumyzda Saňa ýakynlaşmagyň joşgunyny oýar. Sergezdanlygymyz, erksizligimiz we wadalarymyza wepasyzlygymyz - merhemetiňe çakylyk, ýalňyzlygymyz hemaýatyňa sygynmak üçin sebäbimizdir.
Eý, çäresizleriň Çäresi! Eý, kimsesizleriň Kimsesi! Eý Merhemet Kuýaşy! Zulmat we garaňkylyk içindäkileri ol tümlükden halas etjek şöhleleriňi iber!
Senden uzak ýaşamak, senden uzak galmak içki dünýämizi garaltdy. Akyllarymyz gözýetimimizi daraldan gara perdeleriň arkasyndaky ýagty şuglaňy görüp bilmedi. Birnäçe asyrlyk gaflat döwründe ýitiren, üstüne gum süren gymmatlyklarymyzy täzeden dikeltmekde, täzeden gazanmakda, täzeden Gün ýüzüne çykarmakda bize hemdem bol!
Eý merhemetlileriň Merhemetlisi! Halymyzy diňe saňa aýdýarys, içimizi diňe Saňa dökýäris we merhemet gapyňa umyt bilen golumyzy uzadýarys!
Eý dertlerimize derman! Sen bize, söýen gullaryňa yhsan edişiň ýaly, garaşylmadyk ýerden yhsanlaryňy inder we umyt çyraglarymyza huzuryňdan sönmejek bir yşyk gönder!
Huzuryňa gelip sežde edişimize, göz ýaşlarymyza, bükülen billerimize merhemet kyl we bize Saňa iman edenlerden bolmagyň kalba çaýýan rahatlygyny ýene bir gezek duýur!
Eý Rebbimiz! Seniň dileglere, nyýazlara jogap bermeklige mejburlygyň ýokdur, emma oňa biziň mätäçligimiz, söze-beýana sygmajak derejede uludyr. Ähli doga-dileglerimizi kabul kyl we bulary kabul edendigiňi bize bildir. Öňümizde duzak, arkada duzak; her ýerde nebis we şeýtan haramlyklardan işilen toruny gurup, awuna garaşýar. Awfu-merhemetiňe mätäçligimiz görnüp dur, çäresizligimiz her halymyzdan belli. Içimizi Saňa dökýäs, günälerimizi saňa arz edip, senden afuw-bagyşlanmak dileýäs we bize ýaňadan päk durmuşda ýaşamagyň ýollaryny görkezmegiňi isleýäs.
Eý Rebbimiz, günälerimize müňlerçe toba kyldygymyz bolsun! Günämiz kän, emma, biz bilýäs, Seniň rehmetiň, Seniň merhemetiň ondan-da kän. Sen öz ylahy beýanyňda – beýik kitabyňda “Rehmetiň gazabyňy geçendigini” aýdýarsyň.
Alla jan! Bizi yhlasly we Senden bolmalysy ýaly gorkýan, Senden razy we Seniň-de razy bolan, Seni söýýän we Seniň söýýän, Saňa ýakyn bolan, dogrulyk we halallyk ýolundan aýrylmaýan gullaryňdan eýle! Amin!
-
NB
14 years ago
- Gadyr gijesi okalýan namaz
Gadyr gijesiniň haýsy gijä düşýändigi anyk we kesgitli bilinmeýänligi üçin Allahyň söýgüli gullary Remezanyň her güni Gadyr gijesi bolup biler diýlen düşünje bilen ýaşap, her gijäni Gadyr gijesi ýaly geçirmäge çalşypdyrlar. Bir ýylyň dowamynda Aýyň görünýän günleriniň üýtgäp durmagy sebäpli Remezan aýynda Gadyr gijesiniň wagty hem üýtgeýär. Şonuň üçin Allah dostlary bolan beýik weliler Gadyr gijesinden bir gün öňki we bir gün soňky günleri hem Gadyr gijesi hökmünde belläpdirler.
Pygamberimizden Gadyr gijesi barada şeýle hadyslar rowaýat edilýär: “Kim ynanyp, sogabyny Allahdan garaşyp Gadyr gijesinde namaz okasa, eden günäleri afuw edilip (bagyşlanyp), ýalkanar.”; “Gadyr gijesi ýassy namazyny jemagat bilen okan adam, şol gijeden nesibesini alandyr.”; “Her kim Remezan aýy gutarýança agşam we ertir namazlaryny jemagat bilen okasa, Gadyr gijesinden artykmajy bilen öz paýyny alar.”
Şeýle hem Gadyr gijesinde ýörite Gadyr gijesi namazyny okamak has sogaplydyr. Gadyr gijesi namazy iň azyndan iki rekagat, ortaça ýüz rekagat aňrybaşy müň rekagat okalýar. Iki rekagat okaljak bolsa her rekagatynda iki ýüz aýat okamaly. Ýüz rekagat okalan ýagdaýynda, her rekagatynda Fatyhanyň yzyndan Kadyr suresi bilen üç gezek Yhlas suresini goşup okamaly we her iki rekagatda salam bermeli.
Bu gije özüň üçin, ähli mümin-musulmanlar üçin doga-dileg etmeli. Çünki doga-dilegleriň kabul bolýan wagt aralygy bolan bu gijede doga-dileg etmek sünnetdir.
-
NB
14 years ago
- Gadyr gijesini pursat bileli!
Ruhuň belent bolsun! Gel, Remezany şerifiň soňky gijelerini, aýratynam Gadyr gijesini pursat bilip, onuň bereketinden peýdalanmaga ymtyl! Özüňi Rahman we Rahymyň rahmet derýasyna okla, onda ähli günä¬leriňden saplanmaga çalyş.
Keýpi-sapanyň yşgynda ýaşaýarys. Ömür maýamyz tükenip barýar, emma henizem ýüregimizde keýpi-sapanyň yşgy bar.
Belent Diwan bolsa “gulum, bendäm” diýip, hormat bilen çagyryp dur. Göwnümizi aldap, şeýle hormatly çakylyga barmajak bolup, bahana gözleýäris. Günälere bulaşdygymyzça, bahanalarymyz hem artýar. Musulman ene-atadan dünýä indik, gulagymyza azan aýdyldy. Bize kiçijikkäk Kulhuallany öwreden atamyz bize şonda şaýol görkezipdi. Şol ýoly tutarsyň diýip tama-da edipdi. Iň dogry ýola-da gönükdirdiler. Şol ýoluň ýol-ýörelgelerini, edeplerini saňa öwredenleriň nusgalyk ýaşaýyşlaryny gözümiz bilen gördük. Biz ata-babalaryň galdyran mirasynyň mirasdüşeri dälmidiris? Biziň iň uly duşmanlarymyz nebsiň we şeýtanyň çagyryşlary nähili gulaga ýakymly! Şu dünýämizi we o dünýämizi berbat etjek şeýtanyň ýolundan daşlaşmak ne kyn! Eger takwalyk galasyna girmese, ynsana ondan halas bolmak ýok.
Diliňi, gözüňi, eliňi, ýüregiňi, Allahyň amanat hökmünde beren ähli agzalaryny haramdan, şübheli zatlardan, boş işlerden saklamasak, amanada hyýanat etdigimiz bolmazmy?! Munuň şeýledigini bilsek ömür edermidik. Amanada hyýanat etmek iň ýigrenýän häsi¬ýetimiz ahyryn. Dilimize Haky zikr etdirmeýşimiz kimin ony ýalandan hem goramaýarys. Gözümize Hak-hakykaty görkezmeýşimiz ýaly, haram zatlara seretmekden hem saklamaýarys. Elimiz-golumyz bilen Hak-hakykaty belende götermelikäk, gaýta tersine, erbetlige ýapyşýarys. Munuň bolsa amanada hyýanat¬dygyny-da aňmaýarys. Yogsa, Allahyň Resuly Hezreti Muhammet sallallahu aleýhi wesellem bize ýüzlenip:
“Hakyky musulman elinden we dilinden başgalara zyýan bermedik kimsedir.”
“Siz iki zadyňyza – diliňize we satan arasyna ägä bolyň! Menem size Jenneti kepil geçeýin.”
“Sizden biri erbet işe sataşsa, ony hut eli bilen düzetsin, oňa güýji ýetmese, dili bilen öwüt-nesihat etsin, oňa-da gurby çatmasa, ýürekden ýigrensin. Ýürekden ýigrenmek imanyň iň pes derejesidir” diýýär. Biziň her birimiz özümize:
“Elimi we dilimi erbetlikden saklap bilýänmi?”, “Namysymy saklamakda, iliň namysyny öz namysym ýaly görüp, olara dil ýetirmekden we el degirmekden ägä bolýanmy?” diýen sowallary bermelidiris.
Emma bir zady berk bilmelidiris, agşam depderimiz ýygnalar, ertir hökman hasaba çagyrylarys. Bu çakylykdan bolsa, edil ölümden gutulyp bolmaýşy ýaly, bahana gözläp, sypyp bolmaýar. Toba edeli! Haçana çenli pany zatlara ähmiýet berip, baky zatlardan gaflatda ýaşarys?
Şükür, men şu zatlary ýazýan bolsam, sen hem bir sözi hem sypdyrman okaýan bolsaň, wyždanymyz entek bozulmandyr, eden-etmişlerimiz üçin puşman edýäris. Ertir bu puşman duýgusynyňam ýitip gitmegi mümkin.
Her kime haram-halal babatda wagyz-nesihat edip, özüňem aýdanlaryňy doly berjaý edip bilmeseň, oda nädip çydajak?
Hemişe ýagşylyk edip ýören adam sähel gödek hereket etse, unudyp bilemizok. Emma bizi ýokdan bar eden, ruh beren, iman beren, beýik dostlary, ýagşyzadalary söýdüren, ruhuňy we bedeniňi iň ajaýyp duýgular we agzalar bilen bezän Ýaradana gezek gelende biz nähili gadyr bilmez. Bihaýalyk bilen parzlary ahmal edip, haramlyga ýüz urýarys. Beýle etmek Allahutagalanyň öňünde edepsizlik, Oňa hormat etmezlik bolaýmasyn diýip, göwnümize-de getirmeýäris. Ýalbarýan, aklyňa aýlan-da ähli haramlykdan, erbetlikden, günä işden ýüz öwür, toba et!
Gel, Gadyr gijesini pursat bileli, onuň berekedinden peýdalanmaga ymtylaly! Özümizi Rahman we Rahymyň rahmet derýasyna oklaly. Hezreti Muhammet sallallahu aleýhi wesellemi we beýleki belent ruhly dost-ýarlary tapaly. Olara gol bereli. Gam iýme, hökman halas bolup salamatlyga ýeteris.
Baraly Beýik Allahyň dergähine. Çümeli rahmet derýasyna. Ýeteli kalp rahatlygyna...
-
YOmood
14 years ago
- Gadir gijede Allatagalanin ozi bizi bagi6lan gullarinin hatarina go6sun! Oni bolmalisi yali eda etmek bizin hemmamize nesip etsin!
-
Goool
14 years ago
- orazalarmyz kabul bolsun!
-
NURMURAT
14 years ago
- MAASALLAH BAREKALLAH !!!
HAYIRLI RAMAZANLAR BIZIDE DUANIZDA UNUTMAYIN!!!
-
Tupan
14 years ago
- Doga dileglerinizde bizi hem agzan, please.
-
Cwetocek
14 years ago
- nb yazan maglumatlarynyz ucin kop kop sagbolun! Gadyr gijaniz mubarek bolsun! Dileglerniz allahyn dergahinde kabul bolsun!
NB 14 years ago- Gadyr gijesiniň aňladýan manysyny yslam alymlary üç görnüşde jemleýärler:
Birinjisi: höküm gijesi diýmekdir. Bu gijede ähli hikmetli işler karar edilip jogapkär perişdelere tabşyrylar.
Ikinjisi: mertebe, gadyr-gymmat we beýiklik gijesi diýmekdir.
Üçünjisi: Tazýik (dyknyşyklyk) gijesi diýmekdir. Bu gije inen perişdelere zemin dar geler. Şeýle hem Jebraýyl aleýhisselam ilki wahý getirende Pygamberimizi üç gezek gysýar, soňra aýatlary tabşyrýar.
Kadyry Züljelal rehmeti sebäpli Gadyr gijesiniň Remezanyň haýsy gijesidigini anyk we kesgitli bildirmändir. Mälim bolşy ýaly, Alla¬tagala şu synag dünýäsinde möhüm zatlary gizläp goýupdyr. Mysal üçin: Jumga gününde doga-dilegleriň kabul bolunýan aýratyn pursady, ähli ybadatlaryň arasynda Allanyň razylygy, wagtyň içinde kyýamat wagty, ömrüň dowamynda ölümiň sagady we Remezan günlerinde Gadyr gijesi gizlenipdir. Hawa, käbir zatlaryň käbir zatlar içinde gizlenip goýulmagynuň hikmeti, şol zadyň galan bölekleriniň-de gymmatyny artdyrmak üçindir. Eger şeýle aýratyn zatlar anyk we kesgitli görnüşde belli edilse, beýlekileriniň gadyry peselerdi. Mälim bolşy ýaly, Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem Gadyr gijesini Remezanyň soňky on gününiň täk gijelerinden (21, 23, 25, 27-nji gijeler) göz¬lemelidigini aýdýar. Ýöne 27-nji gijäniň Gadyr gijesidigi hakynda aýratyn nygtalyşy ýaly, alymlaryň aglaba bölegi hem şeýle kabul edipdir we tutuş yslam äleminde 27-nji gijäni Gadyr gijesi hökmünde gutlamak däbe öwrülipdir. Eger Muhammet (s.a.w.) ymmaty 27-nji gijäni Gadyr gijesi hökmünde ýörite ähmiýet berip gutlaýan bolsa, Enşaalla, Hakyň dergähinde bu gije edilen tagatdyr ybadatlar hakyky manyda Gadyr gijesiniň feýzini – bereketini, sogabyny getirer.
Jemläp aýtsak, melekleriň Ýere inýän Gadyr gijesi uly ylahy yhsan bolup, ondan doly peý¬dalanyl¬malydyr. Çünki Gadyr gijesi “kadr” sözünden gelýär. Ýagny, şol gijede aýratyn bir gadyrşynaslygyň bardygy aýdyňdyr. Şonuň üçin, bu gijäniň gadryny bilen ýagdaýymyzda, Enşalla, Ýaradanyň huzurynda-da gadrymyz bilner.