Salam hormatly agzalar we gadyrly myhmanlar! :). Sag-aman otyrmysyñyz? Sizleriñ saýañyzda men gowy :). Bu gün köp otyryp Enelermiz hakda pikir etdim. Enemiz bolmadyk bolsa, biz bu ýagty jahany görmezdik. Enelermiz bizi 9 aý göwresinde göterip, iýmitlendirdi. Eger "dünýäde iiñ köp bergili adamyñ kim?" diýseler "Enem" diýip jogap bererdim. Enelerimizi näçe begendirsegem, az. Enelermiz bizi çagalar bagyna günde elimizden tutup äkitdi, günde egin-eshiklerimize seredishdirip mekdebe ugratdy, ýokary okuw jaýlaryna girmegimiz üçin Ene-Atamyz derläp zähmet çekdi, bizi dyrnak ýaly wagtymyzdan bashlap ep-esli bolýançak ýagny "adam" bolýançak aladamyzy edip, mähirlerini bize bagysh eden Enemizdir. Meniñ üçin iñ mukaddes zat Enem. Ene hakda mukaddes setirleri sizler bilen paýlashmak isleýän: Ene mähri hakda. Özi ene bolan zenan enäniñ ömrüni uzaldýan zatlaryñ köpüsini bilýär. * * * Dünýäde taýsyz gözellik bar bolsa, sho5 gözellik diñe ene kalby bolup biler. * * * Ynsan - gözelligiñ ashygy. Bu duýgy onuñ gözüni açyp göreninden - dünýe gözellikleriniñ iñ beýigi bolan eziz eneñ gözel görkünden gözbash alýar. * * * Dünýäde iñ mukaddes, iñ näzik zatlary bahara deñeýärler. Bahary enelere deñeýärler. Sebäbi baharam eneler ýaly owadan, eneler ýaly mähriban. Bahar eneler ýaly äleme ýashaýysh hem söýgi berýär. * * * Perzendi uly adam bolsada, enäniñ göwnüne ol henizem çaga bolup görünýär. * * * Gül miwä, söýgi mähre, yhlas myrada öwrülýär. * * * Edil enäniñ perzendiniñ didaryndan, perzendiñem eme mährinden doýmaýshy ýaly, bu dünýäniñ söýgä beslenen günlerinden doýma ýokdur. * * * "Eje, seniñ häli-shindi perzentleriñi idäp ýörshüñe men indi düshünýärin. Sebäbi indi menem eje." * * * Her bir ene öz perzendini bagryna basanda, özüni hem ejesiniñ bagryna basyp begenendigi ýadyna düshýär. * * * Beýik ynsanyñ - enäniñ mähir-muhabbetden doly ýüregi hemishe seniñ bilen, nurdan doly gözleri bolsa hemishe seni gözleýär. * * * Göwnüme bolmasa, gelin-gyzlaryñ her bir - dünýäniñ soltany... :) Okanyñyz üçin minnetdar! Copyright © Rowshen-Jm 03.09.2010
Ene mukaddesdir...
-
yolbors
14 years ago
- turkmen milli dili , turkmen baýdagy , turkmen topraky mukkadas dyr . ýone ene hormat göymak w sylamak gerek dyr ol bizim dinimyzda bar
-
Broker
14 years ago
- Salam hemma, Salam Rowshen, gowy tema, sagja bol.
-
Cwetocek
14 years ago
- rowshen-jm kop kop sagbolun! Enelermizi yatlanynyz ucin minnetdarlygym caksizdir...
-
Goool
14 years ago
- Rowshen jm betınden yazgy ücın sagja bol!
-
Crash
14 years ago
- oran gowy yazgy. Rowshen dost sagja bol.
-
umnik
14 years ago
- Rowshen hak aytyan ENE MUKADDES.
-
yolbors
14 years ago
- eger bir ynsan oz enesiny eldyn berse name ? mukkadas zaty galýa mi ?
milli dil w baýdag w topraka şubhe getyrmaň . beýle duşunjeler turkmen watan soýerliginy ýerden ýere urmana gawy dyr
-
Tupan
14 years ago
- Soranmysh bir wagyt aý güne bakyp, / dünýäniñ görki ne aydyp bersene. / gün hem diyenmish nuruny sachyp, / dünýäniñ bar görki enedir ene...
-
Tupan
14 years ago
- Dünýäniñ ähli enelerine respect! ))) huday hem adamy atasyz dunya indiripdir, yone enesiz dunya indirmandir (isa pygamber we ejesi meryem hakynda).
-
Rowshen-Jm
14 years ago
eger bir ynsan oz enesiny eldyn berse name ? mukkadas zaty galýa mi ? milli dil w baýdag w topraka şubhe getyrmaň . beýle duşunjeler turkmen watan soýerliginy ýerden ýere urmana gawy dyr yolbors | 2010-09-04 13:23:43
dost, achygrak dushnukli yaz, umumy diyjek bolyan zadyn name?
p.s hemme okayjylara minnetdar!
-
kuwwatik
14 years ago
- agzalar hemmanize salam, rowshen dos sagja bol aydan sozlerine, oran manyly sozler, ene her bir ynsan un mukaddesdir, her bir ynsan oz ene atasyny goramana borchlydyrlar, sag bol dos yazgyn un minnetdar )))
-
Gozela
14 years ago
- Minnetdar.gowy tema acypsyn rowshen-jm yzy kop bsun sular yaly temalan
-
trabzonlu
14 years ago
- gozela selamlar coracan soynki pyşmanlyk fayda wereynnok. şadlyk seni razi etty memnun olduym toyunuz hayırly bolsuyn. men kym delli trabzonly
-
sido
14 years ago
- .
-
trabzonlu
14 years ago
- gozela yazy yazmzmysyn
trabzonly
-
serkerdetm
14 years ago
- dunyede ykdur ene mahrının tayy. Mahrıban eneler men sızın mukaddes ellerınızden opyarın...
Bravo 14 years ago- Salam rowsen aga! Enelermiz hakda bet yazlan, soz yok! Yazp dur!
Blogynam gowja ekeni!