Ol 7 ýaşyndaka töleglerini wagtynda töläp bilmänligi üçin,maşgalasyny ýaşaýan öýünden kowup çykarýarlar.

Şondan soň ol özüni we ýakynlaryny eklemek üçin işlemäge mejbur bolýar.9 ýaşynda ejesi dünýäden ötýär, 22 ýaşynda bolsa dükandaky işinden mahrum bolýar.

Ol ýurist bolmagy arzuw edýär,emma onda ýeterlik bilim almak mümkünçiligi bolmaýar.23 ýaşynda ol kiçijek bir dükana şärik bolmak üçin bergä batýar.26 ýaşynda biznesdäki şärigi dünýäden ötensoň,oňa ýyllar dowamynda tölemeli bolan karzlary miras galdyrýar.

28 ýaşynda ol 4 ýyldan bäri söýüşýän gyzyna durmuş gurmak teklibini bildirýär,emma gyz onuň teklibini kabul etmeýär.37 ýaşynda üçinji synanşygyndan soň,ol Kongrese saýlanýar ýöne,iki ýyldan soň ol gaýta saýlawda ýeňiş gazanyp bilmeýär.41 ýaşynda 4 ýaşly ogly dünýäden ötýär,45 ýaşynda ol Senata girmäge synanyşýar we şowsuzlyga duçar bolýar.51 ýaşynda ol ABŞ-yň prezidenti hökmünde saýlanýar.Bu şowsuz adamyň ady Awraam Linkolndy.

Täzelikler, Dowsypat00 tarapyndan 2 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir