Salam hormatly agzalar, hemem dashyndan jyklaýan myhmanlar! Meniñ indiki temam 3G hyzmaty barada: Häzirki wagtda dünýäde 3G hyzmatyndan peýdalanýanlaryň sanynyň 1000000000-dan (bir milliarddan) geçendigi, bu görkezijiniň bolsa, el telefonyny ulanyjylaryň 21%-ine (göterimine) deñdigi mälim edildi. Hünärmenleriň aýtmaklaryna görä, 2014-nji ýylda 3G hyzmatyndan peýdalanýanlaryň sanynyň 3000000000-dan (üç milliarddan) geçmegine garaşylýar. Bu döwürde el telefonlaryň sanynyň has hem ýaýbaňlanjakdygy, 2012-nji ýylda "akylly telefonlaryň" ("smartfon") satuwynyň kompýuterlerden has köp satyljakdygy habar berilýär. Üstümizdäki ýylda 350000000 (üç ýüz elli million) kompýuter, 250000000 (iki ýüz elli million) "akylly telefon" ("smartfon") satylar. Öňümizdäki ýylda bolsa 430000000 (dört ýuz otuz million) kompýuter, 490000000 (dört yuz togsan million) "akylly telefon" ("smartfon") müşderilere ýetiriler. Maglumatlar soňky wagtlarda “akylly telefonlaryň” ("smartfonlaryñ") satuwynyň barha artýandygyny görkezýär. Telefonlarda aragatnaşygyň hiliniň ýokarlanmagy bilen hemme ýerde wideoly gepleşigiň mümkin boljakdygy, internet hyzmatlaryndan has köp peýdalanyp boljakdygy habar berilýär. Bu ýagdaý bolsa, hususy eýeçiligiň has hem ösmegine getirer diýip bellenilýär. Türkmenistan döwletimizde hem soñky wagtlar 3G hyzmatyna hem-de "akylly telefonlara" ("smartfonlara") bolan isleg gün-günden artýar. Türkmenistanda-da aragatnashyk hyzmatlary mundanam has gowlanar diýip umyt edýärin! Okanyñyz ücin minnetdar!
3G hyzmatyny ulanyjylaryñ sany artýar
-
Bravo
14 years ago
- Thanks minnetdar gowy yazlan.
Men prastoy internet {tmcelin :D} ulanyan.
-
GULJANMYRADOWA
14 years ago
- Salam, bu 3G barada aytyanlan dogry. men ozumem sony ulanyan. Turkmenistanda indi kopelip basladyda. Nesip bolsa hasam kopeler!
-
Goool
14 years ago
salam, bu 3g barada aytyanlan
dogry. men ozumem sony
ulanyan. turkmenistanda indi
kopelip basladyda. nesip bolsa
hasam kopeler!
guljanmyradowa | 2010-08-20
12:38:23
nesip bolsa biza 4g hyzmatynada garashyas, Turkmenistanda internede isleg yokary (elbetde elyeter bolsa)
-
Bravo
14 years ago
- Gaty guycli bolmalyda onda 4G?
-
Merjen94
14 years ago
- Salam 3G nadip almaly tmcelldan jogap beran bilyaniz bar bolsa... Tmcela biz bardyk 3 g yok dp goyberdi
-
Merjen94
14 years ago
- We onyn bahasy nace we nace wagta cenli ulanyp bolyar. Gutaryancamy yada MTS paketdi yaly onada mohlet berilyamika?
-
Goool
14 years ago
- merjen 3g diyip yazda gozlet talyplar.comda 3g maglumatlary barada tema kan gozle taparsyn
-
Merjen94
14 years ago
- Tapamoga bilyan bolsan azajyk maglumat bera kyn gormesen..@
-
moonguse
14 years ago
- merjen gelip info almankan salam bermeli esasanam dayyna. serdar dayyny tanayanmy sen ha? onson 3g dal 5g hakynda info bererler.
-
Merjen94
14 years ago
- Wi bagysla salam salam govmy yagdaylanyz
-
Merjen94
14 years ago
- Serdar dayy kim biz tanyshmy.?
-
moonguse
14 years ago
- salam. mena sen bilen tanys dal yone dayyn sen bilen tanys bolaymasa. dayyny sylagyn bolyamy ozuni sylamasanam akja sakkalyny sylagyn ok
-
Merjen94
14 years ago
- Ok hokman ozum syllamson sizem syllayan salam diymek yadymdan cykypdyrda. Adam yalnysman bilmez.
-
Merjen94
14 years ago
- Tanysh bolun men Merjen. Balkandan a siz nireden?
-
MELISSA
14 years ago
tanysh bolun men merjen.
"biz" bolanda biz bu yerde kopculik yeke yekeden at tutup soramaly jigim
balkandan a siz nireden?
merjen94 | 2010-08-21
04:37:0
-
moonguse
14 years ago
Tanysh bolun men Merjen. Balkandan a siz nireden? Merjen94 | 2010-08-21 04:37:09
a men moonguse. sen balkanyyn niresinden nebitdagdanmy?
-
Bravo
14 years ago
- Merjen hahaha :D. Men bravo. Degisgen oglan.
-
Merjen94
14 years ago
- Salamlar 3 G hakda aýytjakdalminiz
-
Goool
14 years ago
- 3g bahasy 98 manat (kone pulda 490 muñ manat), ashgabatda luboy wagt basanam satylyar, yone sen yashayan balkanyñda bilemok nahilidigini...
-
Bravo
14 years ago
- Aydyn how so caga...a to ;)
-
Goool
14 years ago
- merjen ashgabat sowda merkeze bar 100manat alda, i dokumentini alyp bar, 15minde alyañ
-
Merjen94
14 years ago
- Salam. Sagbolun aydanynyz u/n
-
Merjen94
14 years ago
- Salam. Sagbolun aydanynyz u/n
-
Goool
14 years ago
- ok, ozunem sagbol!
-
Crash
14 years ago
- eway merjen kakan dagy gowdra? Merdan salam aytdy diy krasnawodskyly diysen ozi tanar.
-
Merjen94
14 years ago
- Salam tanamayar kim bolsanam biri b/n yalnyshyan
-
Crash
14 years ago
Salam tanamayar kim bolsanam biri b/n yalnyshyan Merjen94 | 2010-08-24 12:45:42
sen ayt tanamasa krasnawodkly bayli chopanyn ogly merdan diysen tanar...
Goool 14 years ago- Bashgada kimde nahili pikir bolsa bash üstüne