Bilip goýaý... Men hiçem seni söýmegimi bes etmedim, men diňe ony görkezmegimi bes etdim. Käwagt seniň bar etmeli zadyň – gözýaşyňy saklap, özüňi hiç zat bolmadyk ýaly alyp barmakdyr. Seniň halaýan we söýýän adamlaryň arasynda tapawut bardyr. Eger birini söýseň, hemişe onuň pikirini edersiň, onuň bilen wagtyňy geçiresiň geler, we onuň bilen aýyrlyşaýanyňda hem ýüregiňde hemişe onuň üçin orun bolar. Million söz seni yzyňa getirmez, bilýärin. Sebäbi, men synanyp gördüm. Million gözýaşam seni yzyňa getirmez, bilýärin. Sebäbi, men aglap gördüm. Saňa duşmadyk bolsam, seni halamazdym. Seni halmadyk bolsam, seni söýmezdim. Seni söýmedik bolsam, sen diýip ýüregim gysmazdy. Ýöne, men söýdümem, söýýärinem we söýerinem! Men düýş gördüm, ol sen hakdady... Men ýylgyrdym we aramyzda bolup geçenleri ýatladym... Soňra men gözümden ýaş damanyny duýdum... Bilýärmiň näme üçin? Sebäbi, düýşümde sen meni ogşadyň we meniň bilen hoşlaşdyň... Sen bir zat tamam boldy diýip gamlanma, sen onuň bir gün seniňki bolanyna begen. Men ýylgyraryn - men bagtly diýip pikir ederiň ýaly; men gülerin – meniň aglaýanymy görmeziň ýaly; men seni gözümi gyrpman goýbererin. Beýtmek meni öldürýänem bolsa, men ýylgyraryn. Bir zady söýmegiň ýoly – ony ýitirmegiň mümkindigine düşünmekdir. Bir gün sen meniň üçin meniň saňa aglaşym ýaly aglarsyň, Bir gün seniň meni meniň seni göresim gelişi ýaly göresiň geler, Bir gün men saňa seniň maňa gerek boluşyň ýaly gerek bolaryn, Bir gün sen meni söýersiň, ýöne men seni söýmerin.
Bilip goyay
-
hallboy
14 years ago
- Ayyuzli, nädip yörsüñ bir özüñ, ullakan saytyñ ichinde?
-
moonguse
14 years ago
- Crash jan etda garasyp duryn 07 07
-
moonguse
14 years ago
- Crash jan etda garasyp duryn 07 07
-
Ayyuzli
14 years ago
- azashyp yorun,hallboy! :-)
-
Bravo
14 years ago
- Ayuzli siz 1 yuregnizi agyrtmañda!
-
Bravo
14 years ago
- Ayuzli siz 1 yuregnizi agyrtmañda!
-
moonguse
14 years ago
- Dogry:)
-
Ayylganch
14 years ago
bir gün sen meni söýersiň, ýöne
men seni söýmerin.
men shu yerine dushunmedim!? name uchin??? diyen sorag yuze chykyar. sebabi bashda soyup durdy songunda bolsa....
-
Ayylganch
14 years ago
- dushundirip biljek barmy?
-
Cwetocek
14 years ago
- Gyz on soymandir.on soymedik adam sonam soymez...oglanam gyzyn soymejegni bilip sen soysen men soymern diyip oz gownini aldapdrda:-)
-
Cwetocek
14 years ago
- Indi dushundnmi ayylganch:-)
-
DidarFB
14 years ago
- gowja arzuwlaram yazay gyzlar hakda locker.
-
Bravo
14 years ago
- Locker yenede soygi barada gulplanlaryndan joshsana betinden!
-
Ayylganch
14 years ago
indi dushundnmi ayylganch
cwetocek | 2010-07-30 22:55:18
dushundim cwetocek sagja jol
Ayyuzli 14 years ago- locker,yuregimi agyrtdyn. :-(
shonda-da,sag bol!