Onýyllyk mektepleriň ýokary klas okuwçylary uçin niýetlenen "Logika" ders boýunça şu kitab 1953-njy ýylda S.N.Winogradow we A.F.Kuzmin tarapyndan taýarlanylan hem-de orta mektep uçin okuw kitaby hökmünde tassyklanan "Logika" kitabynyň esasynda taýarlanyldy. Ol kitap rus dilinden terjime ediliptir. "Logika" kitabynda şu ders bilen baglanyşykly maglumatlar doly berilýar. Elektron gollanmasynda "Logika" kitabynyn belli-belli ýerleri gysgadyldy, takyklamalar girizildi.
Logika
-
Farabi
14 years ago
- 2. DÜŞÜNJE
2.1 Düşünjäniň asyl manysy.
Biziň bilişimiz ýaly pikirlemne daşarky dünýäniň zatlarynyň we hadysalarynyň umumy häsiýetleriniň we baglanyşyklarynyň adam beýnisinde şekillenmegidir. Biziň daş- töweregimizdäki hakykatyň zatlary, hadysalary predmetler ("predmet" Ors dilinde "zat" diýmek) diýip atlandyralyň. Meselem, galam, hasyl, okuwçy, ýagyş, hereket, beýklik we ş. m. biziň pikirimiziň predmetleri bolup bilerler. Predmetleriň dürli häsiýetleri bardyr. Predmetleriň häsiýetlerine logikada alamatlar diýilýär.Meselem, berlen galamyň uzynlygy, onyň reňki, ýazuw guraly bolmak häsiýeti bularyň hemmesi onyň alamatlarydyr. Töwerek-daşyndaky hakykata akyl ýetirmek bilen, adam predmetleri bir-biri bilen deňeşdirýär, olaryň meňzeşligini we tapawudyny ýüze çykarýar; analiz we sintez ýoly bilen predmetleriň düýp manysyna düşünýär, pikirinde olaryň alamatlaryny saýlaýar, ol alamatlary abstraktaýar we umumylaşdyrýar. Netijede adam hakykatyň predmetleri we hadysalary hakynda düşünje emele getirýär. Düşünje - predmetleri umumi we esasi alamatlaryny suratlandyrýan pikirdir. Meselem "suwasty gämi" dien düşünjede suwasty gämileriň şu aşakdaky alamatlary suratlandyrylýar: harbi gämi suwa çumýar we su astynda ýüzýär, torpeda apparatlary bilen ýaraglandyrylan we başgalar. Bu alamatlar suwasty gämiler üçin umumi we esasi alamatlardyr. Predmetiň esasy alamaty diýilip, predmetiň esasy häsiýetlerini aňladýan alamata aýdylýar. Meselem, himiki elementiň esasy alamaty atomyň gurulyşydyr, esasy däl alamaty bolsa ol ýa bu fiziki ýagdaýydyr, daşky görnüşidir we ş. m.
2.2 Düşünjäniň mazmuny we möçberi.
Her bir düşünjäniň mazmuny we möçberi bar. Düşünjäniň mazmuny munyň özi predmetler klassynyň esasy alamatlarynyň toplumy hakynda bilimdir. Meselem, "stratostat" dien düşünje şu aşakdaky esasi alamatlar girýär: stratosfera uçmak üçin enjamlaşdyrylan, gondolaly howa şary. Şeýlelik bilen, düşünjäniň mazmuny munyň özi şol düşünje, haýsy predmetlere degişli bolsa, şol predmetler hakyndaky bilimdir, predmetleriň asyl manysy hakyndaky, olaryň häsiýetleri hakyndaky bilimdir.
Düşünjelerde diňe bir predmetleriň alamatlary hakynda däl-de, eýsem şol düşünjäniň haýsy predmetlere ýaýraýanlygy hakynda hem bilgi bar. Başga hili aýdamyzda, her bir düşünjäniň, diňe bir mazmuny däl-de, eýsem möçberi hem bar. Düşünjäniň möçberi munyň özi esasi alamatlary düşünjede suratlandyrylan predmetleriň topary hakyndaky bilimdir. Meselem "6-njy klass mekdep sapaklary" diýen düşünjäniň möçberini 6-njy klassda okaýan okuwçynyň okaýan sapaklary (Türkmen dili, Fizika, Matematika we ş. m.) emele getirýär. "Stratostat" diýen düşünjäniň möçberini stratostatlaryň pikire getirilýän görnüşleriniň hemmesi emele getirýärler.
2.3 Düşünjäni çäklendirmek we umumylaşdyrmak.
Düşünjäni umumylaşdyrmak munyň özi has az umumi düşünjeden has umumi düşünjä geçmek diýmekdir.
Düşünjäni çäklendirmek munyň özi has umumi düşünjeden has az umumi düşünjä geçmek diýmekdir.
Düşünjäni çäklendirmek prosesine şu aşakdaky mysalda garap geçeliň. Himiýa mugallymy natriniň nämedigini düşündirmäge başlaýar. Mugallym öziniň düşündirişini umuman elementiň nämeligini ýatlamakdan başlap biler, soňra bolsa "element" düşünjesine metala has bolan käbir alamatlary girizip biler. Bu alamatlary girizmeklik "element" düşünjesiniň möçberini daraldar, bu düşünjäniň möçberini çäklendirer, şonlukda başga bir düşünjä, möçberi kiçi bolan "metal" düşünjesi alynar.Soňra, "metal" düşünjesine "naträ" has bolan alamatlary girizmek bilen, mugallym şonlukda "metal" düşünjesini çäklendirýär, ýagny onyň ýerine öňkiden hem az umumi bolan "natriý" düşünjesini berýär.
Şeýlelik bilen, düşünjäni çäklendirmek prosesi has umumi düşünjelerden az umumi düşünjelere kem-kemden geçmekdir. Düşünjeleri çäklendirmek prosesine, has umumi düşünjelerden az umumi düşünjelere geçmek bilen, biz, ahyr soňunda, möçberi birlige deň bolanwe diýmek ondan soňra çäklendirilip bilinmejek düşünjelere gelýäris. Şunyň ýaly düşünjeler ýeke predmetleri görkezýärler we möçberi boýunça ahyr derejede dardyrlar. Şolar ýaly düşünjeleriň mysallary: Hazar deňizi, Gök-Depe söweşi, Magtymguly Pragy.
Düşünjäni umumylaşdyrmak çäklendirmeklige ters prosesdir. Düşünjäniň käbir alamatlaryny aýyrmak ýoly bilen ony umumylaşdyranymyzda biz umumi düşünjelerden has umumylaşýan düşünjelere geçýäris. Meselem, "arça" diýen düşünjeden "agaç" diýen düşünjä, "agaç" diýen düşünjeden "ösimlik" diýen düşünjä geçýäris.
Düşünjäni umumylaşdyrmak bilen, az umumi düşünjelerden has umumi düşünjelere geçmek bilen, biz, ahyr soňynda, möçberi boýunça ýokary derejede giň, ondan soňra umumylaşmaýan düşünjelere gelýäris. Şolar ýaly düşünjelere kategoriýalar diýilýär. Kategoriýalaryň mysallary: "madda", "hereket", "mukdar", "görnüş", "giňişlik".
2.4 Jyns we görnüş düşünjeleri
Has umumi düşünjelere jyns düşünjeleri, az umumi düşünjelere görnüş düşünjeleri diýilýär.
Ençeme düşünje alyp göreliň: "şäher", "paýtagt", "Aşgabat", "paýtagt" diýen düşünjä görä "şäher" diýen düşünje jyns düşünjedir, ýa-da "Aşgabat" diýen düşünjä görä "paýtagt" diýen düşünje jyns düşünjedir. Emma bu düşünjeleriň arasynda başga bir düşünje de bar: "şäher" diýen düşünjä görä "paýtagt" diýen düşünje görnüş düşünjedir, "Aşgabat" diýen düşünjä görä "şäher" diýen düşünje görnüş düşünjedir.
Surat 2.1 Şäher - jyns düşünjesi, Mary - görnüş düşünjesidir.
2.5 Düşünjeleriň esasy klaslary.
Ýalňyz düşünjeler aýry-aýry (ýalňyz) predmetler hakyndaky düşünjelerdir. Meselem, "Magtymguly Pragy", "Kaka şäherjesi", "Hazar deňizi", "Albert Einstein", "Türkmenistan".
Umumi düşünjelerde bir meňzeş predmetleriň köplügi suratlandyrylýar. Meselem, "ýyldyz", "kitap", "aýdym", "ulag" we başgalar. Bu düşünjeleriň her biri bir meňzeş predmetleriň uly toparyna degişlidir.
Umumi we ýalňyz düşünjere ýygnaýjy düşünjeler bolup bilerler. Ýygnaýjy düşünjeler munyň özi özlerinde bir predmetleriň toplumy, ýalňyz bitewi hökmünde pikirlenýän düşünjelerdir. Mysal üçin: "tokaý" (agaçlar toplymy), "kitaphana" (kitaplar ýygyny), "ýygnak" (okuwçylar weýa işgärler).
Her bir konkret düşünjede ýa dürli alamatlara baý bolan belli predmet ýa-da dürli-dürli alamatlary bolan birmeňzeş predmetleriň köplügi pikire getirilýär. Meselem, "tolkun", "hasyl ýygnamak", "Türkmenistan", "deňiz".
Abstrakt düşünjeler predmetleriň diňe bir aýry-aýry alamatlaryny görkezýär. Predmetler üçin umumi bolan haýsy-da bolsa bir alamaty olardan aýyryp (abstraktlap), biz pikirimizde abstrakt düşünje emele getirýäris.Meselem, reňki boýunça meňzeş bolýan gar, süýt, hek we başga predmetlerden abstrakt düşünje hökmünde getirilmäge duran "aklyk"alamaty pikirde aýrylypdyr.
Özara gatnaşykly düşünjeler munyň özi pikiriň iki predmetiniň arasyndaky belli bir özara baglanyşygy görkezýän alamatlar özlerinden bolan iki düşünjedir. Meselem, "mugallym we okuwçy", "müdür we tabyn" we başgalar. "Müdür" düşünjesi tabynyň bolmagyny çak edýär, "tabyn" düşünjesi bolsa müdüriň bolmagyny çak edýär. Emma "möjek we tokaý" ýaly düşünjeler özara gatnaşykly bolup bilmezler, çünki tokaýyň bolmasy möjege bagly däl.
Pozitiw düşünjeler ol ýa bu alamatyň barlygyny görkezýärler ("çakgan", "peýdaly", "batyr"), negatiw düşünjeler alamatyň ýoklugyny görkezýärler ("owadan däl", "peýdasyz").
Düşünjeleriň esasy klaslaryny şu aşakdaky tablisa görnüşünde görkezmek bolar:
-
Farabi
14 years ago
- DÜŞÜNJäNIň KESGITLENIŞI WE BÖLÜNIŞI
3.1 Düşünjäniň kesgitlenişiniň asyl manysy
Düşünjäni kesgitleme logiki hereket, şonyň prosesinde düşünjäniň mazmuny açylýar. Düşünjäniň mazmunyny açmak diýmek - onyň esasy alamatlaryny görkezmek diýmekdir.
Her bir predmetde tükeniksiz mukdarda alamat bardyr we predmetiň hemme alamatlaryny görkezmäge synanyşmak mümkin däldir. Kesgitleme, bir düşünjäni beýleki düşünjelerden çäklendirip aýyrýan ýalňyz esasi alamatlary öz içine alýar. Kesgitleme, predmetler hakyndaky esasi bilimi aňladýar. Meselem, "romb" diýen düşünjäni kesgitläliň. Munyň üçin ozaly bilen iň ýakyn jynsyny görkezeliň: romb - munyň özi parallelogramdyr. Emma parallelogramyň rombdan başga-da görnüşleri bar. Şonuň üçin-de kesgitlemede rombyň ony parallelogramlaryň beýleki görnüşlerinden tapawudlandyrýan alamatyny hem görkezmek, ýagny görnüş tapawudyny: taraplaryň deňligini görkezmek hem zerurdyr. Netijede: romb - munyň özi hemme taraplary bir-birine deň bolan parallelogramdyr.
3.2 Genetik kesgitleme
Genezis sözi "gelip çykyş" diýmekdir. Genetik kesgitleme - munyň özi kesgitlenilýän predmetiň gelip çykyşyny görkezýän kesgitleme görnüşidir. Meselem,"Töwerek - munyň özi merkezden deň aralygy saklaýan nokadyň tekizlikde hereket etmeginden emele gelýän ýapyk egri çyzykdyr". Ýa-da: "Töwerek - munyň özi hemme nokatlary merkezden deň aralykda ýerleşýän ýapyk egri çyzykdyr". Birinji kesgitleme genetik kesgitlemedir, ikinji - genetik däl kesgitlemedir. Bizi gyzyklandyrýan predmetiň çykyşyny görkezmek zerur bolan mahallarynda genetik kesgitleme ulanylýar.
3.3 Nominal kesgitleme
Nominal kesgitleme - munyň özi berilen düşünjäni aňladýan söziň, adyň manysyny düşündirýär. Meselem, "Genezis - gelip çykyş, çeşme diýmektir". Nominal kesgitleme düşünjäniň mazmunyny açyk görkezmän, diňe söziň mazmunyny ýüze çykarýar. Şonuň üçin birini ikinjisi bilen çalşyrmaz ýaly, düşünjäniň kesgitlemesini nominal kesgitlemeden tapawutlandyrmagy başarmak möhüm zatdyr. Kesgitlemeleriň iki görnüşüni deňeşdirip göreliň:
1) Nominal kesgitleme: "Atom - bölünmeýän diýmekdir."
2) Düşünjäniň kesgitlenmesi: "Atom - maddanyň ýadrodan we elektronlardan ybarat bolan örän maýda bölegidir".
Birinji kesgitlemede diňe söziň manysy düşündirilýär. Bu many atomlar hakyndaky häzirki zaman bilimine dogry gelmeýär. Ikinji kesgitlemede atomyň esasi alamatlary açylyp görkezilýär.
3.4 Kesgitlemäniň ýerini tutýan tärler.
Düşünjäni kesgitlänimizde biz onyň iň ýakyn jynsyny we görnüş tapawudyny görkezýaris. Emma welin jynsy ýok düşünjeler-de bolýar we görnüş tapawudyny görkezip bolmaýan düşünjeler hem bar. Meselem, kategoriýalary kesgitlemek bolmaýar, çznki kategoriýalar ýokary derejede giň bolan düşünjelerdir, ýagny olar üçin has giň (jyns) düşünjeler ýok. Zatlaryň ýönekeý häsiýetlerini şekillendirýän käbir düşünjeleri hem kesgitlemek bolmaýar. Bular ýaly düşünjeleriň görnüş tapawudyny görkezmek kyn bolýar. Meselem, "göni", "guralyk", "sarylyk" we başgalar.
Emma biz düşünjäni kesgitläp bilýän mahallarymyzda-da bir kesgitleme bilen çäklenmeýäris. Kesgitlemäni doldurýan ýa-da onyň ýerini çalyşýan logiki tärler bar. Meselem, görkezme, beýan etme, deňeşdirme, tapawut.
Görkezme - biziň dogrydan-dogry özleşdirýän predmetimiz bilen tanyşmagyň iň ýönekeý tärdir. Biz bir zady kesgitlänimizde, kesgitlemämizi bu zadyň alamatlaryny (reňgini, agramyny, sesini, görnüşini we ş. m.) suratlandyrmak bilen başlap bileris. Meselm, bir adamy saç we ten reňgi bilen, boýy we agramy bilen, sesi bilen we ş.m. bilen suratlandyryp bileris, ýagny biz şol rengi görkezýäris ýa-da şol sesi ýaňadan çykarýarys.. Görkezme her wagt predmet hakynda düşünje berip bilmeýär, ol diňe indiwidual suratda göz öňüni getirmäge mümkünçilik berýär
Beýan etme - ýalňyz predmetleriň ençeme alamatlaryny sanap görkezmekdir.Meselem, S. T. Aksakow guw guşuny şu aşakdaky ýaly beýan ediýär: "Ol gar ýaly ak, ýaldyrap duran kiçijik gözleri bar, gara burny we gara penjeleri, uzyn, maýyşgak we owadan boýny bar, garamtyl gök suwyň ýüzinde ýaşyl gamyşlaryň arasynda arkaýyn ýüzen mahalynda ol taryplap bolmajak ajaýyp guşdyr. Beýan etmegiň maksady - predmetiň alamatlaryny has takyk we doly görkezmekdir.
Deňeşdirmede - pikiriň biri ikinjisiniň kömegi bilen düşündirilýän iki predmet bolmalydyr. Meselm, "çagalar - ýaşaýşyň gülidir". Aslynda gül çagalara has bolan alamat däldir. Emma çagalary gül bilen deňeşdirmek çagalaryň aýratyn häsiýetlerini (owadanlygyny, näzikligini we başgalaryny) düşünmäge mümkünçilik berýär.Başga mysal - "ýaşlar - geljegiň nesilidir".
Tapawut - munyň özi deňeşdirmäniň dürli görnüşidir. Deňeşdirmedäki ýaly, tapawutlandyrmadakda-da biz pikirimizde iki predmeti deňeşdirýäris, emma olaryň meňzeşligini däl, tapawudyny görkezýär. Meselem, "wodorod kisloroddan, özi ýanyp, emma ýanmagy goldamaýanlygy bilen tapawutlanýar".
3.5 Düşünjäni bölmegiň asyl manysy
Düşünjäni bölmek düşünjäniň möçberini açyp görkezýän logiki usuldyr. Düşünjäniň möçberini açyp görkezmek - munyň özi bölüniji düşünjä özara tabyn bolan görnüş düşünjelerini görkezmek diýmekdir. Meselem, "Türkmenistanyň raýatlary" diýen düşünjäni millet "ýaşaýan şäherleri" alamaty boýunça bölmek talap edilýär. Onda biz olary (Türkmenistanyň raýatlaryny) Aşgabatlylara, Marlylara, Balkanabatlylara, Tejenlilere, we başga şäherlerde ýaşaýanlara bölüp bileris. Düşünjäni bölmek bilen, biz bölünýän düşünjäni görkezýän predmetler klasyny pikirimizde bir alam boýunça bölýäris.
Bölünýän düşünje jyns düşünjesidir. Bölmek netijesinde emele gelen görnüş düşünjelerine bölmegiň agzalary diýilýär. Haýsy alamat boýunça bölünýän bolsa, şol alamata bölmegiň esasy diýilýär.Ýokarda getirilen mysalda "Türkmenistanyň raýatlary" diýen düşünje - bölünýän düşünjedir, bölmegiň esasy ýaşaýan şäherleridir, bölmegiň agzalary bolsa bölmek netijesinde alynan görnüş düşünjeleridir - Aşgabatlylara, Marlylara, Balkanabatlylara, Tejenlilere, we ş.m. Bölmegiň esasy hökmünde başga bir alamaty hem (meselem, ýaş alamatyny) almak bolardy, şonda bölmegiň başga agzalaryny aljagymyz tebigidir.
3.6 Dihotomik bölmek
Dihotomik, ýagny iki agzalaýyn bölme, bölünýän düşünjäniň bütünleý iki sany garşy düşünjä doly bölünýänliginden ybaratdyr. Meselem, bitin sanlary (1,2,3, ...), täk we jübt sanlara bölünýär. Başga bir meselem bolsa, "düşünjeler, ýygnaýjy we ýygnaýjy däl düşünjeler bölünýärler".
-
Farabi
14 years ago
- 4. PİKİR ýÖRETME
4.1 Pikir ýöretmäniň asyl manysy
Töwerek-daşymyzdaky hakykata akyl ýetirmek bilen, predmetler, olaryň alamatlaryny saýlap görkezýäris. Meselem, metaldan ýasalan haýsy-da bolsa bir predmeti barlanymyzda onyň hakynda biz şeýle diýýäris: "ýaldyrawuklyk, ýenjilegenlik, eregenlik, ýyly we elektrik geçirijilik ýaly häsiýetleri bar". Şeýle diýenimizde, biz predmeti degşirýäris, onyň hakynda pikir ýöretme aýdýarys, bu pikir ýöretme predmet we onyň alamatlary hakyndaky pikirdir.
Emma predmetde haýsy-da bolsa bir alamatyň bolmazlygy hem mümkindir. Beýle bolanda predmet hakynda biz şeýle diýäris: "Bu predmet ak däl", "Bu kitap gyzykly däl", we ş. m. Pikir ýöretme mydama haýsy-da bolsa bir zady tassyklaýar ýa-da inkär edýär.
Pikir ýöretme diýilip, predmetler we olaryň alamatlary hakkynda haýsy-da bolsa bir zady tassyklaýan ýa-da inkär edýän pikire aýdylýar.
4.2 Pikir ýöretmäniň düzümi
Her pikir ýöretmede üç bölek: eýe, habar we baglanyşyk bar. Mysal üçin şu aşakdaky pikir ýöretmäni alalyň: "Ashgabat - Türkmenistanyň paýtagtydyr". Bu pikir ýöretmäni derňemek, onyň şu aşakdaky böleklerden ybaratdygyny görkezýär: "Aşgabat" - pikir ýöretmäniň logiki eýesi ýa-da subýekti. "Türkmenistanyň paýtagtydyr" - pikir ýöretmäniň logiki habary ýa-da predikaty. "dyr/dir" - baglanyşyk.
Pikir ýöretmäniň eýesine we habaryna pikir ýöretmäniň terminleri diýilýär. Pikir ýöretmäniň eýesi logikada gadymdan bäri şertleýin S harpy bilen, pikir ýöretmäniň habary bolsa - P harpy bilen bellenilýär. Şunyň esasynda, pikir ýöretmäni şu aşakdaky formula bilen beýan etmek bolar
S - P
Meselem,"bu galamyň reňki" eýesini S, "gyzyldyr" habaryny bolsa P diýip bellesek, onda "bu galamyň reňki gyzyldyr" pikiri S - P formulasy bilen beýan etmek bolar.
Negatiw pikir ýöretme üçin pikir ýöretmäniň görkezilişi şu aşakdaky ýalydyr:
S - ŘP
Ř simwoly inkär ediji simwolydyr.
4.3 Pikir ýöretmeleriň görnüşleri
Haýsy-da bolsa bir ýeke-täk predmet hakyndaky pikir ýöretme pikir pikir ýöretmäniň iň ýönekeý görnüşidir. Meselem:
"Kaka şäherjesi Ahal welaýatynda ýerleşýär"
"Bu agajyň boýy pes"
Eger pikir ýöretmede pikiriň predmetinde (şunuň ýaly) alamat bar diýilip tassyklanýan bolsa, onda şunyň ýaly pikir ýöretmä tassyklaýyjy pikir ýöretme diýilýär. Eger-de inkär edilýän bolsa, onda şunyň ýaly pikir ýöretmä inkär ediji pikir ýöretme diýilýär. Hemme pikir ýöretmeler tassyklaýyjy we inkär ediji pikir ýöretmelere bölünýärler.Pikir ýöretmäniň bu alamatyna pikir ýöretmäniň hili diýilýär. Garalyp geçilen pikir ýöretmelerde biziň pikirimiz bir predmete gönükdirenligi üçin, şunyň ýaly pikir ýöretmelere ýalňyz pikir ýöretmeler diýilýär.
Biziň görüşimiz ýaly, ýeke-täk pikir ýöretmede haýsy-da bolsa bir alamatyň bir predmetde barlygy tassyklanýar ýa-da inkär edilýär. Şol alamat belli bir klasyň hemme predmetleri üçin umumydyr diýip aýtmak üçin, munyň özi heniz ýeterlik däldir. Ol ýa-da bu alamatyň predmetleriň bir toparyna ýa-da predmetleriň bitin klasyna degişliligi pikir ýöretmäniň has çylşyrymly görnüşinde suratlandyrylýar.Aşakdaky iki pikir ýöretmä garap geçeliň:
"Biziň uniwersitetimiziň käbir talyplary sport höwesjeňleridirler"
"Türkmenistan raýatlarynyň hemmesiniň bilim almaga hukugy bardyr"
Birinji pikir ýöretmede biz öz uniwersitetimiziň bir näçe okuwçysynyň sport höwesjeňleridigini tassyklaýarys. Şunyň ýaly pikir ýöretmä hususi pikir ýöretme diýilýär. Hususi pikir ýöretme şunuň ýaly formula bilen aňladylýar:
$ S - P
$ - käbir diýmek.
Ikinji pikir ýöretmede biz Türkmenistan raýatlarynyň hemmesiniň bilim almaga hukugynyň barlygyny. Şunuň ýaly pikir ýöretmä umumy pikir ýöretme diýilýär we bu pikir ýöretmäniň formulasy şunyň ýalydyr:
" S - P
" - hemme diýmek.
Pikir ýöretmeleri ýeke-täk, hususi we umumi pikir ýöretmelere bölmeklige olary mukdary boýunça bölmek diýilýär.Şonyň bilen birlikde, biz pikir ýöretmeleriň hemmesini şu aşakdaky dört sany esasi görnüşe bölüp bileris: umumi tassyklaýyjy, hususi tassyklaýyjy, umumi inkär ediji we hususi inkär ediji pikir ýöretmeler.
Her bir predmet başga predmetler bilen baglanşyklydyr. Agajyň ösýändiginiň sebäbi onyň toprakdan we howadan alýan maddalary bilen iýmitlenýänligidir; ýeriň ýüzinde ýaşaýşyň ösýänliginiň sebäbi biziň planetamyza Güniň energiýasynyň düşýänligidir. Biziň pikirlerimiz predmetler bilen hadysalar arasyndaky baglanyşyklary suratlandyrýarlar. Käbir baglanyşyklar (meselem, sebäp baglanyşygy) şertli pikir ýöretme görnüşinde aňladylyp bilenler. Şertli pikir ýöretmäniň mysallary:
"Eger odun ýakylsa onda tüsse çykar"
"Eger gün şöhlesi prizmanyň içnden geçirilse, onda ekranda spektor emele geler"
Şular ýaly pikir ýöretmelerde aýdylýanlaryň hakykylygy edil şol pikir ýöretmede aýdylýan haýsy-da bolsa bir şerte baglysyr. Şertli pikir ýöretmäniň umumi formulasy şu aşakdaky ýalydyr:
S-P Ţ A-B
Şertli pikir ýöretmäniň iki pikir ýöretmeden emele gelýändigini görmek kyn däldir. Birinji pikir ýöretmede şert goýulup, şol şert saklanylsa, ikinji pikir ýöretme hakyki bolar.
-
Farabi
14 years ago
- yokardaky yazylanlar bir wagtlar iatp.edu.tm/logik adresindedi. hazir yok bolup gidipdir. türkmen dilindaki gymmatly maglumatlaryn yitip gitmezligi üçin bari goydum.
-
Bravo
14 years ago
- Thanks farabi! Teswirler bolan bolsa halanlarma goshardym.
Farabi 14 years ago- 1. LOGIKI TARLER
1.1 Pikirlenme.
Tebigata we jemgyýete adamyň aklyny ýetirmegiň duýgy organlaryna maddi dünýäniň zatlarynyň dogrydan-dogry täsir etmegi netijesinde döreýän ten duýgylaryndan başlanýar.
Ten duýgusy maddi zadyň haýsy-da bolsa bir häsiýetini, meselem, gatylygy, reňki we ş. m. biziň aňymyzyň şekillendirmesidir. Aýry-aýry zatlaryň we hadysalaryň biziň aňymyzda bitewi hökmünde şekillenmegi – beýnä ornaşdyrmadyr. Ten duýgylary we beýnä ornaşdyrmalar biziň töwerek daşymyzdaky dünýä hakyndaky bilimlerimiziň çeşmesidir. Emma duygylar we özleşdirmeler – munyň özi hakykata akyl ýetirmegiň başlangyç we iň ýönekeý görnüşidir. Haýsy-da bolsa bir zadyň ösüşi hakyndaky, ýagny onyň döreýşi we üýtgeýşi hakyndaky, meseläni ten duýgysy we beýnä ornaşdyrma arkaly çözüp bolmaz.
Zatlaryň asyl manysyna, baglanyşygyna, olaryň ösüşiniň we üýtgeýşiniň kanunlaryna akyl ýetirmek üçin, adam şol zatlar hakynda duýgy organlarynyň kömegi bilen ten duýgylary we beýin ornaşdyrmalary öz beýnisinde deňeşdirýär, ýamaşgandan işleýär. Oňa pikirlenme diýilýär.
Pikirlenme, hakykata, zat üsti bilen we umumylaýyn akyl ýetirmekdir. Adam turbadan ýokary çykýan tüssäni gören mahalynda “diýmek, peçde ot ýakylypdyr” dien netijä gelýär. “Diýmek, peçde ot ýakylypdyr” dien netijesine gelmäge adama, näme mümkünçilik berdi? Tüsse bilen odyň arasyndaky sebäp baglanyşygyna adamyň düşünenligi mümkünçilik berdi. Peçte ýakylan ot hakyndaky bilimi, adam öwrüm ýol bilen, başga hakykatlaryň kömegi bilen, ýagny zat üsti bilen aldy.
Surat 1.1 Hakykata zat üsti bilen akyl ýetirmek.
Emma iki ýa-da bir näçe zatlaryň arasyndaky sebäp baglanyşygyny bir gezek belli etmek şol zatlaryň hemmesinde bar bolan umumy häsiýeti ýüze çykarmak üçin ýeterlik däldir. Pikir, zatlaryn, diňe bir zatda däl-de, meňzeş zatlaryň bir toparynda bar bolan umumy häsiýetlerini suratlandyrýar. Meselem, hemme ýapraklaryň umumy sypaty bolan ýaşyl reňki biz “hemme ýapraklar ýaşyldyr” dien pikirde beýan edip bileris, weýa guşlara has bolan “uçmak” alamatyny biz “hemme guşlar uçýar” dien pikirde beýan edýäris (umumylaýyn akyl ýetirmek). Duýgyda bolsa diňe biziň görüş organymyza dogrydan-dogry täsir edýan ýapraklaryň reňki suratlanýar.
Surat 1.2 Hakykata umumylaýyn akyl ýetirmek.
Pikirlenme, ten duýgylaryň we beýnä ornaşdyrmalaryň ýönekeý jemi däldir. Obýektiw hakykatyň, zatlarynyň we hadysalarynyň umumy häsiýetlerine, gatnaşyklaryna, kanuna laýyklyklaryna akyl ýetirmek üçiň, adam dürli-dürli logiki tärleri ulanýar. Şolar ýaly esasy tärler şu aşakdakylardyr: deňeşdirme, analiz we sintez, abstraktlama we umumylaşdyrma.
1.2 Deňeşdirme.
Zatlara akyl ýetirmeklik olary biziň duýgy arkaly özleşdirmegimizden, bir-biri bilen deňeşdirmegimizden başlaýar. Deňeşdirme prosesinde, bir zadyň beýlekilerden tapawudy we özine meňzeşler bilen meňzeşligi belli edilýär.
Deňeşdirme – obýektiw dünýäniň zatlarynyň, hadysalarynyň meňzeşligini we tapawudyny ýüze çykarýan logiki usuldyr.
Iki zadyň weya hadysanyň deňeşdirme kadalary:
1. Hakykatda bir-biri bilen haýsy-da bolsa baglanyşyklary bolan zatlary deňeşdirmek gerek. Meselem, 1 we 7 kile almany deňeşdirip bileris, emma 7 kile pagta bilen 5 kilometr ýoly deňeşdirmäniň manysy ýokdyr.
2. Her bir deňeşdirmäniň dogrylygy, deňeşdirmäniň esasyna biziň nämä aljaklygymyza baglydyr. Şeýlelikde, iki geometrik jismi – gyzyl reňkli kub we gyzyl reňkli şary deňeşdirmek bolar. Bu jisimleriň arasynda, reňklerine göre, hiç hili tapawud ýok – ikisiniň de reňki gyzyldyr, emma bu jisimleriň arasynda, şekillerine görä tapawud bar – biri kub, eýlekisi bolsa şar.
3. Belli bir gatnaşykda alynan iki ýa-da bir näçe zady/hadisany belli bir alamat boýunça deňeşdirmek gerek.
1.3 Analiz we sintez.
Her bir zadyň her bir özüniň aýratynlyklary bilen tapawutlanýan böleklerden ybaratdyr. Meselem, hoz iýilmeýän gabykdan we tagamly maňyzdan ybaratdyr. Bir molekul, atomdan we bu atomyň daşynda aýlanýan elektronlardan ybaratdyr. Bir wagtlar tejribe ýüzünde böleklere bölen ozaldan tanyş zada duş gelip, adam pikirinde umumylaşdyran tejribesi esasynda, ony indi pikirinde böleklere bölüp biler. Analiz – zatlaryň, hadysalaryň aýry-aýry böleklerini, häsiýetlerini saýlap aýyryp, olary biziň pikirimizde böleklere bölýän logiki usuldyr.
Eger okuwçynyň öňünde adam bedeniniň gurulyşyny bilmek wezipesi goýulan bolsa, onda, bu meseläni çözmek üçin, adam bedenini aýry-aýry böleklere dargatmak gerek we olaryň her birine özbaşyna garamak gerek.
Surat 1.3 Adam bedeniniň bölekleri – analizi.
Emma adamyň bedeni böleklerden ybarat bolan bir bitewi ýaly işleýän mehanizmdyr we adam bedeniniň her bir böleginiň ähmiýetini we rolyny doly hem-de çuňňur düşünmek üçin analiziň bir özi ýeterli däldir. Analiziň netijesinde biz zadyň diňe aýry-aýry bölekleri hakynda bilim aldyk, emma öwrenilýän zat hakynda tutuş bilim almadyk. Sintez – zadyň, hadysanyň analizde böleklere bölünen aýry-aýry böleklerini biziň pikirimizde bir bitewä birikdirýän logoki tärdir.
Surat 1.4 Adam bedeniniň bölekleriniň birikdirilmesi – sintez.
1.4 Abstraktlama we umumylaşdyrma.
Zada ýa-da hadysa hakyky akyl ýetirmek üçin onyň esasy häsiýetlerini ýüze çykarmak gerekdigini we olary tötän häsiýetlerden aýyrmak gerekligini tejribe görkezýär. Meselem, eger biz öňimizde ençeme zatdan aýna kesýänini saýlap almak wezipesini goýsak, onda biz özimize gerek zadyň beýleki häsiýetleriniň hemmesinden çekilip, abstraktlap, onyň bir hiline – gatylygyna üns berýäris. Abstraktlama – zatlaryň, hadysalaryň esasy häsiýetlerini biziň pikirimizde saýlap alýan we olary zatlaryň, hadysalaryň esasy däl, ikinji derejeli häsiýetlerinden aýyrýan logiki tärdir. Meselem, matematikada, “göni çyzyk” dien abstrakt düşünje uzynlygy noldan uly ýöne ini nola deň bolan matematiki obýekti häsiýetlendirýär. Emma hakykatda ini nola deň bolan jisim ýokdyr.
Abstraktlama prosesinde biz zatlaryň, hadysalaryň häsiýetlerini aýyryp görkezýäris. Emma zada onyň daştöweregi bilen baglanyşyksyz akyl ýetirmek bolmaz. Her bir aýry zat, zatlaryň haýsy-da bolsa bir klasynyň düzümine girýär. Meselem, gawun, çynar, kömelek, bugdaý, çaýyr, gamyş, biz bulary “ösümlik” diýip adlandyrýarys. Umumylaşdyrma – bir meňzeş zatlaryň umumy häsiýetlerini pikirde birleşdirmäge mümkinçilik berýän logiki tärdir.