Türkmen futboly
Türkmen futboly
-
BJK
14 years ago
- Käbir agzalar islediler bilen zatlarymy ýazjak!
-
BJK
14 years ago
- Kimiñ gyzyklanýan soragy bar bolsa beribersin?! Jogaplajak bolaryn!
-
BJK
14 years ago
- Fifa world ranking'de türkmenistan futbol boýunça dünýäde 136-njy ýerde(june, 2010) geçen aý(maý aýynda) 139-njy ýerdedi. Baş tälimçi t-nyñ at gazanan tälimçisi
ýazguly hojageldiýew
(terjimehalyny isleseñiz ýazaýyn).
-
BJK
14 years ago
- Tükmenistanda iñ ýokary derejeli liga 1-nji ligadan soñ ady "ýokary liga" bu ligada jemi 10 sany futbol kluby çykyş edýär! 9 sanysy geçen ýylkylar. 1 sanysy 1-nji ligamyzdan geçdi. Ol klup "ahal". Beýlekileriñem köpüsiniñ ady üýtgedi.
-
BJK
14 years ago
- 1.Httu,
2.balkan,
3.lebap,
4.daşoguz,
5.talyp sporty,
6.altyn asyr,
7.şagadam,
8.merw,
9.ahal,
10.aşgabat
-
BJK
14 years ago
- Nebitçi balkan, turan daşoguz, bagtyýarlyk lebap bolup ady üýtgedi 2010-njy ýylda!
-
BJK
14 years ago
- Edil ýewropadaky çempionat liga soñ uefa'nyñ boluşy ýaly aziýada-da her döwletiñ ligasyndaky çempionlary dürli-dürli ligalarda oýnamaga hukuk gazanýarlar. T-tan biraz pes bolany üçin aziýañ çempionat ligasy däl, uefa hem däl, ondan soñky 3-nji derejeli ligada oýnaýar!
-
BJK
14 years ago
- Ol liganyñ ady "afc presiden's cup"
geçen ýyl httu t-nyñ çempiony boldy we şu wagt şol ligada üstünlikli çykyş edýär! Httu şu wagt ýarym finalda! Bu barada giñişleýin ýazjak...
-
Cwetocek
14 years ago
- Sagja bol bjk! Httu futbol komandasynyn doreyshi barada bilyan bolsan yazaysanyz hemem talimcisi kimka?! Gowja oynayalarda...
-
Goool
14 years ago
- vooo maloc bjk! Hemme bilyan zatlaryny yazsana tm futboly barada, mana gyzykly! kop zat bilemok tm futboly barada?
-
Nechka94
14 years ago
- Tm ler 2014 dunya cempiona gatnasarmyka.
-
BJK
14 years ago
- Httu halkara türkmen türk uniwersitetiniñ talyplarynyñ ýygyndy kluby! 1993'de uniwersitet açyldy. Ýöne komanda 2002'den soñ ýokary ligada çykyş edip başlady. Komandanyñ şowly çykyş etmeginiñ asyl sebäbi oglanlar agzybir! Esasy oýunçylary
berdi şamyradow- hüjümçi, 6 ýyl yzly yzyna bombardir.
Azat garajaýew, şöhrat söýünow, pirmyrat gazakow, rahmanberdi alyhanow, arslan amanow, hemra amandurdyýew, hemaýat kömekow...
Baş tälimçi ýazguly hojageldiýew(t-nyñ ýygyndysynyñ tälimçisi) oýunçylaryñ hemmesi talyp. Ýöne uniwersiteti gutaranlary hem bar!
-
BJK
14 years ago
- Türkmenler 2010'e çykar ýa çykmaz diýip hiç kim aýdyp bilmez! Ýöne şu ösüşi bilen nä bileýin!
-
BJK
14 years ago
- 2014'e diýjek boldum
-
DidarFB
14 years ago
- mena balkanabatda yashanym un nebitchini gowy goryan.yone owup aytdygym dal tm'daky in gowy oyunchylar balkandan chykyar.mysal un:gochguly gochgulyew,rahman alihanow,hemra amanmammedow,hojahmet orazow,geldi garahanow,gurbangeldi durdyew,mammedaly garadanow we bashgada kanday.dogrydami bjk.nesip bolsa bu yil balkan chempion bolarmyka diyan.bjk senem shu barada oz pikirini aydaysan diyan
-
BJK
14 years ago
- Dogry şu ýyl balkan gowy oýunçylar alypdyr! Türkmenistanyñ iñ ökde hüjümçilerinden Didargylyç orazow şu ýyl balkanda oýnaýar we şol komandañ hemme golyny diýen ýaly şol saldy. şu ýyl balkan hakykatdanam çempion bolaýmasa!
Balkan komanda iñ baý klup türkmenistanda!
Balkanda gowy futbolçylar ýetişýär!
Ýöne didargylyç orazow aşgabatly! Edil şu ýyl mämmedaly karadanowa didaryñ uly kömegi degdi! Garaz şu ýyl balkan kluby didargylyç bilen adam!
-
Cwetocek
14 years ago
- Bjk. Kop kop minnetdar!!!
-
DidarFB
14 years ago
- balkanyn taze yash oyunchylaram bar.olaram geljegi bolan oyunchylar
-
Bravo
14 years ago
- Besiktas dost salam! Naili gow tema acypsynay?
Sowallar
1. 10 komanda ba nacesi pes liga dusya nacesi uefamy ligamy ya basga turnira dusya?
2. In gow kaleci kim?
3. Bizde futbol osmegi ucin nameden bashlap nameden gutarmaly own opinion
4. Dashary yurtda oynayan ildeshlermizden haysylarny bilyaniz?
5. Gowy oyuncylarmyzdan simwolik zborny duzup berseniz
...hazirlikce shular...
hosh wagtynyz!
-
Bravo
14 years ago
- Besiktas dost salam! Naili gow tema acypsynay?
Sowallar
1. 10 komanda ba nacesi pes liga dusya nacesi uefamy ligamy ya basga turnira dusya?
2. In gow kaleci kim?
3. Bizde futbol osmegi ucin nameden bashlap nameden gutarmaly own opinion
4. Dashary yurtda oynayan ildeshlermizden haysylarny bilyaniz?
5. Gowy oyuncylarmyzdan simwolik zborny duzup berseniz
...hazirlikce shular...
hosh wagtynyz!
-
Goool
14 years ago
- bjk salawmalikim, mende yene bir soragjyk doredi:
nebitci bilen turanyn ady hacan uytgedildi?
Mumkin bolsa jogap beray +bravoñ soraglaram gyzykly olarada jogap beraysen?
-
Bravo
14 years ago
- Essiledimay bu siyah beyaz?
BJK 14 years ago- Birinjiden ýalñyşyp 3 tema üçin bagyşlañ!