Gudyz uryşda yeňip dolanyp gelyärkä dynç almak üçin düşleyär.Awy gowy göryän gudyz atyna münip öz adamlaryndan daşlaşyar awyna kowalaşyp.Pursat gözläp yören beybars yanyna 10 15 sany adam alyp onyň yzyndan gidyär.Gudyzyň wepaly akylly weziri bar eken .Ol beybarsyň yzyndan gidenini görip gaygy edyär we olam beybarsy yzarlap başlayar.Beybars adamlary bilen şeyle plan gurypdyr.Beybars Gudyzyň elini öpjek yaly edip ellerini tutmaly beylekilerem pyçaklamaly.Bu plan çyndanam amala aşyrylypdyr.Wezir azajyk gijä galypdyr.Emma Gudyz entäk ölmän eken.Wezir Gudyzdan Beybarsy öldürtmegi talap edipdir Gudyz rugsat bermändir.Yenede menden soň Beybarsdan mynasyp adam yok goy Beybars şa bolsyn diyipdir.Gudyzyň erkekligine,geçirimililigine hayran galan wezir Gudyz bilen oz arasynda düynjik eden otyrylşygyny aglap aydypdyr.Gudyz wezire şeyle diyen eken. *ey wezirim!meniň patyşa bolmak höwesim yok bolmandam.yöne oglan wagtym pygamberimiz düýşüme girdi.men ulalyp mangollara garşy söweşjegimi olary yeňjegimi buşlady.şol maksat bilen yaşadym.indi pygamberimiziň sargydyny yerine yetirdim adamlaň arasyndan yok bolyp daga düze gidip derwiş bolyp ybadat edip ahyret uçin birzatlar ýygnap ötip gitjek dünyeden.patyşalygy bolsa beybarsa goyjak şony mynasyp göryän* diyen eken.bulary eşiden beybars duryp bilmän aglapdyr gudyzdan ötünç sorapdyr.ol beybarsy bagyşlapdyr we şol bada päk ruhy beyik allanyň huzyryna göterilipdir.gudyzyň ölenini eşiden bütin goşyn ses edip aglapdyr.edermen adylly batyr söygüli hökumdarlaryna garaşyp duran halkyň öňune gudyzyň tabydy getirilipdir.adamlar ses edip aglapdyrlar birnäçe gün yas tutypdyrlar müsirde we bütin musulman yurtarynda.yüreklere gan öydüren bu pajygaly ölüme hyýanata näme sebäp boldyka? indiki gezek.........

Köneler, Batyr1986 tarapyndan 9 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir