Himiki ýarag öndürijiler Ösümliklerde-de immunitet ulgamy bar. Her bir jandara, goranmagy üçin, immunitet ulgamyny beren Beýik Ýaradan ösümliklerde-de täsin goranyş ulgamyny ýaradypdyr. Ýaňy-ýakynda alymlar ösümliklerde “žasmonatlar” diýilip atlandyrylýan täze bir himiki habar beriş ulgamynyň üstüni açdylar. Bu habar beriş ulgamynyň işleýşi süýdemdirijileriňkä çalymdaş. Bir ýerde näsazlyk ýüze çykan ýagdaýynda, bedeniň beýleki ýerlerinde üýtgeşik bir reaksiýanyň döremegine sebäp bolýan himiki maddalar öndürilip başlanýar. Mysal üçin: özüni zäherli nikotin bilen goraýan bir ösümlik, howp abananda — meselem, gurçuk ösümligiň ýapragyny gemrip ugranda, `žasmonik kislota` diýlip atlandyrylýan himiki maddany öndürmäge başlaýar. Öndürilen nikotin, ýapragyň üst tarapyna ýollanylyp, bu himki maddanyň mukdary artdygy saýyn, iň kejir mör-möjekler hem ýapragy gemirmekden ýüz öwürmeli bolýarlar. Käbir ýapraklar her 1 gram ýaprak dokumasyndan 120 milligram nikotini öndürip çykarmaga ukyplydyr. Bu mukdar 100 sany filtersiz çilimde bar bolan nikotinden hem köpdir. Dr. Alan Brown bilen dostlarynyň eden işleriniň netijesinde ösümliklerde üç etaply immunitet ulgamynyň bardygy anyklanyldy. Alymlar mör-möjege duçar bolan ösümligiň biohimiki gurluşynda dörän üýtgeşikligiň her pursadyny anykladylar. Şoňa görä bir liçinka(gurt), ösümligiň ýapragynda hereket edip başlanyndan iň köp 10 sekunt soň, ösümlik :superoksit: diýilýän maddany bölüp çykarýar. Ýöne immunitet ulgamy munuň bilen çäklenmeýär. Eger howp ýene-de dowam edäýse, ösümlik bu gezek 20 sekundyň içinde başga bir himiki madda bolan :klorofil floresan: öndürmäge başlaýar. Eger bu gezek hem howp abanýan bolsa onda ösümlik üçünji gezek, :gamma-aminobutrik kislota:(GABA) maddasynyň öndürilmegini çaltlaşdyrýar. Şeýlelikde gorag doly amala aşyrylýar. Ösümligi möjek ýaralamazdan öň bu goranyş ulgamynyň işläp başlamagy diýseň täsin galdyryjy hadysadyr... Ösümlikleriň öndürýän bu himiki maddalaryň formulalary örän çylşyrymlydyr. Onsaň hem bu maddalary emele getirýän elementler inçe hasaplar bilen saýlanyp, belli bir maksatnama esasynda birleşdirilmeli. Eger haýsy hem bolsa bir etapda ýalňyş elementleri saýlanyp alynaýsa, düýgöter başga bir maddanyň dörejegi mese-mälim. Eger şeýle bolaýsa öndürilen maddanyň möjege garşy täsiri bolmaz we ösümlik zyýanly möjekler tarapyndan tükener. Ýene-de bu maddanyň möjege täsiri bolmagy üçin, ösümlik hökmany suratda möjegiň metobolizmini-de bilmelidir. dbeEtel ösümligiň möjegiň metobolizmni biler ýaly akly, beýnisi ýok... Käbir ösümlikler bolsa möjegiň bölüp çykarýan maddalaryny dadyp, özlerini haýsy möjegiň gemirýändigini bilýärler we şol möjegiň görnüşine görä-de garşylyk görkezýärler. Mekge, pagta we şugundyr ýapraklary, (Spodoptera exigua) maşgalasyna degişli gurçuklaryň hüjümine garşy daşardan kömek soraýar. Olaryň bu habar beriş ulgamy diýseň täsin galdyryjy. Ýapraklar gurçugyň öndürip çykarýan :wolistin: atly maddany duýan mahaly, howada täsin bir ys ýaýyp, gurçuklary awlaýan ýabany arylary(Cotesia marginiventris) öz ýanyna çagyrýar. Biziň üçin juda ähmiýeti bolmadyk bu barlyklarda, inçe hasap bilen işledilýän şeýle ulgamlary göreniňde “Bulary kim şeýle ýaratdyka?” diýmän bolmaýar.

Köneler, NB tarapyndan 13 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir